"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Türkmenistana özbek traktor tirkegleriniň täze tapgyry getirildi

«Daşkent Agro Traktor» paýdarlar jemgyýeti tarapyndan öndürilen 270 sany täze traktor tirkegleri Türkmenistana getirildi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär. Habarda bellenilişi ýaly, tirkegleriň 66-sy Lebap welaýatynyň pagta arassalaýjy kärhanalaryna paýlanylyp berildi. Ýurduň Ahal, Mary hem-de Daşoguz welaýatlarynyň pagta arassalaýjy kärhanalary hem şonça mukdarda, bu babatda Balkan welaýatynyň kärhanasy bolsa 6 sany traktor tirkegleri bilen üpjün ediler.

Türkmenistanda halkara howa gatnawlarynyň ugurlary we sany köpeler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewe halkara howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça teklipleri taýýarlamak barada görkezme berdi. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berişine görä, degişli tabşyryk anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde berildi.

Ulag-aragatnaşyk ulgamynyň durnukly ösüşi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 9-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda  bolşy ýaly, ulag-aragatnaşyk ulgamynda hem durnukly ösüş gazanylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi. Hasabat döwründe şu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 112,7 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 110,4 göterim, ýük dolanyşygynyň meýilnamasy 108,7 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Ol 2022-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynyň jemleri boýunça milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde sekiz aýyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn netijeler gazanyldy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

8-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, ýakyn geljek üçin möhüm wezipeler, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Milli goşunymyzyň harby bölümlerinde ýylyň başyndan bäri geçirilen işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, işgärler kuwwatyny berkitmek, harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin göwnejaý şertleri döretmek boýunça görülýän çäreler, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Türkmenistan bilen Özbegistan ikitaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary 7-nji sentýabrda Daşkent şäherinde geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn söwdany ýakyn wagtda 2 milliard ABŞ dollaryna çenli ýokarlandyrmaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşykda taraplar ulag-logistik gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerini, şol sanda iki ýurduň çäginden harytlaryň üstaşyr geçirilmegini höweslendirmek çärelerini, şeýle hem deňiz portlarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, halkara ulag geçelgeleri arkaly synag gatnawlaryny guramak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag-üstaşyr gatnaşyklaryny berkidýär

Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministrliginde türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň azerbaýjan tarapyndan ýolbaşçysy, ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmämmet Elýasow bilen duşuşdy. Azerbaýjanyň ministri türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini, berk şertnama-hukuk binýadynyň döredilýändigini, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalanýandygyny belledi.

Daşary ýurtly sürüjiler harytlary Türkmenistanyň üsti bilen geçirmäge rugsat aldylar

Ýük awtoulag serişdeleriniň sürüjisi bilen bilelikde halkara gatnawlaryny amala aşyrmagyna rugsat berildi. Ýük gatnawlary amala aşyrylanda olaryň sürüjileriniň bildirilýän talaplary doly ýerine ýetirmekleri şert hökmünde kesgitlenilýär. Täze çözgüdiň ýola goýulmagy netijesinde «Türkmenbaşy Halkara deňiz porty» gözegçilik-geçiriş ýerinden türkmen awtoulag serişdeleriniň sürüjisi bilen bilelikde Türkmenistanyň çäginden gitmeklerine we gelmeklerine, degişli gözegçilik-geçiriş ýerinden daşary ýurt awtoulag serişdeleriniň sürüjileri bilen bilelikde Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmeklerine ygtyýar bermek nazarda tutulýar. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Lebaply pagtaçylar ýetişdirilen bol hasyly ýygnamaga girişdiler

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady, syýasy hem-de medeni taýdan galkynýan ýurdumyz - Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan asyrlara barabar ösüşler bilen günsaýyn öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy hem-de öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly özgertmeler amala aşyrylyp, ýokary ösüşler gazanylýar. Bagtyýarlyk gadamlary bilen abraýy gün-günden galkynýan diýarymyzda Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasaty netijesinde ýaşaýyş durmuşymyzyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan anyk özgertmeler jemgyýetçilik galkynmasyny döredýär. Ýurdumyzda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň pagta ýygym möwsümine girişilmegi hem raýatlarymyz tarapyndan gyzgyn garşy alyndy. 7-nji sentýabrda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, ýurdumyzda pagta ýygymyna girişildi. Il sylagly ýaşulularyň «Bismillasi» bilen, ýurdumyzyň 4 welaýatynda, şol sanda Lebap welaýatynda hem möhüm oba hojalyk möwsümine badalga berildi. Ilki bilen welaýat häkimliginde il sylagly ýaşulularyň, şäher we etrap häkimleriniň, olaryň oba hojalygy boýunça orunbasarlarynyň, daýhan birleşikleriniň başlyklarynyň, edaralaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň, Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi.

