Türkmenistan ulag toplumyny ösdürmek üçin $1 milliarda golaý maýa çekdi

5 Dekabr 2024
149

Türkmenistanyň ulag toplumyndaky taslamalary durmuşa geçirmek üçin häzirki wagtda 953,2 million ABŞ dollary möçberinde maýa goýumlar çekildi. Şonuň 77,5 göterimi eýýäm özleşdirildi. Bu barada “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy Döwran Saburow noýabr aýynyň ahyrynda Aşgabat şäherinde geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” (ITTC 2024) atly halkara maslahatda mälim etdi. Bu barada “News Central Asia” neşiri habar berýär.

D.Saburow ulag düzümlerini ösdürmäge serişdeleri çekmek üçin Türkmenistanyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Aziýa Ösüş banky, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi, Hytaýyň Eksport-import banky ýaly halkara maliýe düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady. Ol şeýle hem durnukly ulag düzümlerini kemala getirmäge gönükdirilen döwlet maýa goýumlarynyň ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň Hökümeti döwlet kepilligi esasynda ulag toplumynyň kärhanalaryna 3,6 milliard ABŞ dollary möçberinde karzlary berdi.

Beýleki habarlar