Keramat ojagy

17 Awgust 2023
668

Türkmen tamdyry keramatdyr. Çünki oňa pederlerimiziň asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdan akyl-paýhasy siňendir. Şonuň üçin hem türkmen tamdyr-ojagyny gapysyndaky metjit-mähraby kimin arzylaýar. Mukaddes tamdyry ýasamak işi öz içine hiç bir halkyňka meňzemeýän birnäçe täsin däpleri alýar. Ilki tamdyryň salynjak ýeri kesgitlenipdir. Ene-mamalarymyzyň irki döwürlerde aglak çagany ýa-da göwreli gelni anna güni tamdyryň daşyndan üç gezek aýlamagy hem milletimiziň bu keramata gadymdan bäri uýup gelýändiginiň nyşanydyr. Ol il agzybirligini hem aňladýar.

Halkymyz, çörek bişirilýän wagtynda, tamdyryň başynda içilen suwy, iýlen çöregi hem sogap saýypdyr. Enelerimiz çörek bişirenlerinde, tamdyryň başynda ýagşy dilegler edip, çörekleri çykaryp bolandan soňra, öten-geçenleriň ruhuna hem-de rysgal-berekediň artmagynyň haýryna aýat-töwir edipdirler. Elbetde, bu däp milletimiziň ata-babalaryna, mukaddes topragyna, keramatly tamdyryna goýýan sarpasynyň diňe birje bölegidir. Türkmeniň her bir edim-gylymynda bolşy ýaly, çörek bişirmekde hem zenanlara ene-mamalarymyzdan arkama-arka özboluşly inçelik, bu kesbiň ýazylmadyk kada-kanunlary geçip gelýär. Iň bärkisi, çöregi söýemän, arkasyny-ýüzüni deňje gyzartmak hem ussatlygy talap edýär. Bu barada «Oduňy aýama, çöregi söýeme» diýen ata-babadan gelýän dana söz bardyr.

Maýa GURBANDURDYÝEWA,
TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni.