"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

BMG-den Türkmenistana ulag forumy üçin minnetdarlyk

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň ýokary derejeli hepdeliginiň çäklerinde Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň her ýylky duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň temasy “COVID-19 pandemiýasyndan soňky hereketler boýunça Wena maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini tizleşdirmek we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji Maslahatyna taýýarlygyň depginini ösdürmek” boldy. Duşuşygy açmak bilen, Botswana Respublikasynyň Daşary işler ministri Lemogang Kwape deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji Maslahatyna taýýarlyk meselelerinde goldaw bermek haýyşy bilen Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň Başlygy Çaba Körýoşi, BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary Amina Mohammede we Ykdysady hem-de Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) we Birleşen Milletler Guramasynyň ikinji komitetiniň başlygy Laçezare Stoýewa ýüzlendi.

Türkmenistanyň ulag pudagynyň işgärleriniň ýygnagy geçirildi

“Türkmendemirýollary” agentliginiň mejlisler zalynda ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň ýygnagy geçirildi. Ýurduň garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasyndaky ýygnak baýramçylyk ruhuna beslendi - özygtyýarlylygyň 31 ýyllygynyň öňüsyrasynda bu pudakda möhüm waka bolup geçdi, ýagny döwlet baştutanynyň gatnaşmagynda ýurduň dört sebitinde täze ýolagçy awtomenzilleriniň  açylyş dabaralary geçirildi. 

Daşkentde Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Hindistan ulag geçelgesiniň ösüşi maslahatlaşyldy

Özbegistanyň Maýa goýumlary we daşary söwda ministrliginiň resmileri sişenbe güni Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady hem-de durmuş komissiýasynyň (ESKATO) wekilýeti bilen Daşkentde geçirilen duşuşygyň dowamynda Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Hindistan ulag geçelgesini ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda, taraplar Özbegistan bilen Hindistanyň arasyndaky ösüp barýan söwda dolanşygyna ýardam bermek zerurlygy sebäpli döredilýän täze ulag geçelgesiniň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny ösdürmek barada ylalaşyga geldiler we bu dolanşyk ýakyn geljekde 1 milliard ABŞ dollaryna ýeter” diýip, Özbegistanyň Maýa goýumlary we daşary söwda ministrliginiň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistan ulag-üstaşyr geçelgeleri ösdürýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Döwlet geňeşiniň mejlisinde: "Biz ulag we aragatnaşyk pudagyna halk hojalygynyň intensiw ösýän we geljegi uly pudagy hökmünde aýratyn üns berýäris" - diýdi. Döwlet baştutany ýurduň ulag-logistika strategiýasynyň gözbaşynyň gadymy döwürlerden – Beýik Ýüpek ýolundan başlanýandygyny aýtdy.

Ulag düzüminiň täze desgalarynyň açylyş dabaralary geçirildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli şenbe güni Balkanabat, Daşoguz, Türkmenabat we Mary şäherlerinde häzirki zaman ýolagçy awtomenzilleri açylyp ulanylmaga berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. Täze awtomenzilleriň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň  Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň sebitlerindäki awtomenzilleriň açylyşyna ak pata berdi

24-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ulag düzüminiň desgalarynyň — Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň binalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli täze desgalaryň açylyş dabaralary baýramçylyk wakalarynyň öwüşginini has-da artdyrdy. Şanly seneleriň öňüsyrasynda möhüm ähmiýetli desgalaryň açylmagy döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da artýandygyna, durmuş taýdan depginli ösüşine aýdyň şaýatlyk edýän ajaýyp däbe öwrüldi. Munuň özi eziz Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklaryň geriminde hem öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kabul edişlikleri

25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwany kabul etdi. Myhman ikiçäk duşuşykda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen gutlady we türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary

25-nji sentýabrda irden Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Saparyň maksatnamasy boýunça Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýada birnäçe duşuşyklary, şol sanda bu ýurduň Premýer-ministri, parlamentiniň wekilleri, käbir öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.

Ýuridiki we şahsy taraplaryň dykgatyna

“Awtomobil  ulag  hyzmaty” AGPJ, “Hyundai Aero City” kysymly awtobuslarda  sargyt esasynda edara-kärhanalaryň işgärlerini gatnatmak hyzmatlaryny hödürleýär. Habarlaşmak üçin: Aşgabat ş. Çoganly ý/t, Halkara awtomenzil, tel:44-35-20, 44-35-35.

