Mil­li gym­mat­lyk­la­ra sarpa

28 Maý 2023
547

Ene-ma­ma­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan mil­li sun­ga­ty­myz asyr­lar aşyp, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ýe­tip­dir. Mil­li sun­ga­ty­myz has-da baý­laş­dy­ry­lyp gyz-ge­lin­le­riň ýü­rek be­ýa­ny­na öw­rü­lip­dir. Bu tä­sin gö­zel­li­giň dö­reý­şi ha­ly­da çi­ti­me, keş­de­de gaý­ma ge­çi­ri­lip, aý­ra­tyn öwüş­gin bi­len be­ýan edi­lip­dir. Bu ne­pis sun­ga­tyň dö­re­me­gi türk­men hal­ky­nyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­ny gö­zel­li­ge gap­lap­dyr. Hal­ky­myz ha­ly önüm­leri bi­len öý­le­ri be­zäp­dir­ler. Ge­lin-gyz­la­ryň hü­nä­ri bo­lan keş­de­dir gaý­ma­lar di­ňe egin-eşik­le­ri be­ze­män, eý­sem, sa­çak­dyr el­ýag­lyk hök­mün­de hem ula­ny­lyp­dyr. Türk­men mil­li­li­gi­ni, gö­zel te­bi­ga­ty­ny, jan­ly-jan­da­rlary, äh­li gö­ze gö­rün­ýän gym­mat­ly­gy ne­pis sun­gat­da be­ýan edip bil­mek us­sat­lyk ha­sap­la­nyp­dyr. Hä­zir­ki döw­rü­miz­de hem ha­ly önüm­leri has gö­zel gör­nü­şe ge­lip, olara gym­mat­ly baý­lyk hök­mün­de ga­ral­ýar.

Ady äle­me do­lan türk­men ha­ly­sy maş­ga­la­da ene­den ag­ty­ga, ag­tyk­dan çow­lu­ga, çow­luk­dan ýuw­lu­ga geç­ýän gym­mat­ly mi­ras­dyr. Türk­men maş­ga­la­syn­da ke­ma­la ge­len gyz­ja­ga­zyň gul­pak­ly döw­rün­den «ene­me meň­zä­sim gel­ýär» di­ýen buý­sanç­ly söz­le­ri, el iş­le­ri­ni öw­ren­mek­de er­jel­li­gi­ni, yh­la­sy­ny gör­kez­ýär. Maş­ga­la­da şeý­le in­çe se­net bi­len zäh­me­te ug­ruk­dy­ry­lan gyz ça­ga­da mak­sa­da ok­gun­ly­lyk, asyl­ly­lyk, ag­ras­lyk ýa­ly sy­pat­la­ryň jem­len­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Mil­li ter­bi­ýä­niň göz­ba­şy maş­ga­la­dan baş­lan­ýar. Bu gym­ma­ty ýit­me­ýän in­çe sun­ga­ty türk­men ze­na­ny­nyň ter­bi­ýe­sin­de gör­mek mil­li ruh­da­ky ter­bi­ýe bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

Şe­ker ARAZ­BER­DI­ÝE­WA,
Be­ki Seý­tä­kow adyn­da­ky Mu­gal­lym­çy­lyk mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.