"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Hormatly Prezidentimiziň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatdaky çykyşy

Hormatly wekiliýetleriň ýolbaşçylary!Hanymlar we jenaplar! Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylygymyzy kabul edendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin!

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ulag-kommunikasiýa toplumynyň sergisi geçirilýär

15-16-njy awgustda deňze çykalgasy bolmadyk ösýän döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde öz işine başlan Halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň mümkinçiliklerini we ýeten sepgitlerini açyp görkezýän tanyşdyryş-sergi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda hasabat berdi. Giň gerimdäki sergi Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolagçy terminalynyň çäginde bolar. Onda ýurduň Deňiz-söwda floty, Halkara awtomobil ýük gatnawlarynyň türkmen birleşigi, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi, «Türkmenpoçta» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy we beýleki degişli edara-kärhanalar ulag ulgamyndaky häzire çenli ýeten derejeleri, hödürleýän hyzmatlary we geljek üçin niýetlenen ösüş ugurlary bilen çykyş ederler.

Ýurdumyz giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar

Geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady hem-de ruhy kuwwatynyň, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda amala aşyrylýan we halkymyzyň mynasyp durmuşynyň hem-de Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulag düzüminiň ýene-de bir möhüm desgasynyň — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy geçen hepdäniň wakalarynyň arasynda aýratyn orun eýeleýär.

Awazada deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag boýunça maslahaty geçirilýär

15-nji awgustda irden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guralan foruma 40 golaý döwletleriň hem-de halkara  guramalaryň 30-dan gowragynyň wekiliýetleri gatnaşýarlar. Bu çäre şeýle hem BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylaryny, abraýly halkara, sebit we sebitara guramalaryň hem-de maliýe düzümleriniň ýolbaşçylaryny, hususy ulgamyň, hökümete dahylsyz birleşikleriň, ylmy toparlaryň wekillerini birleşdirdi. Türkmen tarapyndan forumyň işine Hökümet agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşýarlar. 

Türkmenistan üstaşyr ulag gatnawlaryny ösdürmekçi

Russiýa Türkmenistanyň çäginden geçýän ulag geçelgelerini ösdürmegi maksat edinýär. Bu barada Russiýanyň Ykdysady ösüş ministrligi Azerbaýjanyň “Trend” agentligine çarşenbe güni habar berdi. “Häzirki wagtda rus kompaniýalary “Demirgazyk-Günorta” (Russiýa Federasiýasy-Pars aýlagy) awtoulag geçelgesini ösdürmek taslamasynyň we Türkmenistandaky awtoulag ýolunyň bir böleginiň gurluşygynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýärler” diýip, ministrlik belledi.

Türkmen deňiz ýakasynda halkara pudaklaýyn maslahatyň çärelerine badalga berildi

14-nji awgustda köpsanly daşary ýurtly myhmanlary göwnaçyk kabul edýän türkmen deňiz kenarýakasynda birnäçe serginiň açylyşy boldy. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatynyň çäklerinde guralan sergiler ulag toplumynda we logistikada gazanylan üstünlikleri, hödürlenilýän häzirki zaman hyzmatlarynyň giň gerimli görnüşlerini görkezýär. Ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda geçirilýän ugurdaş pudaklaýyn forumlar döwletara söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýän bu ulgamda hyzmatdaşlygyň ýygjamlaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazetiniň internet saýty ( tyy-news.gov.tm )

Ber­ka­rar döw­le­ti­­mi­ziň ulag we kommunikasiýa toplumynda bolup geçýän özgertmeler, ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy, me­de­ni, yk­dy­sa­dy tä­ze­lik­le­ri ­bilen “Türkmeniň ýüpek ýoly” gazetiniň internet saýtyndan tanşyp bilersiňiz !!! https://tyy-news.gov.tm/

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

12-nji awgustda Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de käbir meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Wise-premýer 2022-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Türkmenistanda Hazar deňziniň güni bellenildi

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni bellenildi. Bu baýramçylyk Hazarýaka döwletler tarapyndan her ýyl bellenilýär. “Hasyl” myhmanhanasynda geçirilen «Hazar deňzi — dostluk we ylalaşyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat baýramçylygyň esasy çäresi boldy. Bu forum hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan guraldy.

