"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

1-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawaly kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşurmak bilen, döwlet Baştutanymyza Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Werner Ýohannisiň mähirli salamyny hem-de onuň özygtyýarly ösüş ýolundan ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen däp bolan dostluk, oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigi baradaky sözlerini ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna gatnaşdy

1-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli guralan foruma hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen gurultaýyň dowamynda geçen döwürde ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenildi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu guramanyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi we birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.

Türkiýeden Türkmenistana 9 sany ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkmenistandan Türkiýä we Türkiýeden yzyna dokuz sany ýörite uçar gatnawyny amala aşyrar. Bu maglumat «Turkmenportalyň» redaksiýasyna 085 gysga belgili Aşgabat halkara howa menziliniň maglumatlar bölümi tarapyndan habar berildi. Uçuşlary Türkmenabat — Stambul ugry boýunça 7-nji, 11-nji, 15-nji, 20-nji, 24-nji, 28-nji we 2-nji oktýabrda, Türkmenbaşy — Stambul ugry boýunça 1-nji, 3-nji sentýabrda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Ýörite guralýan uçar gatnawlar bilen koronawirus pandemiýasy sebäpli howa gatnawy togtadylandan soň bu ýurtda galmaga mejbur bolan türkmenistanlylar yzyna gaýdyp gelerler. Mundan başga-da, Turkish Airlines 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistana dokuz sany ýörite uçar gatnawy amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Uçuşlar hepdede iki gezek — duşenbe we anna günleri amala aşyrylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabry) Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar ýaşlary!Hormatly professor-mugallymlar!Gadyrly gurultaýa gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VII gurultaýyna gatnaşyjylara we ýurdumyzyň ähli ýaşlaryna

Hormatly gurultaýa gatnaşyjylar!Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlary! Sizi Garaşsyz döwletimiziň işeňňir hem-de öňdebaryjy jemgyýetçilik guramasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bütin durky bilen Watana bolan beýik söýgä ygrarly, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dostlugy özlerine ýörelge edinen ýaşlarymyzyň durmuşynda uly orun aljak bu gurultaýyň örän netijeli hem-de üstünlikli geçmegini arzuw edýärin.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!Mähriban talyplar, eziz okuwçylar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň jemgyýetçilik durmuşynda uly orun tutýan ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2022-2023-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýramçylygyň ýokary ruhubelentlik döredip, ösüşleriň aýdyň ýolundan öňe barýan eziz Watanymyza söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Balkan welaýatynda täze awtomobil we demir ýollary gurlar

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş­-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-­nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, Balkan welaýatynda içerki awtomobil ýollaryny, demir ýol halkalaryny gurmak, bar bolanlarynyň durkuny döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Balkanabat — Jebel — Gözliata — Gyzylgaýa, Balkanabat — Gumdag — Esenguly — Etrek — Magtymguly — Çendir, Balkanabat — Hazar, Serdar — Magtymguly — Daýna, Serdar — Çerkezli — Daşoguz ugurlary boýunça awtomobil, Türkmenbaşy — Gyzylgaýa — Daşoguz (700 km) demir ýollarynyň gurulmagy ilatyň durmuş-ykdysady abadançylygyny pugtalandyrmaga itergi berer.

Halkara ulag forumynyň Baş sekretary Türkmenistana geler

Halkara ulag forumynyň Baş sekretary Kim Ýen Te Merkezi Aziýa boýunça saparynyň çäklerinde Türkmenistana gelmegi maksat edinýär. Bu barada sekretariaty Parižde ýerleşen guramanyň baştutany sişenbe güni Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew bilen duşuşygynyň barşynda aýtdy. Şeýle hem Kim Ýen Te Türkmenistany HUF-niň agzasy bolmaga çagyrdy hem-de ulag ulgamynda, sebit we yklym derejesinde ulag geçelegelerini döretmek barada başlangyçlary öňe sürmekde hem-de olary ösdürmekde ýurduň halkara derejesinde eýeleýän ornunyň güýçlenýändigini nygtady.

“Demirýollary” AGPJ we Türkmenbaşy halkara deňiz porty ýük dolanyşygyny ýylda 400 müň TEU çenli artdyrar

"Demirýollary" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýük daşamagyň ýylda 400,000 konteýner (TEU) möçberini gazanmagy meýilleşdirýärler. Munuň üçin ähli şertler bar. Pandemiýadan soňky konteýner dolanyşygy ähli ugurlarda, şol sanda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň demirýol edaralary tarapyndan gol çekilen bäştaraplaýyn teswirnama laýyklykda ösýär. Şeýlelik bilen, bu ugur boýunça 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2 esse köp konteýner daşaldy.

Türkmenistan multimodal ugur boýunça Hytaýa buýan köküniň uly tapgyryny ýetirdi

"Bir Kuwwat" türkmen kompaniýasy Hytaýyň Shanxi Investment Group International Logistics Co Ltd kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda multimodal ugur boýunça Türkmenistandan Hytaýa 850 tonna buýan köküniň iberilmegini üpjün etdi. Ýük Türkmenabatdan ugradyldy we ilki bilen Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna getirildi. Soňra ol deňiz ýoly arkaly Gazagystanyň Aktau şäherine çenli iberildi. Şol ýerden ýük demirýol ulagy arkaly HHR-de Horgos serhet stansiýasyndan geçdi hem-de şondan bellenen nokadyna – Sian şäherine gelip gowuşdy.