Täsirli geçen halkara maslahat

Arkadagly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde il-ýurt bähbitli, döwletli işler amala aşyrylýar, bagtyýar halkymyzy toý-baýramly günleriň gujagynda ýaşadýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri taryhy özgerişleri bagtyýar watandaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrýar. agtyýar watandaşlarymyzyň köňül şatlygyny artdyran bu taryhy wakalar Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygyny şöhratlandyrmakda, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermekde, berkarar döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmekde hem-de dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýetlidir. Ýakynda paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde” atly halkara maslahatyň geçirilmegi hem bu aýdanlarymyza mysaldyr. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen Daşary işler ministrliginiň guramagynda geçirilen maslahatyň maksady Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten derejesini giňden ýaýmakdan we beýan etmekden, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça halkara hyzmatdaşlar bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Türkmen, iňlis we rus dillerinde geçirilen halkara foruma Döwlet habarlar agentliginiň (TDH), Telewideniýe, radiogepleş

Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekilini kabul etdi

7-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueýi kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýanyň iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Hytaýyň awtoulag şaýlary Türkmenistanyň üstünden Eýrana iberiler

Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen we eksporta iberilen awtoulag şaýlary Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly arkaly daşalar. Gazagystanyň demir ýol edarasynyň berýän habaryna görä, awtoulaglaryň şaýlary, dürli görnüşli enjamlar ýüklenilen, her biri 40 fut bolan 50 sany konteýnerden ybarat bolan otly Hytaýyň Jingan demirgazyk-gündogar stansiýasyndan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça iberildi. Gazagystan Express multimodal operatory tarapyndan amala aşyrylýan ýükli otly Gazagystanyň Altynkol we Bolaşak serhet geçelgelerinden geçer, soňra eýran-türkmen serhedindäki Inçeburun bekedinden barmaly ýerine — Eýranyň Jolfa bekedine barar.

Türkmenistan Merkezi Aziýa — Ýewropa ýük gatnaw ulgamyna işjeň goşulýar

Özbegistandan mineral dökün ýüklenen 24 sany 20 futluk konteýner demir ýol arkaly Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna eltilip, ondan bolsa ýükler Baku portuna iberildi diýip, «Trend» habarlar agentligi «ADY Container» ulag-logistika kompaniýasyna salgylanyp habar berýär. Azerbaýjan Respublikasynyň çäginde demir ýol ulaglaryna gaýtadan ýüklenen ýükler Gruziýanyň Batumi portuna baryp ýetdi. Ol ýerden bolsa konteýnerler Rumyniýanyň Gara deňziň kenaryndaky Kostansa portuna ýetirildi.

Halkymyzyň döredijilik kuwwaty ata Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýadydyr

Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk toýuna barýar. Halkymyzyň asylly däplerinden ugur alnyp, bu şanly sene zähmet ýeňişleri, täze binagärlik açylyşlary hem-de durmuşyň ähli ulgamlaryndaky üstünlikler bilen garşylanylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet gurluşynyň strategik maksatlaryna ýetmekde alyp barýan syýasatynyň üstünliklerini görkezýän geçen hepdäniň wakalary munuň aýdyň subutnamasydyr. 29-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, sebitleri mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri guramak, täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekişiniň talabalaýyk guralmalydygyna, daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar, oba hojalyk tehnikalary hem-de mineral dökünler bilen üpjün edilmelidigine, pagta ýygymyna toplumlaýyn taýýarlyk görülmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, güýzlük ýeralmanyň hem-de beýleki gök-bakja ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilişine yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygy nygtaldy.

Türkmenbaşy portunyň üsti bilen özbek dökünleri Ýewropa ugradyldy

Özbegistandan dökün bilen ýüklenen konteýnerler Türkmenistanyň Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen Ýewropa iberildi. Mineral dökünler bilen ýüklenen 40 futlyk 24 sany konteýner otlusy Türkmenbaşy portuna geleninden soňra Hazar deňziniň üsti bilen fider daşamalaryny amala aşyrýan Mahmud Rehimow gämisi arkaly Azerbaýjanyň Alýat portuna daşaldy. “ADY Container” kompaniýasy “Azerbaýjan demir ýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň golçur kompaniýasy bolup, ol hem ýüküň daşalmagyna gatnaşdy. Bu barada “ADY Container” duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berdi.

Älem TV hyzmatlarynyň gerimini giňeldýär

«Türkmentelekom» we AŞTU öz müşderilerine Älem TV onlaýn-telewideniýe hyzmatyny hödürläp başlady. Indi IP telewideniýesiniň hyzmatlaryndan peýdalanyjylara Ýewropanyň, Aziýanyň, şol sanda Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Hindistanyň iň saýlama teleýaýlymlary elýeterli bolar.

Türkmenistandaky oňyn özgertmeler dünýäniň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde

5-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde” atly halkara maslahat geçirildi. Halkara mediaforumyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergidäki gymmatlyklar bilen tanyşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

5-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatyň ekin meýdanlarynda bugdaý ekişiniň barşy hem-de pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunda pagta arassalaýjy kärhanalaryň, harmanhanalaryň, kombaýnlaryň, beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň möwsüme taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

5-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi. Myhman, duşuşmaga wagt tapandygy üçin, döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän guramasynyň oňyn içeri we daşary syýasaty yzygiderli amala aşyrýan hem-de durmuşyň ähli ulgamlarynda uly üstünliklere eýe bolýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şunda Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklary ilerletmekde işjeň orny eýeleýändigi nygtaldy, muňa ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän oňyn başlangyçlar aýdyň şaýatlyk edýär.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Mary welaýatyna iş sapary

3-nji sentýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz sebitdäki işleriň ýagdaýy, bejergi alýan çagalaryň saglygyny berkitmek ugrunda welaýatyň çagalar hassahanasynda alnyp barylýan işler, täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynda ilatyň amatly ýaşamagy we dynç almagy üçin döredilen şertler bilen tanyşdy, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplarydyr mugallymlary bilen duşuşdy, Mary şäherindäki Gurbanguly hajy metjidine baryp gördi. Häzirki wagtda durmuş ugurly desgalaryň, hususan-da, saglygy goraýyş ulgamyna degişli merkezleriň gurulmagyna, olaryň ýokary halkara görkezijilere kybap derejede enjamlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.