Magtymguly hakda sohbet

Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň öm­rü­ne we dö­re­di­ji­li­gi­ne de­giş­li her bir mag­lu­mat hä­zir­ki dö­wür­de Mag­tym­gu­ly­ny öw­re­niş yl­my üçin mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe. Şu jä­het­den biz söz us­sa­dy­nyň şyg­ry­ýet äle­mi­ne gel­şi ha­kyn­da şa­hyr Py­hy Ta­gan­dan ýa­zyp alan mag­lu­mat­la­rymyzy oky­jy­la­ra ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik. — Ir wagt­da men Et­rek­de 9-10 ýaş­la­rym­da az wagt oba mol­la­syn­da, soň­ra Ba­ýat­ha­jy­da açy­lan mek­dep­de oka­dym. Oku­wy arap elip­bi­ýi bi­len ýa­zy­lan harp­lar­da oka­ýar­dyk. 1926-njy ýyl­da Mag­tym­gu­ly­nyň goşgularynyň il­kin­ji ne­şi­ri çap edil­di. Oba­da ony okap bi­ler ýa­ly adam ýok di­ýen ýa­ly­dy. On­soň men ag­şam­la­ry­na öýü­mi­ze üýş­ýän adam­la­ra ony okap be­rer­dim. Şeý­le ýag­daý­da ýa­şu­lu­lar­dan Mag­tym­gu­la de­giş­li ro­wa­ýat eşit­sem, ony ýa­nym­da gö­ter­ýän dep­de­ri­me ýa­zyp alar­dym. Ine, şol eşi­den ro­wa­ýat­la­ry­myň bi­ri — di­ýip, Py­hy aga şu zat­la­ry gür­rüň ber­di.

Türkmenistanyň halkara başlangyçlary dünýä ýüzünde goldawa eýe bolýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamynyň ähli görnüşlerini döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyz üçin ykdysady taýdan bähbitli bolan täze gatnaw ugurlaryny ösdürmek uly ähmiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ulag toplumynyň ösüşiniň esasy aýratynlygy ýurdumyzyň, şeýle-de sebitleriň ösüşi üçin ykdysady taýdan bähbitli bolan halkara ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Ulag ulgamyny kämilleşdirmek “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Ýakynda ýurdumyzyň günbatar sebitinde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag boýunça maslahaty geçirilmegi hem bu ugurda möhüm ädimdir. Ýurdumyzda demir ýol, awtomobil, howa we suw ulaglary peýdalanylmak bilen, amatly, howpsuz halkara geçelgeleri döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda birnäçe iri ulag taslamalary durmuşa geçirilýär, ulag amatlyklarynyň bar bolan desgalarynyň durkuny täzelemek we täze desgalary gurmak işjeň ýagdaýda amala aşyrylýar, ýük we ýolagçy awtoulaglary täzelenilýär, halkara ulag geçelgelerini emele getirmek dowam edýär. Ata Watanymyzyň ajaýyp künjeklerinden biri bolan, kalbyňda gaýtalanmajak ajaýyp gözelligi emele getirýä

Ýol des­sur­la­ry

Türk­men­çi­lik­de uzak ýo­la dü­şü­len­de sag-aman ba­ryp-ge­lin­me­k üçin do­ga-di­leg edil­ýär. Hal­ky­my­zyň öz öýün­den uzak­da bo­lan­da, ýol­da ýa-da bir mak­sat bi­len ýo­la düş­jek gü­ni dün­ýä inen ça­ga Ýol­ly, Ýol­my­rat, Ýo­la­man ýa­ly at­la­ry goý­mak düz­gü­ni bar.

Kö­wa­ta

Gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da yn­san sag­ly­gy­na peý­da be­ri­ji ýer­ler sa­nar­dan köp. Ola­ryň kö­pü­si te­bi­gy taý­dan ýer­den ço­gup çyk­ýan der­man ga­ryn­dy­ly ýe­ras­ty köl­ler­dir. Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­dan 90 ki­lo­metr çeme­si uzak­lyk­da – Bä­her­den et­ra­by­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän Kö­wa­ta kö­li şeý­le ýer­le­riň bi­ri hök­mün­de bel­li­dir. Biz sä­her bi­len aw­tou­lag­da kö­le ta­rap ýo­la dü­şe­ni­miz­den, eý­ýäm Gün gyz­man­ka ol ýe­re ba­ryp düş­dük.

San­ly bilimiň gözýetimleri

Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan­da yk­dy­sa­dy we dur­muş ösü­şi ba­bat­da dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy döw­let­le­ri­niň tej­ri­be­le­ri­ni or­naş­dyr­mak, düýp­li yl­my esas­la­ra da­ýan­ýan giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­la­ryň hem-de me­ýil­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek ba­bat­da ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da in­že­ner­le­riň, teh­no­log­la­ryň hem-de yl­my iş­gär­le­riň tä­ze nes­li­ni ke­ma­la ge­tir­mek, ýaş­la­ry ylym we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­gam­la­ry­na çek­mek, jem­gy­ýe­tiň ylym-bi­lim kuw­wa­ty­ny ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň bin­ýa­dyn­da döw­re­bap öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri ba­ka­lawr­la­ry hem-de ma­gistr­le­ri taý­ýar­la­ýan bi­lim be­riş ul­ga­my­ny ýo­la goý­du­lar.

Halk­la­ry bir­leş­dir­jek köp­ri

Hä­zir­ki za­man ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­my­ny dö­ret­mek, ýur­du­my­zyň yk­ly­myň wa­jyp üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­si hök­mün­dä­ki or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­mak möhüm işleriň biridir. Bu iş­ler hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne, Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­den geç­ýän üs­ta­şyr gat­naw­la­ryň iş­jeň­leş­me­gi­ne, eks­port-im­port amal­la­ry­nyň döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk ama­la aşy­ryl­ma­gy­na giň ýol aç­ýar. 8-nji aw­gust­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ulag dü­zü­mi­niň mö­hüm des­ga­sy­nyň — Türk­men­ba­şy — Ga­ra­bo­gaz — Ga­za­gys­ta­nyň ser­he­di­ne çen­li bar­ýan aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň ug­run­da Ga­ra­bo­gaz­köl aý­la­gy­nyň üs­tün­den geç­ýän tä­ze aw­to­mo­bil köp­rü­si­niň düý­bü­ni tut­mak da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy.

Kä­rin­den ke­mal ta­pan

Hal­ky­myz­da «Adam ar­zuw­syz bol­maz, guş ga­nat­syz» di­ýen pä­him bar. Her bir adam ýaş­lyk­da bir kä­ri ar­zuw ed­ýär. Söz us­sa­dy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň «Yh­las bi­len bir kä­mi­le gol be­ren, Ýeter bir menzile, ýetmeýen galmaz» diýip aýdyşy ýaly, her bir adam yhlas etse, öz ar­zu­wy­na ýe­tip, söý­gü­li kä­ri­ne eýe bol­ýar. Ýaş­lyk­da ar­zuw­lan ar­zy­ly hü­nä­ri­niň eýe­si bo­lan­la­ryň bi­ri-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň «Aw­to­mo­bil ulag hyz­ma­ty» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň ýe­ňil tak­si aw­tou­la­gy­nyň sü­rü­ji­si Röw­şen Ata­ýew­dir. Bi­ze öz işi­ne yh­las­ly çe­me­le­şip, ýaş­la­ryň ara­syn­da ha­ly­pa­ly­ga ýe­ti­şen sü­rü­ji bi­len söh­bet­deş bol­mak mi­ýes­ser et­di.

Sa­ha­wat­ly­lyk

Ile-gü­ne ha­ýyr, mä­tä­je kö­mek, de­la­lat is­le­ýä­ne golt­gy ber­mek hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­na or­na­şan yn­san­per­wer ýö­rel­ge­dir. Bu ba­bat­da ata-ba­ba­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan «Ha­ýyr — be­re­ket, nur – reh­net», «Ha­ýyr işi Hu­da­ýam gol­dar­myş» ýa­ly na­kyl­lar dö­re­di­lip­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da gün-gün­den ro­waç al­ýan ha­ýyr­ly iş­ler ha­kyn­da gürrüň goz­ga­lan­da, öňi bi­len, göz öňü­ne ata-ba­ba do­wam edip gel­ýän yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe­ri­lip, ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra kö­mek ber­mek bo­ýun­ça dö­re­di­len Gurbanguly Ber­di­mu­ha­me­dow adyn­da­ky Ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy gel­ýär.

De­ňiz ke­na­ry­na görk ber­ýän top­lum

Dün­ýä ar­hi­tek­tu­ra sun­ga­tyn­da bi­na­la­ryň de­ňiz-der­ýalaryň ke­na­ry­na go­laý ýer­de gu­rul­ma­gy aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe ha­sap edil­ýär. Çün­ki şeý­le ýag­daý­da bi­na­lar şä­he­riň daş­ky keş­bi­ne aý­ra­tyn ýa­ra­şyk ber­mek bi­len bir ha­tar­da, adam­lar­yň ru­hy dün­ýä­si­ne oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da go­ja­man Ha­za­ryň tyl­la ke­na­ryn­da «Ro­waç» kot­tej­ler top­lu­my­nyň açy­lyp ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi ra­ýat­la­ry­myz­da de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk şat­lyk dö­ret­di. Bu tä­ze top­lum «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň dynç alyş-şy­pa­ha­na dü­zü­mi­niň üs­tü­ni ýe­tir­di.

Logistikada ýükleri ugratmak hyzmaty

Hä­zir­ki dö­wür­de lo­gis­ti­ka­da eks­pe­di­tor hyz­mat­la­ry ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň dur­nuk­ly we saz­la­şyk­ly ösü­şi­ne oňyn tä­sir ed­ýär. Lo­gis­ti­ka bi­len bag­lany­şyk­ly eks­pe­di­tor hyz­mat­lar in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň üs­ti bi­len ha­ryt do­lany­şy­gy­ny tiz­leş­dir­ýär. Eks­pe­di­tor hyz­mat­la­ry yk­dy­sa­dy taý­dan ba­ha­lan­dy­ry­lan­da ha­ryt do­lany­şy­gy üçin örän uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. ks­pe­di­tor hyz­mat­la­ry ul­ga­my­ny hil taý­dan tä­ze de­re­jä öwür­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, dün­ýä tej­ri­be­si­niň gör­ke­zi­şi ýa­ly, ýurt­da işiň dür­li ugur­la­ry­ny gur­şap al­ýan lo­gis­tik ul­ga­my­-da eks­pe­di­tor­la­ryň hyz­mat­la­ry yk­dy­sa­dy ösü­şiň mö­hüm şer­ti bo­lup, hä­zir­ki za­man ba­zar gur­şa­wyn­da ha­ryt­la­ryň do­lan­dy­ryş ul­ga­my­ny do­wam­ly kä­mil­leş­dir­ýär. Eks­pe­di­tor hü­nä­ri de­ňiz söw­da­sy we de­ňiz­de ýü­züş eks­pe­di­si­ýa­nyň göz­baş­la­ry bo­lup dur­ýar. Ga­dy­my dö­wür­de ha­ryt­la­ryň söw­da­sy we de­ňiz­de ýü­züş bir bi­te­wü­li­gi aň­la­dyp­dyr. Or­ta asyr­lar­da tä­jir gä­mä mü­nüp, ha­ryt­la­ry­ny özi ug­ra­dyp­dyr. Ug­ra­dyş por­tun­da gä­mi­niň eýe­si bi­len bi­le­lik­de ha­ryt­la­ry şol gä­mi­de ýer­leş­dir­mek we ola­ry ba­ryl­ýan port­da — söw­da­nyň bol­ýan ýe­rin­de dü­şür­mek ba­ra­da ala­da edip­dir. Şol dö­wür­de söw­da gat­na­şyk­la­ry, esa­san, or­ta asyr ba­zar­la­ry ar­ka­ly

Har­by-de­ňiz güýç­le­ri Wa­ta­nyň mi­ze­mez go­ra­gyn­da

Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­sy­na la­ýyk­lyk­da, de­ňiz ser­he­di­mi­ziň yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny hem-de el­deg­ril­me­siz­li­gi­ni üp­jün et­mek­ he­mi­şe üns mer­ke­zin­de dur­ýar. 10-njy aw­gust­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy Ser­dar Berdimuhamedow gün­ba­tar se­bi­ti­miz­de ýer­leş­ýän Har­by-De­ňiz Güýç­le­ri­niň «Gar­şy» de­ňiz bi­rik­me­sin­de «De­ňiz han» at­ly kor­wet ky­sym­ly har­by gä­mi bi­len ta­nyş­dy. «De­ňiz han» at­ly kor­wet ky­sym­ly har­by gä­mi gur­lu­şy­nyň aý­ra­tyn­ly­gy bi­len sö­weş­jeň müm­kin­çi­li­k­le­ri­ne eýe­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu hä­zir­ki za­man gä­mi­si­niň teh­ni­ki hä­si­ýet­na­ma­la­ry, bö­lüm­le­ri­niň iş­le­ýiş usul­la­ry bi­len ta­nyş­dy. Bu gä­mi gar­şy­da­şyň su­was­ty hem-de su­wüs­ti sö­weş­jeň gä­mi­le­ri­ni, gu­ry­ýer we ho­wa ny­şan­la­ry­ny ýe­ke­lik­de, gä­mi ug­ry to­pa­ry­nyň dü­zü­min­de ýok et­mek üçin ni­ýet­le­nen­dir. Şol bir wagt­da ol gar­şy­da­şyň gä­mi to­pa­ry­ny, de­sant otr­ýad­la­ry­ny ýok et­mek, öz güýç­le­ri­mi­zi pe­na­la­mak, top­lum­la­ýyn aň­taw iş­le­ri­ni alyp bar­mak su­wüs­ti we su­was­ty gi­ňiş­li­ge gö­zeg­çi­lik et­mek we­zi­pe­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýär.