Gözellige dünýä aşyk

15 Awgust 2023
536

Gözelligi bilen akylyňy haýran edýän gymmatlyklaryň ählisine-de nepislik mahsus. Başgaça aýtsak, gözellik nepislikden döreýär. Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi, hormatly Prezidentimiziň enesi Ogulabat ejemiziň elinden çykan alajalar hem nepislikden dörän gözelligiň hut özi. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň käbesi, Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa tarapyndan Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrylan gymmatlyk muzeýiň arzysynam, gelim-gidiminem ozalkysyndan ep-esli artdyrdy. Gözel zatlaryň şuglasynyň dünýä ýetýändigini bolsa şu günler ýurdumyzyň sebitlerinde yzly-yzyna geçirilýän dabaraly maslahatlar hem subut edýär.

Şeýle maslahatlaryň biri ýakynda Lebap welaýat häkimliginde geçirildi. Ol «Nepislik äleminiň soltany» diýlip atlandyryldy. Welaýatyň zähmetde we jemgyýetçilik işinde öňdebaryjy zenanlarynyň hem-de talyp gyzlaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahat Ogulabat ejäniň elinden çykan gözelligiň ýüreklere çaýan şuglasynyň beýanyna öwrüldi.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz).