Haly — köňül ylhamy

26 Maý 2023
596

Haly — türkmeniň kalby, gyz-gelinlerimiziň döreden gözellik nusgasy. Şeýle bolansoň, el halylarymyz biziň milli buýsanjymyzdyr. Türkmen halylaryna geçmişde-de uly gyzyklanma bildirilipdir, häzirki günde-de bu gözellik nusgasyna isleg uludyr. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaplarynda gymmatly pikirler öňe sürülýär. Dünýäniň gadymy tapyndylarynyň hataryna girýän «Pazyryk» halysynyň alymlar tarapyndan türkmeniň halyçylyk sungatyna degişli edilmegi bu senediň taryhy kökleriniň gadymyýetden gözbaş alýandygyny subut edýär.

Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA,
žurnalist.