"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Türkmen maşgalasy - edebiň hem terbiýäniň öýi

Berkarar dӧwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy dӧwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda dӧwletimiz barha uly ӧsüşlere we ӧzgerişlere eýe bolýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän, il-halk bähbitli amala aşyrylýan asylly işler her bir raýatyň watançylyk duýgusyny, ene topragyna bolan päk sӧýgini has-da pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr» diýen ajaýyp şygarynda adam hakdaky, aýratyn hem milletimiziň genofonduny gorap saklamak baradaky aladanyň bimӧçberdigini bu günki gün biziň ählimiz duýup ýaşaýarys. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, her bir maşgalanyň berk, kämil bolmagy we abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler dӧredilýär. Bu ugurda toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda maşgalany goramak we ony goldamak dӧwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Maşgala gatnaşyklaryny we maşgalada çaga terbiýesi baradaky kadalary düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň dӧwrüň talabyna gӧrä kämil we halkara hukuk kadalaryna laýyk bolmagy üçin netijeli işler amala aşyrylýar. Adamzat özüniň uzak taryhy ýolunda maşgala bolup ýaşamaga uly sarpa goýup gelipdir. Häzirki döwürde hem türkmen maşgalasyna goýulýan sarpa, hormat uludyr. Maşgala - adamzadyň hojalyk döretmeginiň, öz durmuşyny ýöretmeginiň, çaga terbiýelemegiň esasy binýady bolup durýar. Asyrla

Ýurdumyzyň oba hojalygy pudagynda ösüşiň giň mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy wezipesi oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek, ösdürmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döredip, daşary ýurtlardan getirilýän möçberini azaltmak, eziz Diýarymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, oba zähmetkeşleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Döredilýän bu giň möçberli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmagy başarýan türkmen daýhany ene ýere maňlaý derini, päk zähmetini siňdirip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna öz mynasyp goşandyny goşýar. Daýhanlarymyzyň yhlasy, türkmeniň çogly güneşiniň gudraty bilen galla meýdanlarymyzda guşgursak ak bugdaýyň, pagta meýdanlarymyzda bereketli ak altynyň, miwe we bakja önümleriniň gözüňi dokundyrýan hasyly ýetişdirilýär. Obasenagat toplumyny yzygiderli ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmeginde ähmiýetlidir. Bu pudakda işiň netijeliliginiň ýo

Daşoguzda ýolagçy awtoulag terminalynyň gurluşygy jemleýji tapgyrda alnyp barylýar

Daşoguz şäherinde gurulýan täze ýolagçy awtoulag terminalynyň gurluşyk işleri jemleýji tapgyra gadam basýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiriniň sahypalarynda habar berilýär. Häzirki wagtda täze taslamanyň gurluşyna degişli bolan esasy binanyň we dürli maksatly beýleki desgalaryň gurluşygy tamamlandy. Şu günki günlerde bu ýerde içerki bezeg işleri alnyp barylýar we daş-töweregi abadanlaşdyrmak işleri geçirilip, giriş ýollary asfaltlanýar.

Türkmenistan daşary ýurtlaryň awtoulaglarynyň eýelerinden alynýan tölegleriň möçberine üýtgetmeler girizer

Türkmenistan «Türkmenistanyň gümrük serhedinde döwlet edaralarynyň işini tertipleşdirmek we daşary ýurt döwletleriniň awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň ýeke-täk möçberlerini bellemek hakynda» Karara üýtgetmeler we goşmaçalar girizdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 14-nji sentýabrda gol çeken bu Karary şu ýylyň 1-nji oktýabryndan herekete girýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşygy

15-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkanda gelen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy. Dostlukly ýurduň Baştutany türkmen kärdeşini mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimizi şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanylan ynamly ýeňşi bilen gutlady hem-de iň ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

­­­Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

15-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkant şäherine gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, duşuşykda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

15-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen Samarkanda gelen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz çakylyk hem-de bu ýerde bildirilen myhmansöýerlik üçin özbek kärdeşine minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

15-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkanda gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu halkara düzümiň Baş sekretary Çžan Min bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz ŞHG-niň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, şeýle möhüm we wekilçilikli duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy üçin ŞHG-niň sammitiniň guramaçylaryna minnetdarlyk bildirip, muňa Türkmenistana we ýurdumyzyň alyp barýan bitaraplyk syýasatyna uly hormatyň nyşany hökmünde garalýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň hormatly myhmany

15-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük iş sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz özbek Lideri Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasy ugruna laýyklykda, hyzmatdaş ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli özara gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. 50-ä golaý gowrak abraýly halkara we sebit guramalarynyň doly hukukly agzasy bolan ýurdumyzyň dünýäniň syýasy, ykdysady giňişligindäki ornunyň barha pugtalanmagyna köp babatda onuň agzasy bolmadyk aýry-aýry döwletara birleşikleriň duşuşyklaryna işjeň gatnaşmagy ýardam edýär. Türkmenistan şol döwletleriň köpugurly, deňhukukly gatnaşyklary ýola goýmakdaky çemeleşmelerini goldaýar. Şeýle guramalaryň hatarynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy aýratyn orny eýeleýär. Sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy goldamak bu guramanyň işiniň ileri tutulýan ugrudyr. ŞHG-ä agza ýurtlar Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary, goňşulary, dostlarydyr. Olar bilen bilelikde eýýäm ençeme möhüm taslamalar amala aşyryldy we amala aşyrylmagy dowam ed

