Sahawatly ýörelgeler dowamdyr, halka ýalkaw, ýurda şöhratdyr, şandyr!

17 Awgust 2023
584

Kitaplar dünýäsi! Ynsan aňynyň kämilleşmegi üçin giňden açylan gapy. Taryhyň  gatlaryna  ser salanymyzda, biziň döwrümize ýetip gelen kyssalardyr eposlaryň, şahyrlaryň şygyrlarydyr rubagylarynyň  halkymyzyň ruhy dünýäsiniň şuglasy bolup ýalkym saçýandygyna şaýat bolýarys. Hakykatdan hem kitaphon, şahandaz halkymyzyň kitaba mukaddeslik hökmünde garandygyna, şahyrlaryň şygyrlaryny aýdyma salan bagşylara uly hormat goýandygyna gojaman taryhyň saralan sahypalary  şaýatlyk edýär. Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasyndaky guba düýesini kitaba çalşan Welmyrat aganyň  keşbi bolsa, ylym-bilime muşdak türkmen halkynyň arassa kalbyny açyp görkezýär.

Halkymyzda toýa sowgat-serpaýly barmak ýagşy ýörelge bolupdyr. Döwlet baýramçylyklary mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň  pähim-paýhasa ýugrulan gymmatly eserleri halkymyza sowgat etmegi ajaýyp däbe öwrüldi.   Gymmatly maglumatlary özünde jemleýän, ýaş nesle watanperwer, ilhalar nesiller bolup ýetişmegi ündeýän ajaýyp kitaplar bolsa halkymyz üçin   mukaddes gollanma bolup hyzmat edýär.

Gülälek MERETMYRADOWA,
«Adalat».