"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Halypalaryň ýaşlyk albomyndan

Suratda: Türkmenistanyň halk artisti Begmyrat Gutlymyradow şägirtleri Osman Güjümow we Kyýas Durdyýew bilen sapak wagtynda (1994-nji ýyl).

Keramat ojagy

Türkmen tamdyry keramatdyr. Çünki oňa pederlerimiziň asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdan akyl-paýhasy siňendir. Şonuň üçin hem türkmen tamdyr-ojagyny gapysyndaky metjit-mähraby kimin arzylaýar. Mukaddes tamdyry ýasamak işi öz içine hiç bir halkyňka meňzemeýän birnäçe täsin däpleri alýar. Ilki tamdyryň salynjak ýeri kesgitlenipdir. Ene-mamalarymyzyň irki döwürlerde aglak çagany ýa-da göwreli gelni anna güni tamdyryň daşyndan üç gezek aýlamagy hem milletimiziň bu keramata gadymdan bäri uýup gelýändiginiň nyşanydyr. Ol il agzybirligini hem aňladýar. Halkymyz, çörek bişirilýän wagtynda, tamdyryň başynda içilen suwy, iýlen çöregi hem sogap saýypdyr. Enelerimiz çörek bişirenlerinde, tamdyryň başynda ýagşy dilegler edip, çörekleri çykaryp bolandan soňra, öten-geçenleriň ruhuna hem-de rysgal-berekediň artmagynyň haýryna aýat-töwir edipdirler. Elbetde, bu däp milletimiziň ata-babalaryna, mukaddes topragyna, keramatly tamdyryna goýýan sarpasynyň diňe birje bölegidir. Türkmeniň her bir edim-gylymynda bolşy ýaly, çörek bişirmekde hem zenanlara ene-mamalarymyzdan arkama-arka özboluşly inçelik, bu kesbiň ýazylmadyk kada-kanunlary geçip gelýär. Iň bärkisi, çöregi söýemän, arkasyny-ýüzüni deňje gyzartmak hem ussatlygy talap edýär. Bu barada «Oduňy aýama, çöregi söýeme» diýen ata-babadan gelýän dana söz bardyr.

Manyly ömri mekdepdir

«Ýaşaýyş eneden başlanýar» diýen söz  rast. Ene mukaddeslik, edil şonuň ýaly ene hakdaky gürrüň hem mukaddesdir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ene diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Kalbymyzda mydamalyk orun alşy ýaly, eneli günlerimiz bizi durmuşda-da köp zatlara borçly edýär. Biz islendik işiň başyna barmazdan ozal, ejemiz bilen maslahatlaşmaga, onuň ak pata bermegine howlugýarys. Çünki eneleriň ak pata bermegi bilen başy başlanan işleriň şowuna bolýandygyny durmuş hakykaty ýyllaryň, asyrlaryň dowamynda subut edip gelýär. Halkymyzda: «Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr» diýen parasatly sözleriň nesilden-nesle geçip gelmeginde hem uly many bar. Eneler hakda kän-kän eserler ýazyldy, filmler surata düşürildi, ol mähribanlara bagyşlanan goşgulardan aýdymlar döredi. Enelere bagyşlanan her bir işde, onuň keşbini mynasyp döredip bilmekde uly jogapkärçilik bar. Nusgalyk işleri bilen eziz Diýarymyzyň oňyn özgerişlerine goşant goşup, kemally perzentleri ösdürip ýetişdirýänem, olary il hataryna goşup, Watanyň ygtyýaryna berýänem mähriban enelerimizdir.

