"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hemra Sapargylyjewiç Amannazarow, şol bir wagtda: — Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň hemişelik wekili;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident Maksatnamasyny we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen içeri syýasatyň birnäçe meselelerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Paý­tag­ty­myz ösüş ýolunda

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de gö­zel paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan gur­lu­şyk iş­le­ri hil taý­dan tä­ze tap­gy­ra geç­mek bi­len, ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne sa­ry ynam­ly ga­dam ur­ýan ata Wa­ta­ny­my­zyň kuw­wa­ty­nyň eg­sil­mez­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. 23-nji aw­gust­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow di­ku­çar­da paý­tag­ty­myz bo­ýun­ça uçu­şy ama­la aşy­ryp, al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hem-de Aş­ga­ba­dyň dur­muş dü­zü­mi­ni mun­dan beý­läk-de top­lum­la­ýyn kä­mil­leş­dir­me­giň tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy.

Döw­re­bap ulag-lo­gis­ti­ka dü­zü­mi­ni dö­ret­mek­de baş­lan­gyç­lar

Ýur­du­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ös­dür­mä­ge we hä­zir­ki za­man ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek ar­ka­ly dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek we bu ba­bat­da hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len ge­çi­ril­ýän çä­re­le­ri yzy­gi­der­li do­wam etdirmekde uly ösüşler gazanylýar. Türk­me­nis­ta­nyň ulag ul­ga­myn­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­niň we eýe bo­lan hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň has-da pug­ta­lan­ma­gy­nyň aý­dyň my­sal­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da, BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan bir­nä­çe Re­zol­ýu­si­ýa­la­ryň ka­bul edil­me­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­mek bo­lar. Şu­nuň bi­len, 2014-nji ýy­lyň 19-njy de­kab­ryn­da «Dur­nuk­ly ösüş mak­sa­dy bi­len hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy üp­jün et­mek­de ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­riň or­ny», 2015-nji ýy­lyň 22-nji de­kab­ryn­da «Dur­nuk­ly mul­ti­mo­dal üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mä­ge ýar­dam ber­mek mak­sa­dy bi­len ulag­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ara­syn­da hem­me­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry üp­jün et­me­giň ýo­lun­da», 2017-nji ýy­lyň 20-nji de­kab­ryn­da «Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny ama­la aşyr­mak bi­len bag­ly­lyk­da ulag­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ara­bag­la­ny­şy­gy­ny ber­kit­mek» at­ly K

Bi­lim — bag­tyň bin­ýa­dy

Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de düýp­li ösüş­le­riň ýo­lu­na dü­şen, pa­ra­sat­ly pe­der­le­ri­mi­ziň ar­zuw-is­leg­le­rin­den bi­na bo­lan Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz sö­züň do­ly ma­ny­syn­da ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap uly ynam­lar bi­len öňe bar­ýar. Bag­ty­ýar­ly­gyň gu­ja­gyn­da her bir gü­ni ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ra, ta­ry­hy wa­ka­la­ra, şan­ly se­ne­le­re bes­len­ýän ýur­du­myz gö­zü­mi­ziň al­nyn­da gül­läp ös­ýän, ta­nal­maz de­re­je­de öz­ger­ýän jen­net me­ka­ny­na öw­rül­ýär.  Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän taý­syz ta­gal­la­la­ry bag­ty­ýar­lyk döw­rü­mi­ziň ba­ky bag­ty­na gu­wa­nyp ýa­şa­ýan hal­ky­my­zy dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­te, tä­ze tu­tum­la­ra ruh­lan­dyr­ýar. San­ly ýyl­la­ryň için­de dur­mu­şa ge­çi­ri­len bi­möç­ber iş­ler, be­ýik mak­sat­na­ma­lar bi­len hal­kyň ýü­re­gin­de ýer alan Gahryman Arkadagymyz hem-de bu beýik işleri üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz ýur­du­my­zyň her bir dö­wür­de ga­za­nan sep­git­le­ri­ni dö­re­di­ji­lik­li ös­dür­ýär.

