Kä­rin­den ke­mal ta­pan

13 Awgust 2022
475

Hal­ky­myz­da «Adam ar­zuw­syz bol­maz, guş ga­nat­syz» di­ýen pä­him bar. Her bir adam ýaş­lyk­da bir kä­ri ar­zuw ed­ýär. Söz us­sa­dy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň «Yh­las bi­len bir kä­mi­le gol be­ren, Ýeter bir menzile, ýetmeýen galmaz» diýip aýdyşy ýaly, her bir adam yhlas etse, öz ar­zu­wy­na ýe­tip, söý­gü­li kä­ri­ne eýe bol­ýar.

Ýaş­lyk­da ar­zuw­lan ar­zy­ly hü­nä­ri­niň eýe­si bo­lan­la­ryň bi­ri-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň «Aw­to­mo­bil ulag hyz­ma­ty» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň ýe­ňil tak­si aw­tou­la­gy­nyň sü­rü­ji­si Röw­şen Ata­ýew­dir. Bi­ze öz işi­ne yh­las­ly çe­me­le­şip, ýaş­la­ryň ara­syn­da ha­ly­pa­ly­ga ýe­ti­şen sü­rü­ji bi­len söh­bet­deş bol­mak mi­ýes­ser et­di.

Beýleki habarlar