“Il saglygy – ýurt baýlygy”

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalary bilen raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda, kopçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdurmek, ýurdumyzyň abadançylygyny gowulandyrmak ugrunda uly tagallalar edilýar. Sagdynlygyň hem-de gülläp ösüşleriň, ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistan Watanymyzda ýurdumyz üçin uly baýlyk bolan adamyň jan saglygynyň goragyny ýokary derejä ýetirmek maksady bilen uly işler alnyp barylýar. Ýakynda Türkmenabat şäheriniň ajaýyp künjekleriniň birinde Diýarymyzyň yzygiderli kämilleşdirilýän saglygy goraýyş ulgamyna degişli düzümiň nobatdaky täze desgasynyň açylmagy ilatyň saglygyny goramakda döwlet derejesinde alnyp barylýan giň gerimli işleriň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähriban halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy baradaky bimöçber aladasynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän, zyýanly endiklerden daşda durýan raýatlaryň yzygiderli artýandygyny, ýaşlaryň arasynda sport we bedenterbiýesi bilen meşgul bolýanlaryň köpelýändigi Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmekde, ilatyň saglygyny goramakda alyp barýan toplumlaýyn-ulgamlaýyn häsiýetli giňişleýin çäredir, işleriniň netijesi bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp b

Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine

Hormatly dabara gatnaşyjylar!Gadyrly türgenler! Sizi Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde geçirilen V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gutlaglary

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Ismail Sabri Ýakoba, Malaýziýanyň XVI Ýokary Baştutany Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibn Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa we ýurduň ähli halkyna Malaýziýanyň Milli gününiň şanly 65 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlar boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynanýaryn” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

29-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşyna garaldy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim welaýatda işleriň ýagdaýy, bugdaý ekişine başlamaga taýýarlyk görlüşi, hususan-da, ýerleri ekişe taýýarlamak, ekişi agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek üçin alnyp barylýan işler, zerur tohumlaryň, tehnikalaryň we gurallaryň, mineral dökünleriň ekişe taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen baglylykda, pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi, hususan-da, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň möwsüme taýýarlanylyşy barada aýdyldy.

Türkmenbaşy porty "Demirgazyk-Günorta" Halkara ulag geçelgesiniň täze merkezine öwrülip biler

Türkmenistan "Demirgazyk-Günorta" Halkara ulag geçelgesine (INSTC) goşulmagy meýilleşdirýär, şeýlelik bilen, HUG Hazar deňzinde Türkmenbaşy halkara portunyň goşulmagy arkaly goşmaça ugur mümkinçiligini alar. Bu barada geçen hepde Awazada geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleri derejesindäki maslahatyň dowamynda hem aýdyldy we "Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekiliýetiniň Astrahan oblastyna we portlaryna baryp görmegi bu sözleri tassyklaýar.

Türkmen wekiliýetiniň Astrahana eden sapary netijesinde täze maýa goýum taslamalaryna garaşylýar

Türkmenistanyň ulag toplumynyň wekiliýeti Astrahan oblastyna iş saparyny tamamlady, ozal Aşgabatda sebitiň gubernatory Igor Babuşkin bilen bolan duşuşygyň dowamynda bu babatda ylalaşyk gazanylypdy. Oblastda üç günläp dowam eden saparyň çäklerinde “Türkmen deňiz we derýa ýollary” agentliginiň wekilleri “Flotproekt” konstruktorlyk býurosyna, Hazar deňiz we derýa ulaglary institutyna, portlara, gurluşygy dowam edýän “Lotos” aýratyn ykdysady zolaga we adybir gämigurluşyk zawodyna baryp gördüler.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti we logistika ulgamyny ösdürmegiň wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 26-njy awgustda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident Maksatnamasyny we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan we Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň ugurdaş kanunçylygy esasynda döwrebap halkara görkezijilere laýyk gelýän milli elektron kommunikasiýa ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga we ony giňden peýdalanmaga, olary taýýarlaýjylar üçin degişli şertleriň döredilmegine, bu ugurda utgaşykly işiň ýola goýulmagyna gönükdirilen degişli Kararyň taslamasy taýýarlanyldy.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Stambul ugry boýunça gatnawlaryny artdyrýar

Soňky döwürde Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ýörite uçar gatnawlarynyň sany yzygiderli artýar. Bir tarapdan “Türkmenistan” awiakompaniýasy, beýleki tarapdan “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy Türkmenistan-Tükriýe ugry boýunça ýorite gatnawlary ýerine ýetirip gelýär. Gelip gowşan täze habara görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasy şu gün we düýn Stambul ugry boýunça ýörite gatnawyny ýerine ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

27-nji awgustda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Bu ýerde hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Awaza derýasynyň çekilmegi bilen ynsan saglygy üçin ýakymly howa gurşawy emele geldi. Munuň özi ýurdumyzda adamlaryň saglygy we ýokary derejeli dynç alşy ugrunda edilýän aladanyň döwlet syýasatynda möhüm orun eýeleýändigini görkezýär.