"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Hytaý emeli adada iň iri howa menzili gurmakçy

Hytaý dünýäde emeli adadaky iň uly howa menzilini gurar. Taslamanyň bahasy 4,3 mlrd dollar diýip, «South China Morning Post» gazetine salgylanýan «Belta.by» portaly ýazýar. Menzil demirgazyk-gündogardaky Dalýan şäherinde gurlar, ol köp adamly port şäher bolmak bilen, Ýaponiýa we Koreýa Respublikasy bilen berk ykdysady gatnaşyklara eýedir.

«Turkish Airlines» uçuşlarynyň gerimi boýunça dünýä rekordyny goýdy

Türkiýäniň milli howa gatnadyjysy dünýäniň iň köp ýurtlaryna uçýan awiakompaniýa hökmünde resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun aldy. Degişli güwänamanyň gowşurylyş dabarasy awiakompaniýanyň Çilä amala aşyran ilkinji uçuşyndan soň, Santiago Arturo Merino Benites halkara howa menzilinde geçirildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň şertlerine laýyklykda, «Turkish Airlines» soňky 12 aýyň dowamynda rekord derejedäki 120 ugra howa gatnawyny amala aşyrdy. Wagtlaýyn togtadylan gatnawlar we Çili döwletine bolan täze uçuş hasaba alnanda, awiakompaniýanyň umumy gatnaw ulgamy 131 ýurdy öz içine alýar.

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň beýik şahyry hem-de akyldary

Türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy - öçmejek ruhy we ahlak gymmatlyklaryna eýe bolup, adamlaryň ruhy dünýäsinde we durmuşynda ýagşylygyň ugrukdyryjysy hökmünde olaryň aňyna baky yşyk bolup ornaşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günlerinde şatlykly hem-de bolelin durmuşda ýaşaýan agzybir we zähmetsöýer halkymyz Garaşsyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hemmelere bagt we şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilýän, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän 2024-nji ýylymyz hem buýsanç, şatlyk we ruhubelentlik duýgularyna beslenip, tamamlanyp barýar. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty milli gymmatlyklarymyza, geçmişde yz galdyran ägirtlerimize sarpany ömrümiziň, durmuşymyzyň manysyna öwürdi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly hem bize şu günümize hem-de geljegimize ýalkym saçjak işleri amal etmegiň täze sepgitleriniň badalgasy bolup hyzmat etdi. Akyldar şahyrymyzyň ady bilen baglanyşdyrylan ýylymyzda ähli ugurlarda joş alýan döredijilikli zähmet Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany ösüşleriň täze belentliklerine alyp bardy. Çünki, Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş türki dilli halklaryň hem edebiýatynyň taryhynda ähmiýeti has ýokary bolup, adamzat bilimleriniň hazynasyna möhüm goşant goş

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy dekabrda Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn döwlet Baştutanymyz resmi sapar bilen Malaýziýa geldi. Bu sapara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açýan tapgyr hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan, Türkmenistan Malaýziýa bilen däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Şunda söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklar oňyn ösüş depgini bilen häsiýetlendirilýär. Sebitiň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna girýän Malaýziýa Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy

Hormatly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri! Hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Malaýziýanyň Premýer-ministri hormatly Anwar Ibrahime çakylygy we bilelikde işlemäge döredilen şertler üçin minnetdarlyk bildirýärin.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy

19-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gyş paslynyň säheriniň irki pursatlarynda Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri gyş paslynyň tenekar howaly ir säherinde Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumynyň gurulmagy meýilleşdirilýän ýerine geldi. Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Hydyrow Gahryman Arkadagymyza Awtomobil sport toplumynyň binalarynyň taslamalarynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi.

Türkmenistan bilen Malaýziýa hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin bilelikdäki topary dörederler

Türkmenistan bilen Malaýziýa hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin bilelikdäki topary döretmek bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmagy maksat edinýärler. Bu barada Malaýziýanyň Premýer-ministri Datuk Seri Anwar Ibragim iki günlük resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bolan metbugat-maslahatynda mälim etdi.  A.Ibragim iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bu başlangyjy eýýäm geljek ýylyň başyndan durmuşa geçirmäge girişerler. “Iki döwlet hem bilelikdäki topary döretmek arkaly hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýärler. Daşary işler ministrler geljek ýylyň başyndan bu taslamalaryň üstünde işläp başlarlar” diýip, Premýer-ministr aýtdy. 