Tä­ze okuw ýy­ly — gö­wün­le­riň ar­zu­wy

Te­ne­kar­ly­gy bi­len ja­na mel­hem be­ren to­mus pas­ly­nyň ta­mam­la­nyp, sa­ha­wat­ly türk­men top­ra­gy­na güý­züň «dü­şe­gi­ni dü­şe­me­gi» yn­san­lar­da tä­sin duý­gu­la­ry oýar­ýar. Güýz pas­ly­nyň baş­lan­ma­gy bi­len ak mek­dep­ler­de il­kin­ji okuw gü­ni baş­lan­ýar. Şo­nuň üçin adam­lar sent­ýab­ry des­lap­dan, tä­ze okuw ýy­ly­nyň baş­lan­ýan gü­ni hök­mün­de ka­bul ed­ýär­ler. Okuw ýy­ly­nyň il­kin­ji gü­ni – tä­sin, ýat­da ga­ly­jy pur­sat­la­ra eýe. Bu gün il­kin­ji sa­par mäh­rem ene-ata­la­ry­nyň el­le­rin­den tu­tup, ak guw ýa­ly ak mek­de­biň bo­sa­ga­syn­dan ät­le­ýän bag­ty­ýar ça­ga­la­ry syn­la­mak has-da ýa­kym­ly. Bu bagt­ly pur­sat­lar ýat­dan çyk­ma­jak wa­ka­la­ry bi­len ha­ky­da­lar­da he­mi­şe­lik gal­ýar. Ýog­sa-da:

Yk­dy­sa­dy ösüş­le­riň ýo­lun­da

Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň baş­da dur­ma­gyn­da, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri­niň de­re­je­si­ne çy­kar­mak­da mö­hüm çä­re­ler, baş­lan­gyç­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ry­na dün­ýä ýurt­la­ry­nyň tej­ri­be­sin­de oňyn ne­ti­je­si­ni gör­ke­zen tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­lar, usul­lar or­naş­dy­ryl­ýar. «Türk­me­nis­ta­nyň Yk­dy­sa­dy, ma­li­ýe we bank ul­gam­la­ry­ny ös­dür­me­giň 2019 — 2025-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da karz eda­ra­la­rynyň yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny we dur­nuk­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, se­riş­de­ler bin­ýa­dy­ny art­dyr­mak, san­ly do­lan­dy­ryş ul­ga­my­ny or­naş­dyr­mak ba­bat­da mö­hüm we­zi­pe­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Şo­la­ryň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri hem di­ňe bir ýu­ri­dik ýa-da fi­zi­ki şahs bo­lup dur­ýan önüm­çi­lik we beý­le­ki mak­sat­ly ta­rap­la­ra däl-de, eý­sem, her bir şah­sy­ýet üçin dö­re­dil­ýän oňaý­­lyk­lar­dyr.

«Mähriban maşgalam - döwletli ojagym»

Adamzat özüniň uzak taryhy ýolunda maşgala bolup ýaşamaga uly sarpa goýup gelipdir. Häzirki döwürde hem türkmen maşgalasyna goýulýan sarpa, hormat uludyr. Maşgala - adamzadyň hojalyk döretmeginiň, öz durmuşyny ýöretmeginiň, çaga terbiýelemegiň esasy binýady bolup durýar. Asyrlarboýy türkmen halky maşgalany keramatly, mukaddes hasaplap gelipdir. Her bir maşgalanyň agzybirliginde, dowamlylygynyň berkemeginde, ata-babalarymyzdan arkama-arka gelip ýeten däp-dessurlarymyzy, ynançlarymyzy dowam etdirmegimizde maşgala agzalarynyň her biriniň uly orny bar. Hut şu mukaddes düşünjeler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçirilen maslahatyň özenini düzdi. Çärjew etrap häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen «Mähriban maşgalam - döwletli ojagym» diýlip atlandyrylan çärä bilim ulgamynda zähmet çekýän zenanlar, kümüş saçly eneler we ýaşlar gatnaşdylar. Onda çykyş edenler maşgala mukaddesligi, zenan terbiýesi, ahlaklylyk, edeplilik hem-de millilik dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Kümüş saçly eneler ýaşlara öwüt-ündew berdiler. Şeýle-de, maslahat bilen bir hatarda bu ýerde zenanlaryň el işleriniň sergisi guraldy.

