BMG-den Türkmenistana ulag forumy üçin minnetdarlyk

27 Sentýabr 2022
580

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň ýokary derejeli hepdeliginiň çäklerinde Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň her ýylky duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň temasy “COVID-19 pandemiýasyndan soňky hereketler boýunça Wena maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini tizleşdirmek we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji Maslahatyna taýýarlygyň depginini ösdürmek” boldy.

Duşuşygy açmak bilen, Botswana Respublikasynyň Daşary işler ministri Lemogang Kwape deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji Maslahatyna taýýarlyk meselelerinde goldaw bermek haýyşy bilen Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň Başlygy Çaba Körýoşi, BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary Amina Mohammede we Ykdysady hem-de Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) we Birleşen Milletler Guramasynyň ikinji komitetiniň başlygy Laçezare Stoýewa ýüzlendi.

Beýleki habarlar