Alaja — el işleriniň seresi

16 Awgust 2023
739

Biziň gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý medeni mirasymyz bar. Şol milli gymmatlyklarymyzyň häzirki günlerimize gelip ýetmeginde zenanlarymyzyň paýy uludyr. Olar özleriniň zehini, yhlasy bilen dünýä nusgalyk el işlerini döredipdirler. Türkmen zenanlary el hünäriniň aýratyn görnüşleri bolan alaja örmek, jähekdir aldymgaç kakmak başarjaňlygy bilen hem tanalýarlar. Çeper elli aýal-gyzlarymyz dürli reňkli ýüpek sapaklardan taýýarlanylýan jähekdir aldymgaç ýüpleri bilen milli lybaslarymyzyň gyrasyny bezäpdirler, işilen alajalary oturdypdyrlar.

Alajalar adamy gözden-dilden goraýar diýlip yrym edilse, jähekdir aldymgaçlar lybaslara berklik, pugtalyk üçin tutulypdyr. Alajalaryň nämährem nazarlardan goraýandygyna ynanan enelerimiz olary bala-çagalarynyň boýnuna, goşaryna dakypdyrlar. Öýleriň gapysyna, hojalykda ulanylýan zähmet gurallaryna, sygyr, düýe ýaly mallara, uçar ganatymyz bolan bedew atlara hem alaja dakmak halkymyzyň asylly däbidir. Alajanyň görnüşleri dürli-dürli. «Ýönekeý alaja», «goşma alaja», «gyýakly alaja», «älem alaja» tow berlip işilýär. «Çigildem alaja», «okgöz alaja», «gyraly alaja», «çyzykly alaja», «bugdaý baş alaja» ýaly görnüşleri bolsa, barmak bilen örülýär. Sapaga tow berilýän wagty çekibräk saklasaň, alaja endigan düşýär.

Gülüstan HUDAÝAROWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri, ilkinji zenanlar guramasynyň agzasy.