Ga­dy­my Paryzdepe

Pa­ryz­de­pe ýa­dy­gär­li­gi Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­by­nyň Ba­ba­rap daý­han bir­le­şi­gi­niň çä­gin­de ýer­le­şip, ol Aşgabat şäheriniň etrabyndan 6 km gü­nor­ta-gün­ba­tar­da es­li meý­da­ny eýe­le­ýär. Ol ýe­re go­laý­la­nyň­da ýa­dy­gär­li­giň 2-3 metr ýo­ka­ry ga­lyp du­ran dört­burç gör­nü­şin­dä­ki ga­la­sy­na gözüň düşýär. Ta­ry­hy çeş­me­ler Pa­ryz­de­pä­niň bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň­ki V müň­ýyl­lyk­da dö­rän­di­gi hem-de onuň giç­ki or­ta asyr­la­ra çen­li ösü­şi­ni do­wam eden­di­gi­ni ha­bar ber­ýär. Ýa­dy­gär­li­giň Be­ýik Par­fi­ýa döw­le­ti, Be­ýik Sel­juk türk­men hö­küm­dar­ly­gy­nyň döw­le­ti bi­len bag­la­ny­şy­gy­ny su­but ed­ýän ta­ry­hy we ling­wis­tik mag­lu­mat­lar hem bar. Pa­ryz­de­pe­ or­ta asyr­lar­da Nu­sa­ýa de­giş­li oba­la­ryň bi­ri bo­lup­dyr. Or­ta asyr­lar­da Nu­saý­dan gün­ba­tar we de­mir­ga­zy­ga gir­ýän üs­ti ýük­li ha­tar-ha­tar söw­da ker­wen­le­ri Pa­ryz­de­pä­niň üs­tün­den ge­çip­dir. Bu ýag­daý Pa­ryz­de­pä­niň Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň has iri şä­her­le­ri­niň bi­ri bo­lan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. XVI-XVIII asyr­lar­da bu ýer­de ýa­şa­ýyş do­wam edip­dir. XX asy­ryň baş­la­ryn­da Pa­ryz­de­pä­niň iler­ki ta­ra­pyn­dan çyk­ýan kä­ri­ziň su­wy ýap bi­len akyp, Yz­gant oba­sy­na çen­li ba­ryp ýe­tip­dir. Şol ýa­byň bo­ýun­da bol­sa 10-12 sa­ny suw de­gir­me­ni işläp, olar mal-ga­ra, ekin-di­kin üçin otu­rym­ly hal­ka hyz­

Be­lent ösüş­le­riň be­ýa­ny

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ata Wa­ta­ny­my­zyň ok­gun­ly ösü­şi, ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da­ky şan­ly wa­ka­lar bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň ru­hu­ny be­len­de gö­ter­ýär. «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen be­lent şy­gar­dan göz­baş al­ýan bu iş­ler ösüş­le­riň tä­ze be­lent­li­gi­ne sa­ry iler­le­ýän ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň ar­typ, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjegi okgunly ösýär, özgerýär. Muny Awazanyň tylla kenarynda ýola goýulýan özgerişler hem aýdyň görkezýär.

Dün­ýä gi­ňiş­li­gi­ne uza­ýan ýol­lar

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hä­zir­ki za­man kö­pu­gur­ly ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­my­ny ös­dür­mek ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len Türk­me­nis­tan­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň taryhy ähmiýetini tä­ze­den di­kelt­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler aý­dyň tas­syk­la­ýar. Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň geoyk­dy­sa­dy taý­dan amat­ly ýer­de ýer­leş­me­gi ta­ryh­da türk­men top­ra­gy­nyň üs­tün­den ge­çen Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň taryhy ähmiýetini hä­zir­ki za­man şert­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da gaý­ta­dan di­kelt­mä­ge, ýur­du­my­zy se­bit­de iri ulag-lo­gis­ti­ka mer­ke­zi­ne öwür­mä­ge amat­ly şert­le­ri dö­red­ýär.

