“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginde söhbetdeşlik çäresi geçirildi

13 Sentýabr 2022
333

Ýaňy-ýakynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik çäresi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde eziz Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça gazanan üstünikleri, ýetilen sepgitleri, şeýle hem 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda Türkmenistanyň Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň täze rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi hem-de “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, bilim alýan talyplar hakynda döwlet derejesinde edilýän aladalar babatda söhbet etdiler.

Beýleki habarlar