Nesillere nusgalyk ýol

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň mähriban kyblasy, Watanyň wepaly Ogly — Içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk we manyly ömür ýoly biziň her birimiz üçin görelde mekdebi bolup durýar. Mälikguly aga ýaşan manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş edip, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezdi. Onuň şeýledigini Mälikguly aganyň geçen ömür ýoluna ser salanyňda hem anyk göz ýetirýärsiň. Ýagny, Gahryman peder 1952-nji ýylda harby gulluga çagyrylmagy bilen, ilkinji gezek harby lybasy geýýär. Gulluk döwründe Mälikguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Çyrçyk şäheriniň kiçi serkerdeleri taýýarlaýan mekdebinde okap, harby gullugyny 1954-nji ýylda kiçi leýtenant harby ady bilen Gyrgyzystanyň Oş şäherinde ýerleşýän Dag atyjylyk harby bölüminde wzwod serkerdesi bolup dowam edýär.

Sahawatly ýörelgeler dowamdyr, halka ýalkaw, ýurda şöhratdyr, şandyr!

Kitaplar dünýäsi! Ynsan aňynyň kämilleşmegi üçin giňden açylan gapy. Taryhyň  gatlaryna  ser salanymyzda, biziň döwrümize ýetip gelen kyssalardyr eposlaryň, şahyrlaryň şygyrlarydyr rubagylarynyň  halkymyzyň ruhy dünýäsiniň şuglasy bolup ýalkym saçýandygyna şaýat bolýarys. Hakykatdan hem kitaphon, şahandaz halkymyzyň kitaba mukaddeslik hökmünde garandygyna, şahyrlaryň şygyrlaryny aýdyma salan bagşylara uly hormat goýandygyna gojaman taryhyň saralan sahypalary  şaýatlyk edýär. Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasyndaky guba düýesini kitaba çalşan Welmyrat aganyň  keşbi bolsa, ylym-bilime muşdak türkmen halkynyň arassa kalbyny açyp görkezýär. Halkymyzda toýa sowgat-serpaýly barmak ýagşy ýörelge bolupdyr. Döwlet baýramçylyklary mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň  pähim-paýhasa ýugrulan gymmatly eserleri halkymyza sowgat etmegi ajaýyp däbe öwrüldi.   Gymmatly maglumatlary özünde jemleýän, ýaş nesle watanperwer, ilhalar nesiller bolup ýetişmegi ündeýän ajaýyp kitaplar bolsa halkymyz üçin   mukaddes gollanma bolup hyzmat edýär.

Magtymguly we kitaplar dünýäsi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyşlarynda hem-de durmuşy-filosofik eserlerinde kitap okamagy degişli tymsallar bilen nygtaýar. Akyldar şahyrymyzyň döredijiliginiň uly ähmiýete eýediginiň sebäbini Gahryman Arkadagymyz şahyryň goşgularynyň süňňünde onuň halypalarynyň hem-de okan eserlerindäki gymmatly pikirleriň saklanýandygy bilen düşündirýär. Derwaýys pikirlerini Magtymguly Pyragynyň halkyň milli tejribesine eýlenen goşgy setirleri bilen tekrarlaýar.  Akyldar şahyrymyzyň mertebesini halkara  derejesinde dabaralandyrmak boýunça yzygiderli işleri amala aşyrýar. Magtymguly Pyragy Gündogara we dünýä mälim şahsyýetleriň eserlerini we olar barada ýazylan eserleri okapdyr. 

Kämil sungatyň ajaýyp nusgasy

Şu gün biziň birleşmämiz tarapyndan etrabymyzyň Sakar şäherindäki medeniýet öýünde tutumly çäre geçirildi. «Türkmen halkynyň milli mirasy kämil sungatyň ajaýyp nusgasydyr» diýlip atlandyrylan söhbetdeşlige kümüş saçly zenanlar, çeper elli gelin-gyzlar gatnaşdylar. Gözbaşyny Oguz han atamyzdan alyp gaýdýan halkymyzyň baý medeni mirasy bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şol bahasyz baýlygy aýawly saklamak, kämilleşdirmek we dünýä ýaýmak ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Bu halk bähbitli işiň başynda Gahryman Arkadagymyz bilen Arkadagly Serdarymyz durýar. Alnyp barylýan işler täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Ýakynda Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa agtyklary bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde bolup, oňa Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň taýýarlan, geljekki nesillere miras goýan alajalaryny we alaja taýýarlamakda ulanan iş guralyny tabşyrmagy örän tolgundyryjy we ýatda galyjy waka boldy. Ýokary adamkärçiligi, çeper el işleri bilen nesillere görelde bolan Ogulabat ejäniň manyly ömri we nusgalyk el işleri hemmeler üçin görelde mekdebidir. Söhbetdeşlikde çykyş edenler bu barada giňden durup geçdiler we ýaşlary milli mirasymyza söýgi ruhunda terbiýelemekde, ýaş gyzlaryň arasynda ene-mamalarymyzyň asyrlardan aşyp gelýän ajaýyp çeper el işlerini wagyz etmekde,

