"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Stubba ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Stubba tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Finlýandiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

5-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda özara bähbitlilige, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly ýurduň Prezidentine şu gezekki telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň türkmen we özbek halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň beýany bolup durýandygyny aýtdy.

Sanly bilim ulgamy - döwrebap ösüşleriň badalgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän bilim diplomatiýasynyň netijesinde milli bilim ulgamymyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri, ýaş nesillerimiziň kämil bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri açýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bilim ulgamyna aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyzyň ýardamlaryndan hem-de sargytlarydyr öňde goýýan wezipelerinden ruhlanyp işleýän mugallymlar ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň bilim derejesini häzirki zamanyň ylmy gazananlaryna laýyk ösdürmek maksady bilen, zehin-ukyplaryny orta goýup işleýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň amal edýän öňdengörüjilikli syýasatynyň esasy maksady ilatymyzy ýaşaýyş derejesi boýunça ösen döwletleriň hataryna goşmakdan ybarat. Döwletiň üstünlikli öňegidişligi ylmyň we bilimiň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Sebäbi ylmyň we bilimiň her bir döwletiň ösmegi üçin egsilmez güýçdügi ikuçsuzdyr. Bu hakykaty göz öňünde tutup, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdeplerine sanly bilimi ornaşdyrmak ugrunda giň möçberli işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpsanly çagalar baglary, o

Türkiýe we Türkmenistan täze ýol kartasyny tassyklamagy we söwda dolanyşygyny 5 milliard dollara ýetirmegi meýilleşdirýär

Türkiýäniň söwda ministri Omer Bolat žurnalistlere beren interwýusynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň ýakyn ýyllarda özara söwda dolanyşygynyň mukdaryny iki esse artdyrmak üçin öz öňlerinde uly maksat goýandyklaryny aýtdy. O.Bolat 70-den gowrak türk kompaniýasynyň önümleri görkezilişe çykarylan Aşgabatdaky Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisinde özara söwda dolanyşygynyň häzirki mukdarynyň ýeterlik däldigini we ýurtlaryň ýyllyk 5 milliard dollarlyk sepgidi nazarlaýandyklaryny nygtady. — Iki doganlyk ýurduň döwlet Baştutanlarynyň garaýyşlaryna laýyklykda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrarys. Özara söwda dolanyşygynda ýyllyk 2,5 milliard amerikan dollar ýeterlik däl. Orta möhletde söwda dolanyşygynyň ýyllyk mukdaryny 5 milliard amerikan dollaryna ýetirmegi maksat edinýäris. Geljek ýylyň fewral-mart aýlarynda Ankarada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 8-nji mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Onuň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça täze ýol kartasy kabul ediler – diýip, ministr belledi.

Döwrebap bilim – mynasyp terbiýe

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär. Ýurdumyzda bu möhüm ulgamyň işini düýpli kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, sanly bilimi ornaşdyrmakda, dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakda oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlaryň bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda durmuşa geçirilen beýik işleriň her biri halkymyzyň eşretli şu gününi, röwşen geljegini üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda uly-uly üstünlikler gazanyldy, ýurdumyz guwandyryjy ösüşl

Gümrükçiler üçin döwrebap bina

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ulanmaga berlen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Farap awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň durky täzelenen binalar toplumy döwrebap şertleri özünde jemleýär. Bu gümrük nokady uzak ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyz bilen goňşy Özbegistanyň we üstaşyr hyzmatlardan peýdalanýan beýleki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlykda möhüm orny eýeleýär. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär. Gümrük nokadyny döwrebaplaşdyrmak we goşmaça binalary gurmak işini «Sapaly geljek» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri alyp bardy. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary üçin şu ýylyň iýulynda Türkmenbaşy şäherinde açylyp ulanmaga berlen 4 gatly, 32 öýli ýaşaýyş jaýy hem şu hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan gurlupdy.