Gündogar sebitiň “Kamaz” hyzmat ediş we okuw merkezi

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň üstünlikli ösüşiniň aýrylmaz we möhüm bölegi bolup durýan döwrebap ulag-kommunikasiýa düzüminiň hem-de ulag ýollarynyň kemala getirilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän oňyn içerki hem-de daşarky syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary, şol sanda ulaglar ulgamy, awtomobil bilen ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak okgunly depginler bilen ösýär. Türkmenistanyň awtoulag ulgamynyň ösüşi uzak möhletligi maksatnama esasynda amal edilýär. Maksatnamanyň çäginde ähli şertler göz öňünde tutulan. Muňa ýakynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde “KamAZ” kysymly ulaglary abatlamak, olara hyzmat etmek üçin okuw we hyzmat merkeziniň açylyş dabarasynyň bolmagy hem doly şaýatlyk edýär. «KamAZ FTC CORP. LLP» kompaniýasynyň buýurmasy boýunça “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi tarapyndan bina edilen desga bir günüň dowamynda 10 ulaga hyzmat etmäge ukyplydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamyny ösdürmegi häzirki döwürde Watanymyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Arkadagly Serdarymyz tarapyndan kabul edilen Prezident maksatnamalarynyň öňde durýan wezipelerini amala aşyrmagynyň çäklerinde halkara ölçeglerine laýyklykda ulag u

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Döwlet Maslahatyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabry) Hormatly adamlar!Eziz watandaşlar!

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Döwlet Maslahaty geçirildi

23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan Döwlet Maslahaty geçirildi. Watanymyzyň durmuşynda şanly waka bolan umumymilli forumyň gün tertibine şu döwürde gazanylan üstünlikleriň netijelerini jemlemek, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan toplumlaýyn durmuş-ykdysady hem-de demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Munuň özi nesilleriňdir döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygynyň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketiniň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

23-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Häzirki wagtda sirk sungaty, ýerli öz-özüňi dolandyryş we notarial edaralaryň işi bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Hukuk namalaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, Türkmenistanyň Suw kodeksine hem-de “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Şeýle-de parlamentariler ýurdumyzyň ähli ulgamlarda gazanan üstünlikleri barada wagyz-nesihat çärelerini geçirýärler, kabul edilýän kanunlaryň ähmiýetini düşündirýärler.

“Türkmenawtoulaglary” agentligine orta synply we kiçi awtobuslary satyn almaga ygtyýar berildi

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýolagçylary gatnatmak boýunça ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmak we hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentligine 1 müň sany “Toyota Coaster” kysymly orta synply awtobusy we 250 sany “Toyota Hiace” kysymly kiçi awtobusy, olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak barada Ýaponiýanyň “Sumitomo Corporation” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik

22-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly ýurduň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk hem-de köptaraply döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň iki ýurduň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik

22-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly ýurduň Lideri döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, iň ýokary döwlet wezipesinde ýurduň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürilmegine, halkyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köptaraply işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana daşalýan ýükleriň möçberi artdyrylar

Geljekde Türkmenistanyň deňiz porty arkaly Hindistana uzaýan ulag geçelgesiniň işjeňligini artdyrmak meýilleşdirilýär. Bu ulag geçelgesiniň mümkinçilikleriniň ýokarlanmagy sebitiň ýurtlary bilen Hindistanyň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmaga ýardam eder. 20-nji sentýabrda Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginde Aziýa-Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş toparynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda Eýranyň Çabahar portunyň üsti bilen «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Hindistan» ulag geçelgesiniň işini işjeňleşdirmek meseleleri maslahatlaşyldy.

Elektroenergetika pudagy ykdysady ösüşiň möhüm şertidir

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitaby Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edildi. Bu neşire Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary we mugallymlary bilen şu ýylyň 3-nji sentýabrynda geçiren duşuşygynda sözlän sözi girizildi. Kitapda Türkmenistanyň elektroenergetika strategiýasyna, bu ulgamda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň hem-de iri taslamalaryň, olaryň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna ýetirýän oňyn täsiriniň netijelerine seljerme syny berilýär.

2022-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatyndan ugur alnyp, geçen aýda geçirilen köp sanly işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, syýasy geňeşmeler, halkara forumlar, okuw maslahatlary, sergiler, medeni çäreler hem-de beýleki wakalar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň döwletara hyzmatdaşlygy ilerletmegi ugur edinýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. 1-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Naýef Falah Mubarak Al-Hajraf bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigi, Türkmenistan bilen bu geňeşiň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, ulag we logistika, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ähmiýeti, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň zerurdygy nygtaldy.

Jemgyýetçilik ulagynyň döwrebaplaşdyrylmagy — ýolagçylar barada alada

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň tehniki parkynyň üsti täze satyn alnan «Toyota Corolla» kysymly ýeňil taksi awtoulaglarynyň 150-si bilen ýetirildi. Ýurdumyzyň awtoulag düzüminiň maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy ýolagçylara hyzmat etmegiň medeniýetini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Şunda taksi awtoulaglarynyň hyzmatlar ulgamynyň has-da ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň ulag pudagy dünýä belli kompaniýalaryň häzirki zaman awtoulaglary bilen üpjün edilýär. Awtoulag hyzmatlarynyň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, dürli kysymly ýokary amatlykly awtoulag serişdelerini satyn almak barada şertnamalaryň birnäçesi baglaşyldy.