Alys­la­ry ýa­kyn­laş­dyr­ýan ul­gam

Ösüş­le­re bes­len­ýän döw­rü­miz­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty bi­len ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ös­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Mu­ny dür­li ugur­lar bi­len bir­lik­de ýur­du­my­zyň ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler hem do­ly gör­kez­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz dün­ýä­niň alys­da­ky we ýa­kyn­da­ky ýurt­la­ry bi­len dost­luk­ly, hoş­ni­ýet­li, bi­rek-bi­re­ge dü­şü­niş­mek we hor­mat goý­mak gat­na­şyk­la­ry­ny giň­den ýaý­baň­lan­dyr­ýar. Bu iş­ler hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­niň öz­ger­me­gi­ne uly iter­gi ber­ýär. Ýe­til­ýän sep­git­ler­de, ga­za­nyl­ýan ösüş­ler­de ýur­du­my­zyň ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň uly go­şan­dy­nyň bar­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­me­li­di­ris. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýa­kyn­dan ýar­dam ber­me­gi ne­ti­je­sin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ze san­ly ul­ga­myň or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we ha­bar be­riş til­si­mat­la­ry bo­ýun­ça in­no­wa­si­ýa­la­ra giň orun be­ril­me­gi mag­lu­mat­la­ryň ýo­ka­ry hil de­re­je­de alyş­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.

Sag­lyk öz eli­miz­de

Yn­san he­mi­şe öz sag­ly­gy­nyň ug­run­da ala­da­lan­ma­ly. Bu babatda pe­der­le­ri­miz «Sag­ly­gym — beg­li­gim», «Sag ba­şym — sol­tan ba­şym» di­ýip aýdypdyrlar. Gün şöh­le­si­niň pe­se­lip, güýz pas­ly­nyň ara­la­şyp baş­la­ma­gy bi­len adam­la­ryň ara­syn­da gyz­dyr­ma dö­räp bil­ýär. Bu ýag­daý, esa­san, kel­la­gy­ry­ny, ys­gyn­syz­ly­gy eme­le ge­tir­ýär. Ho­wa­nyň gyz­gyn-so­wuk ga­ty­şyk­ly bol­ma­gy se­bäp­li be­de­niň gyz­gyn­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy dem al­şyň kyn­laş­ma­gy­na se­bäp bo­lup, ahyr­ky ne­ti­je­de ol nä­hoş­lu­ga alyp bar­ýar.

“Ylymly il ozar”

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde eziz Diýarymyz ylym, bilim we beýleki ulgamlarda döwür bilen deň gadam urýar. Döwletiň, jemgyýetiň her bir babatdaky ösüşi bilimiň, ylmyň näderejede ösýändigine bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem her bir döwletde ylym-bilimiň ösmegi zerurdyr. Binanyň berkliginiň binýadyň mäkämligine baglydygy bize durmuş hakykatyndan mälimdir. Binýat näçe berk, oýlanyşykly goýulsa, gurýan ymaratymyz hem şonça gaýym hem ajaýyp bolar. Ýaş nesliň bilim binýadynyň berkden tutulmagy hem ýurduň geljekki ösüşiniň aýdyň kepilidir. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini giňden açmakda, dünýä derejeli ylmy düşünjesi bolan hünärmenleri, alymlary ýetişdirmekde halkara hyzmatdaşlygyny täze derejelere çykarmagy zerur wezipe hökmünde aýratyn nygtamak isleýärin. Ylmyň kökleri çagalar bagyndan başlap ösmelidir we munuň üçin ylym-bilimiň basgançaklary dünýä standartlarynyň talaplaryna doly laýyk getirilmelidir. Ylmy döredijiligiň ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşyny ösdürmekdäki täsiriniň artmagy üçin daşary ýurtlar bilen ylmy hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna üns bererin» diýip, parasatlylyk bilen bellemegi, ähli ösüşleriň özeniniň ylym öwrenmek, bilim almak bilen baglydygyny aňladýar.

Mek­dep ba­zar­la­ry

Ýur­du­myz­da tä­ze okuw ýy­ly­nyň go­laý­lap gel­me­gi bi­len we­la­ýat mer­kez­le­ri­niň we paý­tag­ty­my­zyň söw­da ba­zar­la­ryn­da mek­dep ba­zar­la­ry hem-de göç­me söw­da no­kat­la­ry işlerini üstünlikli dowam etdirýär. Mek­dep ba­zar­la­ry­nyň okuw­çy­la­r üçin ge­rek bo­lan okuw es­bap­la­ry bi­len do­ly üp­jün edil­me­gi ýur­du­myz­da 2022 — 2023-nji okuw ýy­ly­na ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk­da taý­ýar­lyk gör­len­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Astrahan portunda Türkmenistanyň logistika merkezini ösdürmek meselesine garaldy