Balkan welaýatynda gury ýük gämileriniň gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar

Bilşimiz ýaly, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde halkara talaplara laýyk gelýän täze gury ýük gämileriniň ikisiniň gurluşygyna başlady. Häzirki wagtda gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. «Balkan» gazetinde berilýän habara görä, gämi gurluşygynda 300-den gowrak adamyň işledilmegi göz öňünde tutulyp, olar bilen Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan gämi böleklerini işläp taýýarlamak we gurluşygy meýilleşdirmek, gabara gurluşy we kebşirlemek, turba işleri, mehaniki we elektrik işleri, hil gözegçiligi we degişli beýleki işleriň görnüşleri boýunça ýöriteleşdirilen okuw sapaklary we türgenleşikler geçirildi. Bu möhüm taslamany amala aşyrmaklyga gatnaşýanlaryň 90 göterimden gowragy ýerli hünärmenlerdir. Gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan, her biriniň ýük göterijilik kuwwaty 6100 tonna bolan gury ýük gämileriniň uzynlygy 123 metr, ini 16,5 metre deňdir.

Gadymy türkmen topragy – adamzadyň gymmatly hazynasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr. Şonuň üçin hem, Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Şunuň ýaly taryhy ýerlerde hem gymmatly maglumatlary, taryhy tapyndylary görmek bolýar. Gadymy galalarda geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işlerde hem binagärlik-gurluşyk galyndylary ýüze çykarylýar we ylmy esasda öwrenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny we ahlak taýdan kämilligini üpjün etmek, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň hem-de tutuş adamzadyň nesilden-nesle geçirip gelýän däplerini ösdürmek ýaly asylly ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär. Şeýle asylly ýörelgelere eýerip, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda häzirki wagtda türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmek, dünýä ýaýmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Bu ugurda alnyp barylýan döwlet derejesindäki işler alymlaryň, taryhçylaryň arasynda tejribe alyşmaga giň mümkinçilikleri döredýär,

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

4-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk we iş şertlerini döretmek, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi

4-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Türkiýäniň ýurdumyz bilen köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri bilen duşuşygy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşe eýedigini bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministrine “Bitewi suw” sammitine gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, bu çäräniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy

3-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy. Hajy Arkadagymyz gadymdan gelýän däp-dessurlara eýerip, saparynyň ilkinji pursatlaryny Mekge şäherine baryp, mukaddes Käbä zyýarat etmekden başlady. Munuň özi asylly işleriň rowaçlyklara beslenmegini ýörelge edinen halkymyzyň däpleriniň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýany boldy.

Aşgabatda Türkmen-türk işewürler geňeşiniň mejlisi geçirildi

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň kiçi mejlisler jaýynda Türkmen-türk işewürler geňeşiniň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, çärä gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we geljek üçin meýilnamalary kesgitlediler.  Mejlis Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň we onuň türkiýeli kärdeşi Mahmut Eranyň çykyşy bilen açyldy. Taraplar işewürlik gatnaşyklary giňeltmek üçin gepleşikleri yzygiderli geçirmegiň ähmiýetini nygtadylar. 

Türkmenistan ulag toplumyny ösdürmek üçin $1 milliarda golaý maýa çekdi

Türkmenistanyň ulag toplumyndaky taslamalary durmuşa geçirmek üçin häzirki wagtda 953,2 million ABŞ dollary möçberinde maýa goýumlar çekildi. Şonuň 77,5 göterimi eýýäm özleşdirildi. Bu barada “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy Döwran Saburow noýabr aýynyň ahyrynda Aşgabat şäherinde geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” (ITTC 2024) atly halkara maslahatda mälim etdi. Bu barada “News Central Asia” neşiri habar berýär. D.Saburow ulag düzümlerini ösdürmäge serişdeleri çekmek üçin Türkmenistanyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Aziýa Ösüş banky, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi, Hytaýyň Eksport-import banky ýaly halkara maliýe düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady. Ol şeýle hem durnukly ulag düzümlerini kemala getirmäge gönükdirilen döwlet maýa goýumlarynyň ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň Hökümeti döwlet kepilligi esasynda ulag toplumynyň kärhanalaryna 3,6 milliard ABŞ dollary möçberinde karzlary berdi.