Ol goja senetkär...

«Kiçiligimden bäri meniň üçin, atam-enemiň sözleriniň ýeri bir aýry, dutaryň owazam bir aýry boldy» diýip, türkmen dutaryna uly sarpa goýýan halypa mugallym hem ussa bu senedi ele almazdan öň, alnyňa sylmagy ündeýär. Il içinde Öwez mugallym diýip tanalýan Meretmyrat Amansähedow 1943-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Gökdepe etrabynyň Ahal obasynda dogulýar. Biregne 56 ýyl bäri obalaryndaky 5-nji orta mekdepde rus dili we edebiýaty mugallymy bolup zähmet çekip gelýän, pespäl, hoşgylaw goja, aýdymda aýdylyşy ýaly, «Bu türkmeniň goşa-goşa täjiniň...» biri — dutar ýasamagy hem hünär edinen adam. Biz hem dutar senetçiligini söýüp, ony hünär edinen halypa ussa Öwez aga birnäçe sowal bilen ýüz tutmagy makul bildik. — Öwez aga, dutar senetçiligine baş goşmagyňyza näme sebäp boldy?

Ependiniň şorta sözleri

Diňe sarysy galypdyr Günlerde bir gün Ependiden: — Erik agajy nähili agaç bolmaly? — diýip sorapdyrlar. Ependi: — Ol agaç bir wagtlar ýumurtga getirýän agaç eken. Onsoň günlerde bir gün güýçli doly ýagyp, ýumurtgalaryň agy gidipdir. Ine, şondan soň onuň diňe sarysy galypdyr. Olary hem indi siz ol agaçda görýärsiňiz — diýip jogap beripdir.

Gadymy gala

Taryhymyza ser salsak, geçmişde döwletimiziň çäginde köpsanly ösen ilatly mekanlaryň bolandygy baradaky maglumatlara duş gelmek bolýar. Amyderýanyň boýlarynda hem şeýle ilatly mekanlaryň ençemesi ýerleşýär. Şolaryň biri-de Halaç etrabynyň Halaç geňeşliginiň çäginde ýerleşýän Hallajy gala arheologiki ýadygärligidir. Gala ýerli ilat tarapyndan «Ajy gala» diýlip hem atlandyrylýar. Häzirki wagtda galanyň golaýynda ýerleşýän obanyň ilatynyň arasynda ajy tiresiniň wekilleriniň ýaşap, mesgen tutmagy şeýle adyň gelip çykmagyna sebäp bolandyr diýip çaklamak bolar. «Hallajy» ady bolsa galanyň üstünde bir şahsyýetiň mazarynyň ýerleşýändigi bilen baglanyşyklydyr.