Özbegistan bilen Eýran Türkmenistanyň üstünden awtoulag ýük gatnawyny dikelder

Ulag-logistika hyzmatdaşlygy çarşenbe güni Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Eýranyň lideri Ybraýym Raisiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň mowzuklaryndan biri boldy. Bu ugurdaky mümkinçilikleriň giňelmegine Özbegistan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça awtoulag ýük gatnawlarynyň dikeldilmegi, “Çabahar” portunyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylmagy we harytlaryň ýurda girizilmeginiň we üstaşyr geçirilmeginiň ýeňilleşdirilmegi ýardam berer. Bu barada Özbegistanyň baştutanynyň internet-saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň netijesi boýunça ulag ulgamyny goşmak bilen, hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan 18 resminama, şol sanda – “Çabahar” portunyň üsti bilen halkara üstaşyr ýük gatnawlaryny amala aşyrmak hakynda Ähtnama gol çekildi.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahatyna gatnaşyjylara

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hormatly agzalary! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy, şeýle-de bu beýik baýrama bagyşlanan şanly waka — Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmen-hytaý söwda dolanyşygy 53,4 göterim ýokarlandy

Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda dolanyşygy şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda 53,4 göterim ýokarlandy. Bu barada “China Daily” gazeti Hytaý gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, duşenbe güni habar berdi. “Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlary bilen aragatnaşygy güýçlendirýär” atly makalada bellenilişi ýaly, şu ýyl Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýär. Şeýle-de, taraplaryň arasyndaky söwda dolanyşygy 1992-nji ýyldaky 460 million ABŞ dollaryndan 50 milliard ABŞ dollaryna çenli ýokarlandy.

Türkmenistan BAE bilen bilelikdäki ulag-logistika kompaniýasyny döretmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň wekiliýeti Abu-Dabide birnäçe gepleşikleri geçirdi. BAE bilen bilelikdäki ulag-logistika kompaniýasyny döretmek we täze maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynydaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň (TULM) we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri hem-de ýolbaşçylary türkmen wekiliýetiniň düzüminde boldular.

Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen üstaşyr ýükleriň möçberi artýar

Ýurdumyzyň deňiz portunyň üsti bilen Belarus Respublikasynyň önüm öndürijileriniň ýükleriniň köp mukdary, hususan-da, kaliý dökünleri üstaşyr eksporta iberilýär diýip, Astrahan sebitiniň senagat we tebigy baýlyklar ministri Ilýa Wolinskiý aýtdy. Resmi rus internet neşirlerinde habar berlişi ýaly, «Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi belarus önüm öndürijileri üçin Ýakyn Gündogaryň, Hindistanyň we Günorta-Gündogar Aziýanyň bazarlaryna gysga ýoly üpjün edýär.

iOS 16 indi Türkmenistanda hem elýeter boldy

12-nji sentýabrda Aşgabat wagty bilen sagat 22:00-da «Apple»-iň iOS ykjam operasiýa ulgamynyň 16-njy tapgyry türkmenistanly ulanyjylar üçin elýeterli edildi. Täzelenmäni talaba laýyk gelýän enjamlaryň ählisinde göçürip alyp bolýar. Has takygy, ol iPhone 8 we ondan soňky modelleriň ählisi üçin niýetlenendir. Täzelenmäniň telefonyňyza gelendigini «Sazlamalar» ➟ «Umumy» ➟ «Programma üpjünçiligini täzelemek» yzygiderliligi boýunça barlap bilersiňiz. Täzelenme bar bolsa, göçürip alyň. Ýok bolsa-da, soňrak geler.

Halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň baş maksadydyr

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara jemgyýetçilik bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, berkarar Watanymyzyň täze eýýamynyň beýik taglymlaryny dabaralandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasaty aýdyň beýanyny tapdy. 5-nji sentýabrda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk guralmalydygyna ünsi çekip, degişli işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Şunda ekerançylaryň ýokary hilli tohumlar we mineral dökünler, oba hojalyk tehnikasy bilen üpjün edilmegi häzirki günüň möhüm talaby bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

12-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görlüşine, sebitlerdäki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişine degişli meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda pagta ýygymynyň alnyp barlyşy, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilişi, hasyly ýygnap almak üçin gowaçanyň ýapragyny düşürmek işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin tehnikalar, gurallar doly güýjünde işledilýär, bugdaý öndürijiler ýokary hilli tohumlar we mineral dökünler bilen üpjün edilýär. Güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleri dowam etdirilýär. Mundan başga-da, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyna taýýarlyk görlüşi, bu sene mynasybetli ulanmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hasabat berildi.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginde söhbetdeşlik çäresi geçirildi

Ýaňy-ýakynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik çäresi geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde eziz Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça gazanan üstünikleri, ýetilen sepgitleri, şeýle hem 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda Türkmenistanyň Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň täze rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi hem-de “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, bilim alýan talyplar hakynda döwlet derejesinde edilýän aladalar babatda söhbet etdiler.

Elektron infrastrukturanyň üstünlikleri milli ykdysadyýetimiziň özgeriş açarydyr

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda öňdebaryjy tehnologiýalar we innowasiýalar arkaly  milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlaşdyrmagyň ösüşi gazanylýar.  Amatly we çalt internet birikmesi bilen islendik ýerden elýeterli peýdalanmak ýurdumyzyň durnukly ösýän içeri we daşary syýasaty, ykdysady kuwwatlylygy, söwda-senagaty, iş üpjünçiligi, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk, oba hojalyk, medeniýet, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi

10-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilişi, şol sanda onda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hiliniň ekologik talaplara laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişelik üns merkezinde saklanýar.