Ýurdumyzyň oba hojalygy pudagynda ösüşiň giň mümkinçilikleri

17 Sentýabr 2022
513

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy wezipesi oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek, ösdürmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döredip, daşary ýurtlardan getirilýän möçberini azaltmak, eziz Diýarymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, oba zähmetkeşleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Döredilýän bu giň möçberli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmagy başarýan türkmen daýhany ene ýere maňlaý derini, päk zähmetini siňdirip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna öz mynasyp goşandyny goşýar. Daýhanlarymyzyň yhlasy, türkmeniň çogly güneşiniň gudraty bilen galla meýdanlarymyzda guşgursak ak bugdaýyň, pagta meýdanlarymyzda bereketli ak altynyň, miwe we bakja önümleriniň gözüňi dokundyrýan hasyly ýetişdirilýär.

Obasenagat toplumyny yzygiderli ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmeginde ähmiýetlidir. Bu pudakda işiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, dürli görnüşli önümleriň mukdarynyň artdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi belent maksatlaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň täze tapgyrynyň başlanýandygyny alamatlandyrdy.

Beýleki habarlar