Alaja — el işleriniň seresi

Biziň gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý medeni mirasymyz bar. Şol milli gymmatlyklarymyzyň häzirki günlerimize gelip ýetmeginde zenanlarymyzyň paýy uludyr. Olar özleriniň zehini, yhlasy bilen dünýä nusgalyk el işlerini döredipdirler. Türkmen zenanlary el hünäriniň aýratyn görnüşleri bolan alaja örmek, jähekdir aldymgaç kakmak başarjaňlygy bilen hem tanalýarlar. Çeper elli aýal-gyzlarymyz dürli reňkli ýüpek sapaklardan taýýarlanylýan jähekdir aldymgaç ýüpleri bilen milli lybaslarymyzyň gyrasyny bezäpdirler, işilen alajalary oturdypdyrlar. Alajalar adamy gözden-dilden goraýar diýlip yrym edilse, jähekdir aldymgaçlar lybaslara berklik, pugtalyk üçin tutulypdyr. Alajalaryň nämährem nazarlardan goraýandygyna ynanan enelerimiz olary bala-çagalarynyň boýnuna, goşaryna dakypdyrlar. Öýleriň gapysyna, hojalykda ulanylýan zähmet gurallaryna, sygyr, düýe ýaly mallara, uçar ganatymyz bolan bedew atlara hem alaja dakmak halkymyzyň asylly däbidir. Alajanyň görnüşleri dürli-dürli. «Ýönekeý alaja», «goşma alaja», «gyýakly alaja», «älem alaja» tow berlip işilýär. «Çigildem alaja», «okgöz alaja», «gyraly alaja», «çyzykly alaja», «bugdaý baş alaja» ýaly görnüşleri bolsa, barmak bilen örülýär. Sapaga tow berilýän wagty çekibräk saklasaň, alaja endigan düşýär.

Ak öýleriň, giň törleriň ýaraşygy

Üstümizdäki ýylyň maý aýynda kilim dokamak sungatyny ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna hödürlemek teklip edilipdi. Özi-de bu teklibiň ilkinji gezek biziň welaýatymyzda, ýagny, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Türkmenistan —ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» diýen at bilen geçirilen maslahatda öňe sürlendigini ýatlamak ýakymly. Çünki milli mirasymyzyň esasy gymmatlyklarynyň biri bolan kilimler köp asyrlardan bäri ak öýleriň, giň törleriň ýaraşygy hasaplanylýar. Ýurdumyzyň halkara guramasy bilen has ýygjamlaşýan hyzmatdaşlygyna esaslanyp, halkymyzyň bu inçe senediniň hem tiz wagtda abraýly sanawa goşuljakdygyna ynam bildirmek bolar. Etrabyň Mekan geňeşliginiň hojalyklarynda hem kilim dokamaklyk ýörgünli dowam etdirilýär. Biz ýedi onlugy arka atan Akbike mamanyň döwletli ojagynda myhmançylykda bolanymyzda hem milli sungatymyzyň bu ýoluny has kämil derejä göterýän gelin-gyzlaryň kändigini görüp guwandyk. Maşgalanyň körpe gelni Nabadyň hereketlerinden görnüşi ýaly, kilim dokamak bu hojalyga täze girizilen kesp däl. Özi-de hojalyk işleriniň ýany bilen wagt tapyp bilýän işeňňir zenanyň elinden çykan, has kämil görnüşe eýe bolýan kilimler tebigy boýaglar bilen boýalan ýüňden dokalýar. Sungatyň bu ýolunda çagalykda öwrenenleriniň üstüni eltisi Aksoltan gelnejäniň göreldesi bilen dolduran Nabadyň deň-duşlary Güller, Güljan, Aknur, Bossan, Aýnur dagy hem indi obada bu işiň ussatlary

Ýargyjak

Men mirashanalarda ýargyjagy köp gezek görenem bolsam, ony el degirmenidir öýdüp, üns bermeýän ekenim. Ýargyjak bilen degirmen belli bir derejede meňzeşräk hem bolsa, olaryň ýerine ýetirýän işleri biri-birine meňzemeýär. Degirmen bugdaýy, jöweni, daryny üwäp un edýän bolsa, ýargyjak şalynyň daşynyň gabygyny aýyrýar. Ýagny şalyny gaýtadan işläp, tüwi edýär.

Milli mirasymyza belent sarpa

Bilşimiz ýaly, ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine milletiň käbesi Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleriniň ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemekdäki ähmiýeti bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çäreleri giň gerim alýar. Munuň şeýledigine Türkmen halysynyň milli muzeýinde, Arkadag şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda, Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde geçirilen çäreler şaýatlyk edýär. Olar halkymyzyň milli mirasymyza, hususan-da, alaja ýaly el işlerine söýginiň barha artýandygyny görkezdi. Ogulabat ejäniň ören alajalarynyň, olary taýýarlan iş guralynyň onuň mähriban gelni Ogulgerek Berdimuhamedowa tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrylmagy milli mirasymyza belent sarpanyň aýdyň beýany bolup, halkymyz tarapyndan uly buýsanç bilen garşylandy. Geçilen menzillere ser salyp, ene-mamalarymyzyň miras goýan el işlerinden nusga a

Düýeýüň guşak

«Çöl gämisi» diýlip atlandyrylýan düýe mydama çölde gezýär. Düýeler ýasydan gelen ýumşak dabanlary bilen çölüň niresinde gezseler-de, topragyň üstki gatlagyny bozmaýarlar. Ýaz paslynda çarwa obalaryna barsaň, eneleriniň ýanynda näzik bozlaýan köşejikleri görmek bolýar. Biziň halkymyz düýe ýüňüne halallyk hökmünde garaýar. Düýäniň ýüňi örän arassa bolýar. Onuň segsen göterimi ýumşak ýüň hasaplanýar. Düýeler örä gidenlerinde gelin-gyzlarymyz olaryň garynlarynyň aşagyna halta daňyp goýberipdirler. Şeýdip, düýäniň ýüňi şol haltanyň içine ýygnanypdyr. Ene-mamalarymyz düýe ýüňüniň ýylylyk saklama häsiýetine has irki wagtlardan göz ýetiripdirler. Ondan ýorgan, çäkmen, guşak, milli saçak taýýarlapdyrlar. Düýe ýüňünden guşak dokamak üçin erkek düýeleriň gapyrgalarynyň, boýnunyň ýüzünden 1,5 kilograma barabar bolan ýüňi alyp, çygly ýerde ýaýradyp goýupdyrlar.

Ajaýyp gollanma

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň türkmen jemgyýetini döwrebaplaşdyrmak syýasaty ýaşlar babatynda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine gönükdirilendir. Ýurdumyzda ösüp gelýän nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli amatlyklar, möhüm şertler döredilýär. Ýaşlaryň hak-hukuklarynyň ygtybarly goragy üpjün edilýär, ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, şeýle-de ýaşlar birleşikleriniň hukuklaryny amala aşyrmagy kepillendirmäge gönükdirilen Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek, onuň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynda döwletimiz tarapyndan bu ugurda alnyp barylýan syýasata içgin syn berilýär. «Hakydada orun alan pursatlar» atly bölümde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny berkitmek, döwrebap lukmançylyk-şypahana hyzmatlaryny ýola goýmak, çagalaryň sagdyn ösüşini üpjün etmek, ýaşlary ählitaraplaýyn goldamak ýaly möhüm işleri durmuşa geçirmek boýunça gazanylan guwandyryjy netijeler beýan edilýär. Hususan-da, bu bölümde Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçl

El işleri — nesillere görelde

Milletiň käbesi Ogulabat ejäniň ören alajalarynyň we alaja örmekde ulanan iş guralynyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrylmagy türkmen zenanlarynyň bu sungata buýsanjyny has hem artdyrdy. Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet öýünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap guramasy tarapyndan  «El işleri — nesillere görelde» diýen at bilen geçiren maslahatymyz hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň bu şanly wakasyna bagyşlandy. Oňa kümüş saçly enelerimiz, bilim we terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri, medeniýet we sungat ussatlary we ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzy ösdürmek, ony dünýä ýaýmak ugrunda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler dogrusyndaky çykyşlara giň orun berildi. Bagtyýar zenanlarymyz el işleriniň bir görnüşi bolan alaja örmegiň we bu täsin sungatyň gündelik durmuşymyzda tutýan orny dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Özüniň manyly ömrüni gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelen el hünäriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine bagyşlan Ogulabat ejäniň nusgalyk ýoly baradaky çykyşlar mährem zenanlarymyzda uly täsir galdyrdy. Şonuň ýaly-da edilen çykyşlarda el işleriniň ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Soňra maslahata gatnaşyjylar etrabyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýleriniň gurnak agzalarynyň guran sergisine tomaşa etdiler.

