On barmagyň hünäri

26 Maý 2023
562

Türkmen halylary aýal-gyzlaryň irginsiz zähmeti, müňýyllyklaryň dowamynda taplanan zehini bilen nesilden-nesle geçip, şu günlerimize gelip ýetipdir. Haly türkmen maşgalasynyň ýakyn hemrasydyr. Haly we haly önümleri öýüň düşegi, esasy esbaby, toýlaryň bezegi bolmak bilen, olary taýýarlamagyň terbiýeçilik ähmiýeti hem örän uludyr. Akylly-başly, edepli, işeňňir nesilleri ýetişdirmekde akyl we zähmet terbiýesiniň orny örän uludyr.

Gahryman Arkadagymyz «Arşyň nepisligi» atly kitabynda: «Zähmet terbiýesi — akyl terbiýesiniň düzüm bölegidir. Çünki zähmet terbiýesi bolmazdan, akyl terbiýesi gözelligi dowamata uzaltmak wezipesini ýerine ýetirerden asgyn geler» diýip belleýär. Bu aýdylanlardan görnüşi ýaly, edepli nesli ýetişdirmek üçin akyl we zähmet terbiýesiniň ikisi hem bilelikde zerurdyr.

Akjagül NURGELDIÝEWA,
TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty.