Halkymyzyň milli gymmatlygy

26 Maý 2023
568

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen gözelligi hem kämilligi boýunça deňi-taýy bolmadyk, dünýä meşhur halylary döredýän çeper elli ussatlaryň hormatyna ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramynyň dabaraly ýagdaýda giňden bellenilmegi Türkmenistanda dokmaçylyga, aýratyn-da, halyçylyga uly üns berilýändigini aňladýar.

Halyçylyk sungaty merdana zenanlarymyzyň umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan deňsiz-taýsyz goşandydyr. Türkmen gelin-gyzlarynyň irginsiz yhlasy, tutanýerli zähmeti bilen döreýän nepis göller türkmeniň gadymy taryhynyň halylara çitilen beýanydyr. Halkymyzyň pähim-paýhasyndan, zehin-yhlasyndan kemala gelen halylarymyz hiç haçan bahasyny ýitirmejek milli gymmatlygymyzdyr. Halyçylyk — türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň iň gadymy görnüşleriniň biridir. Türkmeniň mukaddes öý-ojagyny halysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu gün halylarymyzyň ajaýyp gölleri ýurdumyzyň esasy döwlet nyşanlary bolan Baýdagymyzy hem Tugramyzy bezeýär. «Haly türkmeniň kalbydyr». Türkmeniň sungata öwrülen halylary halkymyzyň tutuş adamzadyň medeni hazynasyna goşan ajaýyp goşandydyr.

Çemen REJEPOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy.