"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Saglyk ýoluny ylgap geçmek

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 2024-nji ýy­lyň maý aýyn­da ýur­du­myz­da üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň Hö­kü­met baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň «Ar­ka­la­şy­gyň tä­ze sport müm­kin­çi­lik­le­ri­niň şä­he­ri» diý­lip yg­lan edil­me­gi, şeý­le hem Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len hem-de Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za döw­let­le­riň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gyn­da «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi Ga­raş­syz ýur­du­myz­da spor­ty ös­dür­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re ber­len ýo­ka­ry ba­ha­nyň ne­ti­je­si­dir.

Sag­lyk — di­li­mi­ziň se­na­sy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 «Bar za­dyň sa­ka­sy — sag­lyk» diý­ýän hal­ky­myz dur­mu­şyň öze­ni, bag­tyň owal özi, be­de­niň abat­ly­gy hök­mün­de baş sag­ly­gy­ny her­ki zat­dan ile­ri goý­ýar. Sag­dyn iý­mit­len­mek, şah­sy gi­gi­ýe­na ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­mek, yzy­gi­der­li sport bi­len meş­gul­lan­mak be­den sag­ly­gy­my­zyň göz­ba­şy­dyr. Sag­lyk jem­gy­ýe­ti­mi­ziň äh­lu­mu­my gym­mat­ly­gy ha­sap­lanyl­ýar.

Bedenterbiýe we saglyk

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Döw­le­ti­mi­ziň pa­jar­lap ös­ýän döw­rün­de, be­den­ter­bi­ýe esa­sy üns be­ril­ýän ul­gam­dyr. Be­den­ter­bi­ýe — bu sag­dyn­ly­ga ba­kan ýol. Be­den­ter­bi­ýe bi­len meş­gul­lan­ma­gyň ne­ti­je­le­ri sag­ly­gyň göz­ba­şy­na elt­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gymyzyň, Ar­ka­dagly Gah­ry­man Serdary­my­zyň gö­rel­de­si­ne eýe­rip ýur­du­myz­da, şol san­da bü­tin dün­ýä­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ýaý­baň­lan­dyr­mak üçin yzy­gi­der­li ta­gal­la­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu bol­sa adam be­de­nin­de dö­räp bi­läý­jek ýo­kanç ke­sel­ler­den go­ran­mak üçin köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­niň ös­me­gi­ne ge­tir­ýär.

Sag­dyn­lyk — bag­ty­ýar­lyk

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne çyk­ýan ýur­du­myz gys­ga döw­rüň için­de äh­li ugur­lar­da ýo­ka­ry üs­tün­lik­le­re eýe bol­dy. Di­ýa­ry­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­kit­mek, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek ba­bat­da hem ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şu ýy­lyň 11 — 16-njy no­ýab­ry ara­ly­gyn­da paý­tag­ty­myz­da 14 ýa­şa çen­li og­lan-gyz­la­ryň ara­syn­da ten­nis bo­ýun­ça «Ash­ga­bat Open 2024» at­ly hal­ka­ra ýa­ry­şyň ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­me­gi we on­da türk­men tür­gen­le­ri­niň uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­mak­la­ry hem mu­nuň aý­dyň gü­wä­si bol­dy.

Ten­nisiň sag­ly­ga peý­da­sy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Spor­tuň iň tä­sin we gy­zyk­ly gör­nüş­le­ri­niň bi­ri hem ten­nisdir. Onuň saglyga peýdaly taraplary diýseň kändir. Sportuň bu görnüşi tür­ge­ne öz tä­si­ri­ni ýe­ti­rip, el­my­da­ma şäh­da­çyk ed­ýär. Fi­zi­ki iş­jeň­lik­den baş­ga-da, ten­nis lo­gi­ka­ny öw­red­ýär. Şo­nuň üçin «Ten­nis nä­mä­ni ös­dür­ýär?» di­ýen so­ra­ga myş­sa to­par­la­ry­ny ös­dür­ýär di­ýen jo­gap bi­len çäk­le­nip bil­me­ris. Oýun­da iň esa­sy he­re­ket onuň stra­te­gi­ýa­sy­na, tak­ti­ka­sy­na, gar­şy­da­şyň oňaý­ly ta­rap­la­ry­ny ha­sap­la­mak, he­re­ket­le­ri­ni çak­la­mak we şuňa meňzeşler bi­len bag­ly­dyr. Ten­nis, äh­li myş­sa to­par­la­ry­ny di­ýen ýa­ly go­wy ýag­daý­da sak­la­ma­ga kö­mek ed­ýär. Dem alyş we ýü­rek ul­gam­la­ry­ny, gan aý­la­nyş işi­ni, kis­lo­rod ýet­mez­çi­li­gi­ni, gö­züň gö­re­ji­ni go­wu­lan­dyr­ýar we ýaş bi­len bag­lan­yşyk­ly gaýra üzülmeleriň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Ten­nis iň howp­suz sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir.

«Saglygyň gadryny bilgil...»

✓ — Gyş paslynda ýagyş-ýagmyrdan soň kiçi ýaşly çagalaryň ýeke özüniñ köçä çykmagyna ýol bermeli däl, gartaşan adamlar hem seresap bolmaly. ✓ Sowuk, şemally howada adamyň başy ýyly ýaglyk ýa-da başgap bilen örtülen bolmaly.

Sagdynlyk kadalary

Gyş paslynda bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly. Açyk howada gezelenç etmeli.

Belent sepgitler bilen aýdyň geljege

Ata Watanymyzyň beýik ösüşlere beslenýän zamanasynda hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ähli pudaklary, aýratyn hem, saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmekde amala aşyrylýan maksatnamalar ýurdumyzda ynsan saglygynyň döwletiň iň gymmatly baýlygy hökmünde möhüm orun eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bilşimiz ýaly, saglygy goraýyş ulgamy jemgyýetiň iň wajyp sütünleriniň biridir. Raýatlaryň saglygyny goramak we durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler her bir döwletiň ösüş derejesiniň möhüm görkezijileriniň biri bolup durýar. Şunda ýurdumyzda bu pudagy ösdürmegiň, maddy-üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmagyň çäklerinde häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryň gazananlaryndan netijeli peýdalanylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda döwrüň kämil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalar, saglyk merkezleri dürli keselleriň irki döwürde anyklanmagyna, şeýle hem ýokary derejeli bejergi almaga şert döredýär. Şonuň bilen bir hatarda, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, raýatlaryň bu ugurdaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça hem ençeme işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Täze ýyl saçagynyň bezegi

Täze ýyl baýramçylygy adamlara ruhy şatlyk paýlaýar, kalplara nuranalyk çaýýar. Bu baýramçylygyň beýleki dabaralardan aýratyn tapawutly tarapy, naz-nygmatlardan doly, dürli-dümen süýjüliklere we azyk önümlerine baý saçak bilen garşylamak däbi bar. Munuň düýp sebäbi, halkyň arasyndaky: «Täze ýyly nädip garşylasaň, bütin ýyly şonuň ýaly geçirersiň» diýen ynançdan gözbaş alýar. Baýramçylyk saçagy sahylyk, bolluk bilen bezelse, geljek ýylyň berekedi hut şoňa bagly hasaplanylýar. Şonuň üçinem her bir maşgalanyň uly-kiçi agzasy toý saçagyny giňden ýazyp, arzuw-niýet edýär. Baýramçylyk saçagyny ýazanyňyzda käbir düzgünleri ýerine ýetirmegiňizi, arassaçylyk kadalaryna eýermegiňizi maslahat berýäris. Täze ýyl saçagynda arassaçylyk talaplaryny doly we dogry berjaý etmeli. Baýramçylygyň öňüsyrasynda ähli otaglarda arassaçylyk işlerini geçirmeli. Saçaga goýuljak azyk önümler ter we arassa bolmaly. Gök önümleri we miweleri akar suwuň aşagynda gowy edip, göwnejaý ýuwmaly. Işdäaçarlar we tagamlar aýratyn gapda, bölek ýagdaýda saklanylmalydyr.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Peýdaly maslahatlar Gyş paslynda wirusly ýiti respirator kesellerinden goranmaly.

Saglygym — begligim

♦Gyş paslynda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. ♦Möwsümleýin ýiti respirator keselleriniň ýüze çykmak alamatlary peýda bolanda, hökman maşgala lukmanyny çagyrmaly.

Sag­dyn­lyk — bag­ty­ýar­ly­ga uza­ýan ýol

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni giň­den or­naş­dyr­mak, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty wa­gyz et­mek hem-de ös­dür­mek, sag­ly­gy go­ra­ýyş we sport ba­bat­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mil­li se­ne­na­ma­myz­da uly orun alan bir­nä­çe baý­ram­çy­lyk­lar­da Wa­ta­ny­my­zyň gö­zel paý­tag­ty Aş­ga­bat şä­he­rin­de we ýur­du­my­zyň beý­le­ki ýer­le­rin­de hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne laýyk gel­ýän köp­san­ly sport des­ga­la­ryn­da spor­tuň köp gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik­le­riň, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe we me­de­ni çä­re­le­riň, şeý­le hem sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek bo­ýun­ça giň möç­ber­li çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk­da, il ag­zy­bir­li­gin­de we je­bis­li­gin­de ge­çi­ril­me­gi ra­ýat­la­ry­myz­da uly ru­hu­be­lent­lik duý­gu­la­ry­ny dö­red­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz: «Äh­li go­wu­lyk­la­ryň hem ro­waç­lyk­la­ryň sa­ka­sy sag­lyk­dyr. Be­den, aň we ruh saz­la­şy­gy­ny dö­ret­mek, güýç bi­len ru­hy ut­gaş­dyr­mak, ka­da­ly iý­mit­len­mek, zy­ýan­ly en­dik­ler­den daş­da dur­mak, zäh­met bi­len dynç al­şy saz­la­şyk­ly ut­gaş­dyr­mak, spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak yn­san sag­dyn­ly­gy­nyň esa­sy ý

Sag­dyn sy­na­nyň sa­pa­sy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 «Sag­dyn­lyk, aba­dan­lyk, je­bis­lik ýö­rel­ge­le­ri­niň ama­la aşy­ryl­ma­gy adam­la­ryň yk­ba­lyn­da­ky tä­ze dö­wür­dir, ada­myň bar­ha gym­ma­ty art­ýan der­wa­ýys dur­muş en­dik­le­ri­niň we ýa­şaý­şa yna­my­nyň su­but edi­len dur­muş sa­hy­pa­sy­dyr. Dur­mu­şyň bi­ze gal­dy­ran sag­dyn ýa­şa­mak ba­bat­da­ky tym­sa­ly­nyň maz­mu­ny sport­da jem­len­ýär. Sport — sag­lyk, ro­waç­lyk. Bu­lar bol­sa mak­sa­dyň we yh­la­syň bi­te­wü­leş­me­gin­de ha­syl bol­ýan ar­zy­ly mak­sa­dy­myz­dyr.» Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» at­ly aja­ýyp ki­ta­byn­dan al­nan bu gym­mat­ly jüm­le­ler­den hem gör­nü­şi ýa­ly, sag­dyn­lyk dü­şün­je­si öz içi­ne örän köp za­dy al­ýar. Bu ha­kyn­da oý­lan­mak, bil­mek her bir ada­ma, aý­ra­tyn-da ýaş nes­le örän wa­jyp­dyr.

Mel­hem paý­la­ýan ki­tap

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ata Wa­ta­ny­my­zyň as­tam baý­lyk, üs­tem. Be­re­ket­li top­ra­gy­my­zyň hal­ky­my­za eçi­len peş­ge­şi­niň özi ba­ha­syz baý­lyk­dyr. Bu top­ra­gyň dö­red­ýän gud­ra­ty­na haý­ran ga­laý­mak gal­ýar. Gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da bit­ýän her bir otuň der­man­lyk ha­sap­lan­ma­gy ata-ba­ba­la­ry­myz­dan ga­lan asyl­ly dü­şün­je­dir. El­bet­de, türk­men top­ra­gyn­da bit­ýän her bir otuň der­man­lyk hä­si­ýe­ti diý­seň ulu­dyr. Ola­ryň te­bi­gy­ly­gy we tä­sir edi­ji­li­gi beý­le­ki eme­li der­man se­riş­de­le­ri­niň­ki­den ýo­ka­ry­dyr. Yn­san sag­ly­gy­ny we ony ber­kit­mek ba­ba­tyn­da hal­ky­myz ýo­ka­ry tej­ri­bä eýe­dir. Müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da pe­der­le­ri­miz ja­na mel­hem ot­la­ry­my­zy go­rap sak­lap, yh­las bi­len olar ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry iň kä­mil de­re­je­de al­nyn­dan ak gün do­gan döw­le­ti­mi­ziň ne­sil­le­ri­ne go­ýan mi­ra­sy­dyr.

Saz we sag­lyk

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Alym­lar sa­zyň ça­ga­nyň fi­zi­ki ösü­şi­ne ýe­tir­ýän tä­si­ri­ni çuň­ňur öw­ren­me­gi do­wam ed­ýär­ler. Ene­ler öz per­zent­le­ri­ne hüw­di ýa­ly ýa­kym­ly aý­dym-saz­la­ry hiň­le­nip ber­me­li. Ça­ga hüw­dü­len­se ýa-da oňa gy­zyk­ly er­te­ki gür­rüň be­ril­se, ol ra­hat uk­la­ýar. Şeý­le hem aý­dym–saz ýa­ňy gep­läp baş­lan ça­ga­lar üçi­nem äh­mi­ýet­li­dir, se­bä­bi ça­ga goş­gu­la­ry, aý­dy­myň söz­le­ri­ni go­wy ýat­da sak­la­ýar, ola­ry öw­ren­mä­ge uly hö­wes bil­dir­ýär.

Welosipediň saglyga peýdasy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 We­lo­si­ped spor­tuň beý­le­ki gör­nüş­le­ri ýa­ly, ada­myň he­re­ke­ti­ni iş­jeň­leş­dir­ýär. Ýö­ri­te­leş­di­ri­len ug­ry bo­ýun­ça do­ly ae­rob maşk­la­ry bo­lup, gan aý­la­nyş, dem alyş, da­ýanç he­re­ket ediş ul­ga­my­ny ber­ki­di­ji ha­sap­lan­ýar. We­lo­si­ped ýü­rek-da­mar ul­ga­my­nyň iş­jeň­li­gi­ni gow­lan­dyr­ýar. Şeý­le-de, im­mun ul­ga­my­ny ber­kid­ýär. Dem alyş ul­ga­my­ny ka­da­laş­dyr­ýar.

Kitap okamagyň saglyga peýdasy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Kitap – ylymlar dünýäsiniň açary bolmak bilen saglygyň bir çeşmesidir. Kitaby söýüp okaýan adam oňa çyn dosty hökmünde garaýar. Çyn dost bolsa hemişe seniň ugruňda alada edýär. Ol alada-da seniň jan saglygyňdyr. Alymlar kitaby ymykly okaýan adamlaryň durmuş endikleriniň kämilleşýändigini, saglygynyň bolsa berkemegine getirýändigini anykladylar. Ýogsam-da kitap okamagyň saglyga 7 peýdasy hakynda gürrüň edýärler. Olar nämekä?

