Türkmen deňiz ýakasynda halkara pudaklaýyn maslahatyň çärelerine badalga berildi

14 Awgust 2022
395

14-nji awgustda köpsanly daşary ýurtly myhmanlary göwnaçyk kabul edýän türkmen deňiz kenarýakasynda birnäçe serginiň açylyşy boldy. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatynyň çäklerinde guralan sergiler ulag toplumynda we logistikada gazanylan üstünlikleri, hödürlenilýän häzirki zaman hyzmatlarynyň giň gerimli görnüşlerini görkezýär.

Ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda geçirilýän ugurdaş pudaklaýyn forumlar döwletara söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýän bu ulgamda hyzmatdaşlygyň ýygjamlaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Beýleki habarlar