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň bäsleşik yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat hojalyk kärhanasy Aşgabat şäheriniň “Altyn kölüniň” töwereginde ýerleşýän bag nahallara ideg etmek boýunça bäsleşik yglan edýär Ähli gyzyklanma bildirýän taraplar “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat hojalyk kärhanasyna ýüz tutup bilerler.

“Demirýollary” AGPJ demirbeton şpallary we pürsleri öndürýän zawody gurmak boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda demir ýoluň geçirijileri üçin demirbeton demirýol şpallary we pürsleri öndürýän zawodynyň taslamasyny düzmek, şol sanda daş töweregini abatlamak we ony dolulygyna gurmak boýunça №DÝ/AGPJ-046 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär Bäsleşige gatnaşmak üçin:

Türkmenistanyň we Rumyniýanyň tehnologiýa ugry boýunça ýokary okuw mekdepleri Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti we Buharestiň Milli politehniki ylymlar we tehnologiýalar uniwersiteti Özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekdiler. Ähtnama gol çekmek dabarasy «Akylly şäher: dolandyryş, sanly, akylly we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlyk, ykdysadyýet» atly Halkara ylmy-amaly maslahatynyň çäklerinde onlaýn görnüşde geçirildi.

Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň harytlaryň sergisi geçirmek meýilleşdirilýär

2024-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Edaranyň başlygy M.Gurdow bilen Bilelikdäki Eyran-Türkmen Söwda-senagat edarasynyň başlygy Remezan Bahraminiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, bilelikde alnyp barylýan işleriň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem öňden gazanylan ylalaşyklara esaslanyp, 2025-nji ýylyň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen şäherinde  Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň sergisini geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy

18-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Malaýziýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda başyny başlan strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Sanly tehnologiýalar dünýäni özgerdýär

18-nji dekabrda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, “akylly” we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynda sanly ulgamlar, «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylyp, emeli aň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Şonuň netijesinde halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Kararnama BMG-niň alty dilinde ýaýradyldy

2024-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG tarapyndan birnäçe möhüm ähmiýetli resminamalar kabul edildi. Olar indi Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň resminalary hökmünde BMG-niň alty dilinde elýeterlidir. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy sişenbe güni habar berdi. Şolaryň hatarynda “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnama, Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparynyň duşuşygyň Jemleýji jarnamasy, Halkara bilermenleriň “Energiýa baglanyşygyny gowulandyrmak: Hyzmatdaşlygy ösdürmek we durnukly ösüşe ýetmek” atly mejlisiniň jemleýji hasabaty bar.

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň çuň many-mazmunly bu eseri durmuş ulgamynyň dürli ugurlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýan we eziz Watanymyzyň gülläp ösüşlerine mynasyp goşant goşýan türkmen ýaşlaryna bagyşlanýar. Geçen ýylyň dekabrynda çapdan çykan we türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin möhüm gollanma öwrülen bu kitap daşary döwletlerde hem uly gyzyklanma eýe boldy. Onuň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda ýapon diline terjime edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Munuň özi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösüşinde nobatdaky möhüm ähmiýetli waka boldy. Şeýle hem bu ýokary okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlykda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly edebi-filosofik eseri terjime edildi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby şu ýylyň ýanwarynda ýapon dilinde çapdan çykdy.

Türkmenistanda halkara ýük daşamak üçin sürüjileri taýýarlamak boýunça okuwlar başlanýar

"Awtoulagda Halkara daşaýjylary taýýarlaýan okuw merkezi" halkara ýük daşamak, şol sanda Ýewropa ýurtlaryna daşamak üçin sürüjileri we operatorlary taýýarlamak boýunça hünär okuwlarynyň başlanýandygyny yglan edýär. 2025-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan başlap, merkez halkara hünär derejesini almak isleýänler üçin tölegli gysga möhletli hünär okuwlaryny başlaýar. Okuw maksatnamasy "C" we "D" kategoriýaly sürüjileri birnäçe ugur boýunça taýýarlamagy öz içine alýar: tahograflar bilen işlemek, ýük, ýolagçy we ýük daşamak, şeýle hem howply ýükleri çeleklerde we köpçülikleýin daşamak. Sapaklar Halkara awtoulag transport birleşiginiň (IRU) akademiýasynda sertifikatlanan we degişli şahadatnamalary bolan ýerli mugallymlar tarapyndan geçiriler.

