Miras

14 Awgust 2023
470

Alaja bagyşlanan söhbetdeşlik

Mary şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň guramagynda “Alaja aladyryn — nagyşda läledirin” temada okyjylar bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda kitaphananyň usuly bölümçesiniň usulçysy Nursoltan Ataýewa çykyş edip: “Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat ejäniň elinden çykan nepisligiň, ýagny, mähir siňdirip ören alajasynyň hem-de olary örmekde ulanan iş guralynyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurylmagy bagtdan paýly günlerimize nuranalyk çaýdy. Ençeme gymmatlyklary, şol sanda alajany hem nesilden-nesle geçirip gelýän enelerimiziň nusgalyk ýoly biz — ýaşlar üçin ýol-ýörelgedir” diýip belläp geçdi.