Ýola goýmaly endikler

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024  Her bir yn­sa­nyň özü­ne mah­sus hä­si­ýe­ti­niň we te­bi­gy aý­ra­tyn­ly­gy­nyň bar­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, uzak gün­ki iş­den ýa-da ýa­daw­lyk­dan soň, öý­de kä­bir zat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi ýo­la goý­ma­ly. Bi­ler­men­ler ge­re­gin­den ar­tyk ýa­typ dynç al­ma­gyň de­re­gi­ne, öý­de maş­ga­la ag­za­la­ry bi­len bi­le­lik­de meş­gul­la­nyp bol­jak dynç alyş en­dik­le­ri­ne eýer­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Bu en­dik­ler ada­myň iş­jeň­li­gi­ni art­dy­ryp, stre­si we ala­da­la­ry ara­dan aýyr­ýar. Şeý­le-de, ada­myň özü­ni şa­dy­ýan we ra­hat duý­ma­gy­na kö­mek ed­ýär.

Bagtyýarlygyň çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, halkara guramalar bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda ýurdumyzda giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyzda ilatyň saglygyny goramaga, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga hem-de jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasaty işjeň durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirilip, guwandyryjy netijeler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan beýik işlerini mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygy we abadançylygy ähli zatdan ileri tutulyp, her bir raýatyň saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Alym Arkadagymyzyň keremli topragymyzda ösýän ösümlikleriň ynsan saglygyna peýdaly melhemlik häsiýetleri barada giňişleýin maglumat berýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplary diňe bir lukmanlaryň ýankitaby bolman, eýsem, halk köpçüligi üçin hem gymmatly gollanma öwrüldi. Bu ajaýyp kitaplar ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kämilleşdirip, türkm

Ýorunja — dermanlyk melhem

Ýurdumyzda köp duş gelýän ösümlikleriň biri bolan ýorunja dermanlyk aýratynlyklary bilen bellidir. Ýorunjanyň baý himiki düzümi bardyr, ol bedeniň dowamly ýadawlygyna garşy kömek edýän A, B, C, D, E, P witaminlerine, bedeniň gyzgynyny peseldýän we sowuklama garşy täsirleri bolan salisil turşusyna baýdyr. Ýorunjanyň düzüminde köşeşdiriji häsiýetlere eýe bolan, kelle agyryny we baş aýlanmagyny aýyrmaga kömek edýän efir ýagy şeýle-de karotin, uglewodlar, steroidler, saponinler, fenolkarboksil turşulyklary, ýag we mikroelementler (mis, marganes, bor, kobalt) bar. Halk lukmançylygynda ýorunja sowuklama we üsgülewüge garşy, agyz boşlugynda, nemli örtüklerde döreýän sowuklama, allergiýa garşy ulanylýar. Ýorunja bagyr kesellerinde, bronhial demgysmada, tapdan düşüp, güýjüň ýitmeginde, stenokardiýada, kelle agyryda we baş aýlanmada, süýji keselinde, guragyryda, ganazlykda, çyban ýaly ýaralarda we ýanmalarda täsirli dermanlyk serişdeleriň biri hökmünde ulanylýar. Wirus keselleriniň ýaýraýan döwründe ýorunja çaýy we gaýnatmasy immuniteti ýokarlandyrmak, bedene toniki täsir etmek üçin ulanylýar. Melhemi taýýarlamak üçin bir bulgur gaýnag suwa bir çaý çemçesi ýorunja gülüni guýup, 15 minut demine goýmaly. Ýorunja gaýnatmasy üçin ony 5-10 minut gaýnadyp, sowandan soň süzüp içmeli. Ony nahardan öň günde birnäçe gezek içmek maslahat berilýär. Çaý süýji keseli, kelle agyry, baş aýlanmak, sowukl