Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň hormatly myhmany

16 Sentýabr 2022
398

15-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük iş sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz özbek Lideri Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşar.

Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasy ugruna laýyklykda, hyzmatdaş ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli özara gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. 50-ä golaý gowrak abraýly halkara we sebit guramalarynyň doly hukukly agzasy bolan ýurdumyzyň dünýäniň syýasy, ykdysady giňişligindäki ornunyň barha pugtalanmagyna köp babatda onuň agzasy bolmadyk aýry-aýry döwletara birleşikleriň duşuşyklaryna işjeň gatnaşmagy ýardam edýär. Türkmenistan şol döwletleriň köpugurly, deňhukukly gatnaşyklary ýola goýmakdaky çemeleşmelerini goldaýar. Şeýle guramalaryň hatarynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy aýratyn orny eýeleýär. Sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy goldamak bu guramanyň işiniň ileri tutulýan ugrudyr. ŞHG-ä agza ýurtlar Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary, goňşulary, dostlarydyr. Olar bilen bilelikde eýýäm ençeme möhüm taslamalar amala aşyryldy we amala aşyrylmagy dowam edýär. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlyk sebitiň halklarynyň taryhyň dowamynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem-de ähli möhüm ugurlar boýunça gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ýardam berýär.

Beýleki habarlar