Hindistanda hyýalym

26 Maý 2023
573

Halkymyzda gül sowgat etmek däbi ir döwürlerden dowam edip gelýär. «Şasenem—Garyp» dessanynda aşyk ýigit Garyp özüni tanatmazlyk üçin Şasenemiň köşgüne bagbana kömekçi bolup barýar. Ol her gün Şaseneme ter güllerden çemen bogup ugradýar. Şasenemiň: «Ýaryň güli geldi, özi gelmedi» diýen sözleri dillerde sena bolup, şu günki güne çenli aýdym edilip aýdylýar.

Güller hakynda söz açylanda, göz öňüňde Hindistan, bu topragyň gözelligi janlanýar. Hindi filmlerine tomaşa edip, hindi aýdymlaryny diňläp ulalanlygymyzdanmy, bu ýurt bize ýakyn görünýär. Filmlerden bize tanyş bolan hindi topragy durşuna gülzarlyk. Ýylyň ähli paslynda ýaşyl öwüsýän bu owadan topragy synlanyňda, Magtymguly atamyzyň «Ýaryň ýagşysyn» diýen şygryndaky: «Hindige bagş eýläp ýeriň ýagşysyn» diýen setiri seriňe gelýär. Hindistanda ýedi görnüşli toprak bolup, ol, esasan, gyzyl reňklidir. Esasy ekini şeker-çiňrigidir. Hindiler ösdürip ýetişdiren owadan güllerinden ýasan bezeglerini boýunlaryna dakýarlar.

Dursun JUMAÝEWA,
Lebap welaýatynyň Halaç etraby, mirasgär.