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu sergä we işewürler geňeşiniň maslahatyna gatnaşmak üçin Türkiýäniň döwlet edaralarynyň wekillerinden ybarat uly topar, Türkmenistan bilen ozaldan hyzmatdaşlyk edip gelýän, şeýle hem täze önümleri we hyzmat ugurlary bilen türkmen bazaryna girmäge gyzyklanma bildirýän türk kompaniýalarynyň, eksportçylar birleşmeleriniň 70-den gowragynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri Aşgabada geldiler. Bellenilişi ýaly, şu gezekki serginiň esasy maksady dostlukly ýurduň kompaniýalaryna türkmen bazarynda öz önümlerini tanyşdyrmak üçin amatly şertleri döretmekden we täze işewürlik mümkinçilikleri açmakdan ybaratdyr. Irden Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynyň öňündäki meýdançada baýramçylyk gurşawy emele getirildi. Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurtda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de köp sanly işewürler gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly we tansly çykyşlary çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Türkmenistan Özbegistanyň iri söwda hyzmatdaşy boldy

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Özbegistanyň Türkmenistan bilen söwda dolanyşygy 947,7 million ABŞ dollary boldy. Statistika gullugynyň habaryna görä, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 0,92 göterim ýokarlandy (2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda 939,1 million dollar). Türkmenistan hasabat döwründe Özbegistanyň iň uly söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda ilkinji üçlige girdi.

Baş maksadymyz nesil terbiýesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda ylym, bilim ulgamy belent sepgitleri nazarlap, uly üstünliklere beslenýär. Okamak, bilim almak - bize ata-babalarymyzdan galan mirasdyr. Pederlerimiz okamak, ylym öwrenmek bilen dünýä akyl ýetiripdirler. Dana atamyz Magtymguly Pyragynyň “Kitap okan gullar magnydan dokdur” diýen setirlerini okanymyzda hem geçmiş pederlerimiziň kitaba, ylym-bilime hormatynyň uludygyny bilmek bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem ata-babalarymyzdan gelýän ýoly dowam etmek, olara sarpa goýmak barada yzygiderli tagallalary edýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bilim-terbiýäniň esasy ojagy hasaplanylýan mekdeplerde çagalara ýaşlykdan başlap, asylly terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek ugrunda ähli zerur şertler döredilendir. Bilşimiz ýaly, Garaşsyz Türkmenistanyň ýagty geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesile bilim bermekde, milli ýörelgelere laýyk terbiýe bermekde, aň we beden taýdan sagdyn ösdürmekde bilim edaralarynyň ýokary ähmiýeti bar. Bu ýerde okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna görä edep-terbiýe ulgamy sazlaşykly alnyp barylýar. Okuw-usulyýet işleriniň göwnejaý guralmagy, sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden giň gerimde peýdalanylmagy netijesinde ýaş nesilleriň kämil ylymly, bilimli bolup ýetişmekleri gazany

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu serginiň iki ýurduň dost-doganlyga esaslanýan ygtybarly döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde, haryt dolanyşygyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Türkmenistanyň we Russiýanyň baş diplomatlary bilelikde geçiriljek çäreleriň tertibini ylalaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Gepleşikleriň barşynda taraplar öňde boljak bilelikdäki çäreleriň tertibini ylalaşyp, ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Russiýanyň DIM-ni habar berýär. Özara gyzyklanma döredýän ulgamlarda hyzmatdaşlygy berkitmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Ministrler iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Ýanwar-oktýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $947,7 milliondan geçdi

2024-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygynyň möçberi 947,7 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatynda maglumat berildi. Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 848.5 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 99,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy.