Nesillere nusgalyk ýol

17 Awgust 2023
523

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň mähriban kyblasy, Watanyň wepaly Ogly — Içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk we manyly ömür ýoly biziň her birimiz üçin görelde mekdebi bolup durýar.

Mälikguly aga ýaşan manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş edip, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezdi. Onuň şeýledigini Mälikguly aganyň geçen ömür ýoluna ser salanyňda hem anyk göz ýetirýärsiň. Ýagny, Gahryman peder 1952-nji ýylda harby gulluga çagyrylmagy bilen, ilkinji gezek harby lybasy geýýär. Gulluk döwründe Mälikguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Çyrçyk şäheriniň kiçi serkerdeleri taýýarlaýan mekdebinde okap, harby gullugyny 1954-nji ýylda kiçi leýtenant harby ady bilen Gyrgyzystanyň Oş şäherinde ýerleşýän Dag atyjylyk harby bölüminde wzwod serkerdesi bolup dowam edýär.

Maksat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri, polisiýanyň maýory.