“Türkmenhowaýollary” Deli we Jidda şäherlerine halkara uçuşlaryny giňeldýär

“Türkmenhowaýollary” agentligi Aşgabat-Deli we Aşgabat-Jidda ugurlaryna uçuşlarynyň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada awiakompaniýanyň resmi web-saýtynda ýerleşdirilen halkara uçuşlaryň täzelenen tertibinde maglumat berilýär. Oňa laýyklykda, Aşgabat-Deli-Aşgabat ugruna 22-nji we 29-njy dekabrda, 4-nji, 11-nji we 18-nji ýanwar günlerinde goşmaça uçuşlar göz öňünde tutulýar. Aşgabat-Jidda-Aşgabat ugruna bolsa 24-nji dekabr, 2-nji we 11-nji fewral günlerinde goşmaça uçuşlar meýilleşdirilýär.

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» APJ Özbegistandan Braziliýa ilkinji konteýner otlusyny ibermegi gurady

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» APJ (TULM) Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinden karbamid ýüki bilen ilkinji konteýner otlusyny ibermek arkaly deňi-taýy bolmadyk logistika ugruna ýük ibermek başlangyjy bilen çykyş etdi. «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň» habar bermegine görä, her biri 28 tonna barabar bolan mineral dökünli 54 sany 40 futlyk konteynerden ybarat bu otly şeýle görnüşdäki ilkinji göni ýük gatnaw ugry bolup durýar. Otly barmaly nokadyna çenli birnäçe ýurtlaryň üstünden geçer: Özbegistandan Türkmenbaşy portuna, ondan soň Azerbaýjanyň we Gruziýanyň çäklerinden geçip, Poti portuna baryp ýeter. Gruziýanyň portunda konteýnerler deňiz gämisine ýüklenip, Braziliýanyň Paranagua portuna baryp gowşar. Ýüki eltip bermegiň umumy möhleti 60-70 gün bolup, onuň 20 gününi demir ýol bölegi, 35-45 gününi bolsa ýüküň ummandan geçmek bölegi tutýar.

Bilim ulgamynda robototehnikanyň tutýan orny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylmyň hem-de tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmegi, bilim edaralarynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde okatmagyň täze usullarynyň döremegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şonuň üçin hem ýokary hem-de orta mekdeplerde we beýleki bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak we ösdürmek işleri barha rowaçlanýar. Ýurdumyzyň dünýäniň bilim giňişligine goşulmagy tebigy we takyk ylmy ugurly dersleriň okadylyşyny kämilleşdirmek wezipelerini öňde goýýar. Ýurdumyzda geçirilýän bilim özgertmeleriniň baş maksady okatmagyň öňdebaryjy usullaryny peýdalanyp, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, olaryň öwrenýän derslerini çuňňur özleşdirmeklerini gazanmakdyr. Häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamynda beýleki täze ugurlar bilen bir hatarda robototehnika ugruna üns has hem güýçlendi. Robototehnika barada düşünje

Sanly ykdysadyýete ynamly badalga

Berkarar döwletimiziň gurujy, dörediji, oýlap tapyjy, ösen aň-düşünjeli intellektual ýaşlary kemala getirmek Türkmenistanyň şu günki täze taryhy döwrüniň möhüm aýratynlygydyr. Ösen bazar gatnaşyklaryny nazarlaýan işjeň syýasatyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýan ylmy-tehniki döwrebaplaşmak, ähli ulgamlarda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ösen senagaty kemala getirmek ýurdumyzyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şu jähetden önümçiligiň ähli pudaklaryna ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy we iň täze tehniki hem tehnologik enjamlaryň netijeli ulanylmagy biziň ýeten belent sepgitlerimizde, gazanan üstünliklerimizde möhüm ähmiýete eýedir. Milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, elektron senagatyny döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürligine we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek babatdaky uly işler sanly özgertmeleriň dünýä derejesinde ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe gaýragoýulmasyz wezipeler bolup durýar.