Güneşli tomsuň bag-bakjaly gözel Gökderäniň sapaly gujagyndaky «Demirýolçy» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde dynç alyş möwsüminiň üçünji tapgyry dowam edýär. Merkeziň her bir gününiň wakalary ol ýerde dynç alýan çagalaryň kalbynda ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary döredýär.
Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Gyzylýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri ýaş meýletinçileri bilen bilelikde däp bolan ýörelgä eýerip, dynç alyş merkezlerinde bolup, ol ýerde «Bagtyýar çagalyk» ady bilen dürli bäsleşikleri geçirdiler. Geljegimiz bolan körpeleriň ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin möhüm ähmiýete eýe bolan bäsleşikde çagalar kitaby labyzly okamak, ertekileri gürrüň bermek, şygyrlary ýat tutmak ýaly dürli ugurlarda ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde ýeňiji bolan çagalara sowgatlar gowşuryldy.