Ak öýleriň, giň törleriň ýaraşygy

16 Awgust 2023
791

Üstümizdäki ýylyň maý aýynda kilim dokamak sungatyny ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna hödürlemek teklip edilipdi. Özi-de bu teklibiň ilkinji gezek biziň welaýatymyzda, ýagny, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Türkmenistan —ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» diýen at bilen geçirilen maslahatda öňe sürlendigini ýatlamak ýakymly. Çünki milli mirasymyzyň esasy gymmatlyklarynyň biri bolan kilimler köp asyrlardan bäri ak öýleriň, giň törleriň ýaraşygy hasaplanylýar. Ýurdumyzyň halkara guramasy bilen has ýygjamlaşýan hyzmatdaşlygyna esaslanyp, halkymyzyň bu inçe senediniň hem tiz wagtda abraýly sanawa goşuljakdygyna ynam bildirmek bolar.

Etrabyň Mekan geňeşliginiň hojalyklarynda hem kilim dokamaklyk ýörgünli dowam etdirilýär. Biz ýedi onlugy arka atan Akbike mamanyň döwletli ojagynda myhmançylykda bolanymyzda hem milli sungatymyzyň bu ýoluny has kämil derejä göterýän gelin-gyzlaryň kändigini görüp guwandyk. Maşgalanyň körpe gelni Nabadyň hereketlerinden görnüşi ýaly, kilim dokamak bu hojalyga täze girizilen kesp däl. Özi-de hojalyk işleriniň ýany bilen wagt tapyp bilýän işeňňir zenanyň elinden çykan, has kämil görnüşe eýe bolýan kilimler tebigy boýaglar bilen boýalan ýüňden dokalýar. Sungatyň bu ýolunda çagalykda öwrenenleriniň üstüni eltisi Aksoltan gelnejäniň göreldesi bilen dolduran Nabadyň deň-duşlary Güller, Güljan, Aknur, Bossan, Aýnur dagy hem indi obada bu işiň ussatlary saýylýarlar. Şundan çen tutsak, obada kilimçi ýaşlaryň sanynyň köpelmegine ýokarda ady agzalan maşgalanyň uly gelni Aksoltan sebäp bolupdyr. Onuň gyzy Gözel hem ejesiniň göreldesine eýerip, bu kärini Saýat etrabynyň Garabekewül şäherinde — gaýyn öýünde dowam etdirýär.