Türkmenbaşy porty "Demirgazyk-Günorta" Halkara ulag geçelgesiniň täze merkezine öwrülip biler

30 Awgust 2022
453

Türkmenistan "Demirgazyk-Günorta" Halkara ulag geçelgesine (INSTC) goşulmagy meýilleşdirýär, şeýlelik bilen, HUG Hazar deňzinde Türkmenbaşy halkara portunyň goşulmagy arkaly goşmaça ugur mümkinçiligini alar.

Bu barada geçen hepde Awazada geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleri derejesindäki maslahatyň dowamynda hem aýdyldy we "Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekiliýetiniň Astrahan oblastyna we portlaryna baryp görmegi bu sözleri tassyklaýar.

Beýleki habarlar