Manyly ömri mekdepdir

17 Awgust 2023
541

«Ýaşaýyş eneden başlanýar» diýen söz  rast. Ene mukaddeslik, edil şonuň ýaly ene hakdaky gürrüň hem mukaddesdir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ene diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Kalbymyzda mydamalyk orun alşy ýaly, eneli günlerimiz bizi durmuşda-da köp zatlara borçly edýär.

Biz islendik işiň başyna barmazdan ozal, ejemiz bilen maslahatlaşmaga, onuň ak pata bermegine howlugýarys. Çünki eneleriň ak pata bermegi bilen başy başlanan işleriň şowuna bolýandygyny durmuş hakykaty ýyllaryň, asyrlaryň dowamynda subut edip gelýär. Halkymyzda: «Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr» diýen parasatly sözleriň nesilden-nesle geçip gelmeginde hem uly many bar. Eneler hakda kän-kän eserler ýazyldy, filmler surata düşürildi, ol mähribanlara bagyşlanan goşgulardan aýdymlar döredi. Enelere bagyşlanan her bir işde, onuň keşbini mynasyp döredip bilmekde uly jogapkärçilik bar. Nusgalyk işleri bilen eziz Diýarymyzyň oňyn özgerişlerine goşant goşup, kemally perzentleri ösdürip ýetişdirýänem, olary il hataryna goşup, Watanyň ygtyýaryna berýänem mähriban enelerimizdir.

Şirin HODJIÝEWA,
Ahal welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.