"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň deňiz portlary bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürer

Bakuwyň Halkara deňiz söwda porty bilen Türkiýäniň «Albayrak Holding» kompaniýasy özara hyzmatdaşlyk etmek barada şertnama baglaşdylar. Resminamalara gol çekişmek dabarasynyň dowamynda Baku portunyň Baş direktory Taleh Ziýadow şu ýylyň awgust aýyna meýilleşdirilen Ro-Ro terminalynyň işe girizilýändigini mälim etdi. Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň portlary bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygy nazarda tutmak bilen, degişli ugurlar boýunça durnukly üpjünçilik zynjyryny gurmak meýilleşdirilýär. Gol çekilen şertnamanyň çäklerinde Türkiýäniň «Albayrak Holding» kompaniýasy hem bu çözgüdiň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşar.

Möhüm ulgamda zamanabap gadamlar

Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllyk toýuna barýan hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz elmydama halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezinde. Döwrüň bedew bady bilen öňe barýan Galkynyşly günlerinde hormatly Prezidentimiziň ulag ulgamyny ösdürmäge berýän aýratyn üns-aladalary netijesinde uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine  18-19-njy iýulda paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatyň geçirilmegi-de aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran wekilçilikli forumyna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, bilermenler, maýadarlar, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu möhüm çäre ýurdumyzyň halkara üstaşyr ulag geçelgelerini ýaýbaňlandyrmakda, özara arabaglanyşygy we ösüşi gazanmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Türkmenistanyň Baştutany Merkezi Aziýada ulag hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň wajyplygyny nygtady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde Merkezi Aziýa sammitiniň dowamynda sebit ýurtlarynyň arasynda ulag hyzmatdaşlygynyň ösdürilemginiň wajyplygyny nygtady. “Türkmenistan häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýe bolmalydyr, has takygy, ony Ýewraziýanyň täze geoykdysady giňişligini kemala getirmegiň esaslarynyň birine öwürmek zerurdyr diýip hasaplaýar. Ulag we logistika bu strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

ULAG STRA­TE­GI­ÝA­SY: GEL­JE­GI NA­ZAR­LA­ÝAN DÜN­ÝÄ ÄH­MI­ÝET­LI IŞ­LER

18-nji iýul­da paý­tag­ty­myz­da Ýew­ra­zi­ýa­da yklymara ulag hyz­mat­daş­ly­gy­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga ba­gyş­la­nan «Hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri: öza­ra ara­bag­la­ny­şyk we ösüş» at­ly hal­ka­ra mas­la­haty açyldy. We­kil­çi­lik­li fo­ru­my­na mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, bi­ler­men­ler, ma­ýa­dar­lar, ýur­du­my­zyň we da­şa­ry ýurt­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da «Vitol», «Me­no Lo­gis­tics», «Boeing», «Dra­gon Oil», «Fly Du­bai», «Air­bus», «Car­go Lux» hal­ka­ra lo­gis­ti­ka we eks­pe­di­tor­çy­lyk kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, Ho­wa Ulag­la­ry­nyň Hal­ka­ra As­so­sia­si­ýa­sy­nyň (IATA), Hal­ka­ra gä­mi­çi­lik eda­ra­sy­nyň (ICS), Hal­ka­ra aw­to­mo­bil ulag­la­ry bir­le­şi­gi­niň (IRU), Mer­ke­zi Azi­ýa­da «USAID» mak­sat­na­ma­sy­nyň we­kil­le­ri bar. Mas­la­ha­tyň mej­lis­le­ri­ne hem-de pi­kir alyş­ma­la­ry­na hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we ma­li­ýe eda­ra­la­ry­nyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň, Azi­ýa­nyň Ösüş ban­ky­nyň, Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik mis­si­ýa­la­ryň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň aýdyň ýoly

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Azi­ýa­nyň mer­jen şä­he­ri Aş­ga­ba­dyň gö­zel kün­je­gin­de ýer­leş­ýän Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da «Hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri: öza­ra ara­bag­la­ny­şyk we ösüş» at­ly hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di. Ýew­ra­zi­ýa­da üs­ta­şyr ulag hyz­mat­daş­ly­gy­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga ba­gyş­la­nan bu hal­ka­ra mas­la­ha­tyň Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­ hem-de «Türk­men Fo­rum» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti bi­len bi­le­lik­de gur­al­ma­gy, bi­ziň ýur­du­myz­da döw­le­te da­hyl­ly we da­hyl­syz eda­ra­la­ryň ys­ny­şyk­ly iş­le­ri alyp bar­mak bi­len, bir mak­sa­da gul­luk ed­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Mas­la­ha­ta mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ne go­şant goş­ýan halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ry­nyň hünärmenleri gat­naş­dy­lar. Forumda oňa gat­na­şy­jy­lar ulag hyz­mat­la­ry­nyň dün­ýä ba­za­ry­nyň ýag­da­ýy, ýük akym­la­ry­nyň ugur­la­ry we ösü­şi, ula­gyň äh­li gör­nü­şi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni hem-de bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri, Ýew­ra­zi­ýa­da hal­ka­ra gat­naw­la­ra go­şu­lyş­mak we ola­ryň ugur­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak şert­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň üs­ta­şyr kuw­wa­ty­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da aw­to­mo­bil hem-de ho­wa ula­glary­nyň eýe­le­ýän or­ny, t

ŞPAL ÖNDÜRÝÄN ZAWODDA

Gahryman Arkadagymyzyň «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen baş ýö­rel­ge­sin­den göz­baş al­ýan uly tu­tum­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­tijesin­de mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty bar­ha beý­gel­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň beý­le­ki pu­dak­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, ýol, ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­my­ny ös­dür­mek­de dün­ýä nus­ga­lyk iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

GY­ZYL­ÝA­RY­MAÝ MIL­LI JEM­GY­ÝE­TI «DE­MIR­ÝOL­ÇU­DA» MYH­MAN­ÇY­LYK­DA

Gü­neş­li tom­suň bag-bak­ja­ly gö­zel Gök­de­rä­niň sa­pa­ly gu­ja­gyn­da­ky «De­mir­ýol­çy» ça­ga­lar sa­gal­dyş-dynç alyş mer­kez­in­de dynç alyş möw­sü­mi­niň üçün­ji tap­gy­ry do­wam ed­ýär. Mer­ke­ziň her bir gü­nü­niň wa­ka­la­ry ol ýer­de dynç al­ýan ça­ga­la­ryň kal­byn­da ýat­dan çyk­ma­jak ýa­kym­ly duý­gu­la­ry dö­red­ýär. Ýa­ňy-ýa­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl­ýa­ry­maý Mil­li jem­gy­ýe­ti­niň iş­gär­le­ri ýaş meý­le­tin­çi­le­ri bi­len bi­le­lik­de däp bo­lan ýö­rel­gä eýe­rip, dyn­ç alyş mer­kez­le­rin­de bo­lup, ol ýer­de «Bag­ty­ýar ça­ga­lyk» ady bi­len dür­li bäs­le­şik­le­ri ge­çir­di­ler. Gel­je­gi­miz bo­lan kör­pe­le­riň ru­hy taý­dan sag­dyn, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly bol­ma­gy üçin mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lan bäs­le­şik­de ça­ga­lar ki­taby labyzly oka­mak, ertekileri gürrüň bermek, şy­gyr­la­ry ýat tutmak ýa­ly dür­li ugur­lar­da ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­di­ler. Bäs­le­şik­de ýe­ňi­ji bo­lan ça­ga­la­ra sow­gat­lar gow­şur­yldy.

AKYL ÇEŞ­ME­SI

Hä­zir­ki dö­wür­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len şa­hy­ryň hal­ky­my­za go­ýan ede­bi mi­ra­sy­ny do­lu­ly­gy­na öw­ren­mäge giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.