Gözellige dünýä aşyk

Gözelligi bilen akylyňy haýran edýän gymmatlyklaryň ählisine-de nepislik mahsus. Başgaça aýtsak, gözellik nepislikden döreýär. Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi, hormatly Prezidentimiziň enesi Ogulabat ejemiziň elinden çykan alajalar hem nepislikden dörän gözelligiň hut özi. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň käbesi, Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa tarapyndan Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrylan gymmatlyk muzeýiň arzysynam, gelim-gidiminem ozalkysyndan ep-esli artdyrdy. Gözel zatlaryň şuglasynyň dünýä ýetýändigini bolsa şu günler ýurdumyzyň sebitlerinde yzly-yzyna geçirilýän dabaraly maslahatlar hem subut edýär. Şeýle maslahatlaryň biri ýakynda Lebap welaýat häkimliginde geçirildi. Ol «Nepislik äleminiň soltany» diýlip atlandyryldy. Welaýatyň zähmetde we jemgyýetçilik işinde öňdebaryjy zenanlarynyň hem-de talyp gyzlaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahat Ogulabat ejäniň elinden çykan gözelligiň ýüreklere çaýan şuglasynyň beýanyna öwrüldi.

Miras

Alaja bagyşlanan söhbetdeşlik Mary şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň guramagynda “Alaja aladyryn — nagyşda läledirin” temada okyjylar bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda kitaphananyň usuly bölümçesiniň usulçysy Nursoltan Ataýewa çykyş edip: “Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat ejäniň elinden çykan nepisligiň, ýagny, mähir siňdirip ören alajasynyň hem-de olary örmekde ulanan iş guralynyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurylmagy bagtdan paýly günlerimize nuranalyk çaýdy. Ençeme gymmatlyklary, şol sanda alajany hem nesilden-nesle geçirip gelýän enelerimiziň nusgalyk ýoly biz — ýaşlar üçin ýol-ýörelgedir” diýip belläp geçdi.

Nepislik äleminiň soltany

Türkmen zenanlarynyň zehininiň, yhlas-höwesiniň miwesi bolan el işleri dünýäde uly meşhurlykdan peýdalanýar. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň çeper ellerinden dörän alajalar, kürte hem gyz-gelinlerimiz üçin nusgalykdyr, görelde mekdebidir. Golaýda Milli Liderimiziň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa agtyklary bilen Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde bolanynda, Ogulabat ejäniň alaja taýýarlamak üçin ulanýan guralynyň güjüm agajyndan edilendigi barada gürrüň berdi. Soňra Ogulabat ejäniň nesillere miras goýan alajasy we alaja taýýarlaýan iş guraly muzeýe gowşuryldy. Bu hoş habar külli türkmen ilinde begenç-buýsanç duýgusyny döretdi. Häzirki günlerde şu mynasybetli ýurdumyzda hoşallyk maslahatlary, dabaralar geçirilýär. Golaýda welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda «Nepislik äleminiň soltany» diýen at bilen guralan aýdym-sazly dabara hem turuwbaşdan şatlyk-şowhuna beslendi. Welaýat häkimligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan guralan çärä syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mährem eneler, gyz-gelinler gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň çeper ellerinden dörän alajalaryň, kürtäniň dünýä nusgalykdygyny, her bir türkmen zenanynyň bu nepis el işlerini nusgalyk edinmelidiklerini bellediler. Bilşimiz ýaly,