Düýeýüň guşak

15 Awgust 2023
503

«Çöl gämisi» diýlip atlandyrylýan düýe mydama çölde gezýär. Düýeler ýasydan gelen ýumşak dabanlary bilen çölüň niresinde gezseler-de, topragyň üstki gatlagyny bozmaýarlar. Ýaz paslynda çarwa obalaryna barsaň, eneleriniň ýanynda näzik bozlaýan köşejikleri görmek bolýar. Biziň halkymyz düýe ýüňüne halallyk hökmünde garaýar. Düýäniň ýüňi örän arassa bolýar. Onuň segsen göterimi ýumşak ýüň hasaplanýar.

Düýeler örä gidenlerinde gelin-gyzlarymyz olaryň garynlarynyň aşagyna halta daňyp goýberipdirler. Şeýdip, düýäniň ýüňi şol haltanyň içine ýygnanypdyr. Ene-mamalarymyz düýe ýüňüniň ýylylyk saklama häsiýetine has irki wagtlardan göz ýetiripdirler. Ondan ýorgan, çäkmen, guşak, milli saçak taýýarlapdyrlar. Düýe ýüňünden guşak dokamak üçin erkek düýeleriň gapyrgalarynyň, boýnunyň ýüzünden 1,5 kilograma barabar bolan ýüňi alyp, çygly ýerde ýaýradyp goýupdyrlar.

Haýytgül ATAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.