Ajaýyp gollanma

15 Awgust 2023
560

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň türkmen jemgyýetini döwrebaplaşdyrmak syýasaty ýaşlar babatynda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine gönükdirilendir. Ýurdumyzda ösüp gelýän nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli amatlyklar, möhüm şertler döredilýär. Ýaşlaryň hak-hukuklarynyň ygtybarly goragy üpjün edilýär, ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, şeýle-de ýaşlar birleşikleriniň hukuklaryny amala aşyrmagy kepillendirmäge gönükdirilen Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek, onuň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynda döwletimiz tarapyndan bu ugurda alnyp barylýan syýasata içgin syn berilýär. «Hakydada orun alan pursatlar» atly bölümde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny berkitmek, döwrebap lukmançylyk-şypahana hyzmatlaryny ýola goýmak, çagalaryň sagdyn ösüşini üpjün etmek, ýaşlary ählitaraplaýyn goldamak ýaly möhüm işleri durmuşa geçirmek boýunça gazanylan guwandyryjy netijeler beýan edilýär. Hususan-da, bu bölümde Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi barada giňişleýin gürrüň edilýär.

Kitabyň «Hakydada orun alan pursatlar» atly bölüminde milli ruhy gymmatlyklara esaslanýan ýaşlar syýasatynyň milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler hem öz beýanyny tapýar. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň taýýarlanylyşy barada gürrüň berilmegi ýaşlar babatda demokratik ýörelgelere esaslanýan işleriň düýp mazmunyna göz ýetirmekde täsirli ähmiýete eýedir. Geçen ýyl «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşiniň) kabul edilmegi taryhy ähmiýetli waka boldy. Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň iýun aýynda bu ulgamda milli kanunçylygy kämilleşdirmek meseleleri boýunça ýaşlar bilen maslahat geçirip, olaryň pikirlerini, tekliplerini diňledi. Şeýlelikde, 2013-nji ýylda kabul edilen bu Kanun ýurduň ýaş raýatlarynyň döwleti we jemgyýeti ösdürmekdäki ornuny güýçlendirmek maksatlarynda kämilleşdirildi. Eserde bu ulgamdaky hukuk binýadyny kämilleşdirmekde ýurdumyzyň ähli künjegindäki ýaşlaryň pikirini bilmegiň, olary gyzyklandyrýan ýagdaýlaryň ählisini göz öňünde tutmagyň zerurdygy baradaky pikirden ugur alnandygy beýan edilýär. Ýerlerde dürli ýaşly ildeşlerimiz bilen duşuşyklardan galan ýatlamalar paýlaşylýar. Jemgyýetiň işjeň gatlagy bolan talyplaryň pikirlerini, okuw we durmuş ýagdaýlaryny öwrenmek üçin geçirilen söhbetdeşlikleriň barşy hem-de netijeleri barada gürrüň berilýär. Şol sanda ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň taryhyna, olarda işine ussat ýaş hünärmenleri taýýarlamak ugrunda döredilen şertlere hem üns çekilýär. Bu bolsa ýurdumyzda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, şeýle-de ýaşlar birleşikleriniň hukuklaryny amala aşyrmagy kepillendirmäge gönükdirilen bu kanunçylyk namasyny işläp taýýarlamaga töwerekleýin hem-de ylmy nukdaýnazardan çemeleşilendigini görkezýär.

Atda SÄHEDOW,
Ak bugdaý etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 1-nji derejeli ýurist.