Gadymy gala

16 Awgust 2023
586

Taryhymyza ser salsak, geçmişde döwletimiziň çäginde köpsanly ösen ilatly mekanlaryň bolandygy baradaky maglumatlara duş gelmek bolýar. Amyderýanyň boýlarynda hem şeýle ilatly mekanlaryň ençemesi ýerleşýär. Şolaryň biri-de Halaç etrabynyň Halaç geňeşliginiň çäginde ýerleşýän Hallajy gala arheologiki ýadygärligidir.

Gala ýerli ilat tarapyndan «Ajy gala» diýlip hem atlandyrylýar. Häzirki wagtda galanyň golaýynda ýerleşýän obanyň ilatynyň arasynda ajy tiresiniň wekilleriniň ýaşap, mesgen tutmagy şeýle adyň gelip çykmagyna sebäp bolandyr diýip çaklamak bolar. «Hallajy» ady bolsa galanyň üstünde bir şahsyýetiň mazarynyň ýerleşýändigi bilen baglanyşyklydyr.

Sapar BEGHANOW,
«Kerki» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň uly ylmy işgäri.