Ýurduň ulag toplumyna wekilçilik edýän türkmen delegasiýasy Astrahan sebitine iş saparynyň çäginde Limanskiý etrabynyň Olýa obasynda döredilýän portuň ýörite ykdysady zolagyna baryp gördi. Bu “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň möhüm nokatlarynyň biri bolar we şu ýerde Türkmenistanyň logistika merkezi döredilip, ol Olýa-Türkmenbaşy aralygynda yzygiderli awtoulag parom aragatnaşygynyň esasyny düzer. 2023-nji ýyla çenli hasaplanan PAYZ taslamasynyň başlangyç tapgyrynda Olýa deňiz portunyň bar bolan gämi duralgalaryny enjamlaşdyrmak we umumy kuwwaty üç million tonnadan gowrak bolan dört sany terminaly işe girizmek meýilleşdirilýär. Bu ýerde harytlary ýüklemek we düşürmek, awtoulag we demirýol barlag-gözegçilik nokatlary gurlar. Soňra gazuw işleri geçiriler we port toplumyny giňeltmek işleri başlanar.

Astrahanda türkmen wekiliýeti Olýa-Türkmenbaşy parom ugrunyň açylmagyny ara alyp maslahatlaşdy

26-njy awgustda Türkmenistanyň ulag toplumynyň wekiliýeti Astrahan oblastyna işewürlik saparynyň dowamynda logistika, ulag, söwda we gämi gurluşygy pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň geçiriljek ýeri general admiral F.M. Apraksina adyndaky Hazar deňiz-derýa we ulag instituty tarapyndan üpjün edildi (HDDUI). Astrahan tarapyndan sebitleýin senagat we tebigy serişdeler ministrligi duşuşygyň guramaçysy boldy.

Söwda ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegi haryt bolçulygyny üpjün etmegiň esasy şertidir

Halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, sanly ulgam arkaly ilata edilýän söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň söwda toplumynyň öňünde goýan esasy wezipeleridir. Söwda ulgamy islendik önümçilik işiniň ahyrky netijesidir. Şeýlelikde, onuň ösüşiniň derejesi, işiň, harytlaryň we hyzmatlaryň giň gerimi, köpdürlüligi diňe bir ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň derejesine däl, eýsem, ýurdumyzyň senagat pudaklarynyň kuwwatyna, onuň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşine şaýatlyk edýär.

Türkmenbaşy bilen Astrahan portlarynyň arasynda parom hyzmatynyň ýola goýulmagyna garaşylýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekiliýeti çarşenbe güni Russiýanyň Astrahan oblastynda Türkmenbaşy portundan bu oblasta awtoulag parom hyzmatlarynyň ýola goýulmagyny we Russiýanyň kenarýaka sebitinde Türkmenistanyň logistika merkezini döretmegi ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada “GTRK Lotos” habar teleýaýlymy habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Astrahan oblasty bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýyllyk söwda dolanyşygy takmynan 200 million ABŞ dollaryna barabardyr. Taraplaryň hyzmatdaşlyk boýunça, şol sanda ýük üstaşyr ulgamynda uly mümkinçilikleri bar. Demirýol, gara ýol we howa ulaglarynda hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Türkmenistanyň Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesine goşulmagy we Olýa bilen Türkmenbaşy portlarynyň arasynda awtoulag parom ugrunyň döredilmegi Hazarýaka döwletleriň ýük dolanyşygyny artdyrar.

Sanly ulgam – döwrebap ösüş

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini, ýurdumyzyň durnukly ösüşlerini  kepillendirýär. Ýurdumyzyň ösüşinde ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçmeginiň aýratyn mümkinçiliklere eýe bolýandygyny bellemegimiz gerek.  Sanly ulgam döwrebap ösüşleriň tizligini üpjün edýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde durmuşa geçirilýän işleriň örän ýokary ähmiýete eýediginden habar berýär. Hormatly Prezidentimiziň «Biz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna geljekde hem ünsi jemläris» diýip bellemegi hem sanly ulgamy ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini äşgär edýär. Ýurdumyzda milli  ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Munuň şeýledigine «Türkmenistanda 2019 - 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 - 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, häzirki wagtda esasy ugurlarda maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmak arkaly sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan netijeli işler hem şaýatlyk edýär. Sanly ulgamyň ösdürilmegi we onuň şertleriniň gün-günden durmuşymyza aralaşmagy t