Türkmen halysy — türkmeniň kalby

28 Maý 2023
436

Türk­men di­ýe­niň­de, ilki bilen, ha­ly, du­tar... ýa­dy­ňa düş­ýär. Özün­de tu­tuş hal­kyň ah­wa­ly­ny jem­läp bi­len gö­zel­li­giň mu­kad­des­li­ge de­ňel­me­gem şon­dan. Te­bi­ga­tyň ro­ýy si­ňen, ene-ma­ma­la­ry­my­zyň yla­hy yh­la­syn­dan dö­rän bu sun­gat, öw­gä ýa ta­ry­pa mä­täç däl. Ol — hal­kyň ha­ly, ha­la­ty. Ol — türk­me­niň kal­by...

Ine, şu­lar ba­ra­da düýn paý­tag­ty­myz­da Türk­men ha­ly­sy­nyň baý­ra­my my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len da­ba­ra­da hem uly buý­sanç, joş­gun bi­len bel­le­nil­di. Türk­men ha­ly­sy­nyň mil­li mu­ze­ýin­de ýaý­baň­lan­dy­ry­lan da­ba­ra sä­her bi­len hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň çe­per el­li ha­ly­çy­la­ra we ýur­du­my­zyň äh­li hal­ky­na ibe­ren Gut­lag ha­tyn­dan ba­dal­ga al­dy. Açy­lyş da­ba­ra­sy ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri­niň ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­de aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry bi­len ut­gaş­dy. Oňa Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy, ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, Türk­me­nis­tan­da­ky da­şa­ry ýurt­la­ryň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, şeý­le hem ýur­du­my­zyň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Sahypany taýýarlan: Sadap MUHAMOWA, «Biznes reklama».