"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Bilim ulgamy ösüşlere beslenýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň bilim işgärleriniň öňünde möhüm wezipeler durýar. Şol wezipeler, ilkinji nobatda, bilim syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, kämil bilimli, terbiýeli, watansöýüji, zähmetsöýer ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekden, olarda Watanymyza, halkymyza söýgini, mukaddes Garaşsyzlygymyza hem-de hemişelik Bitaraplygymyza buýsanjy artdyrmakdan ybaratdyr. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar hakynda edýän aladalary, ýaş nesliň kämil bilim almagy üçin döredýän giň mümkinçilikleri bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny hem-de üstünliklere beslenmegini üpjün edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň aň we ruhy taýdan sagdyn ösüşini kemala getirmek ugrunda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Ýaş nesliň sowatly, arassa ahlakly bolup ýetişmeginde gurulýan döwrebap bilim edaralarynyň, şeýle-de olarda zähmet çekýän işine ökde bilim işgärleriniň iş tejribesiniň örän uly ähmiýeti bardyr. Döredijilikli zähmet çekýän mugallymlardyr terbiýeçiler ýaş nesle diňe bir bilim bermek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň durmuşda-da dogry ýoly t

«Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara

Hormatly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işlerini maslahatlaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda «Arçman» şypahanasyna baryp, bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow bilen duşuşdy we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklandy. Lukman Arkadagymyz gür baglyga bürenen, ekologik taýdan amatly howa gurşawy bolan şypahananyň çäginde agtyjaklary hem-de çowlugy bilen gezelenç etdi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir güni Watanymyz üçin taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Şunda demokratik ýörelgeleriň pugtalandyrylmagyna, adam hukuklarynyň goralmagyna, raýat jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn kämilleşdirilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi ýol hereketiniň düzgünlerini wagyz etmek çäresi geçirdi

Türkmenistanda adamlaryň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli işleriniň çäklerinde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýaşlarynyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak we ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Altyn Asyr» ÝGPJ-niň mejlisler jaýynda geçirilen çärä Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi we ýurdumyzda ynsan saglygyny, onuň howpsuzlygyny gorap saklamak üçin ägirt uly tagallalary edýändigi buýsanç bilen bellenip geçildi.

Aşgabatda “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarka açyldy

19-njy awgustda paýtagtymyzda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Türkmen Ekspo” hususy kärhanasy tarapyndan bilelikde guralan giň gerimli gözden geçirilişde çagalar üçin harytlar senagatynda we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan ýurdumyzyň we Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Germaniýanyň, Portugaliýanyň, Italiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Singapuryň, Hytaýyň, Bahreýniň, Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň hem-de beýleki ýurtlaryň kompaniýalary öz önümlerini görkezdiler.

Türkmenistan Ählumumy Günortanyň ýurtlary bilen ulag we energetika gatnaşyklarynyň giňeldilmegini maksat edinýär

“Ählumumy Günortanyň sesi” atly Üçünji sammitiniň ministrleriniň duşuşygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ählumumy Günortanyň ýurtlary bilen ulag we energetika pudaklary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek maksat edinýär. Hindistan Respublikasynyň ilçihanasy tarapyndan gurnalan bu çäre 17-nji awgust, şenbe güni onlaýn görnüşinde geçirildi. Ahmet Gurbanow bitaraplyk we parahatçylykly ýaşaýyş ýörelgelerine esaslanýan işjeň hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýän Türkmenistanyň garaýşyny tassyklady.

2024-nji ýylda Demirgazyk-Günorta geçelgesiniñ gündogar ugry boýunça ýük aýlanyşygy 2 mln tonna çenli artdyrylar

Russiýadan, Gazagystandan, Türkmenistandan we Eýrandan geçýän "Demirgazyk-Günorta" halkara ulag geçelgesiniñ gündogar ugrunyñ mümkinçiligi her ýyl 15 mln tonna barabardyr. TASS habarlar gullugynyñ berýän habaryna görä, bu barada Astrahanda geçirilen Hazar forumynda Russiýa Federasiýasyndaky Eýran Yslam Respublikasynyñ Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Kazem Jalali žurnalistlere habar berdi. "Demirgazyk-Günorta geçelgesiniñ bu gündogar ugrunyñ mümkinçiligi - her ýyl 15 mln tonna barabardyr. Geçelge Russiýa Federasiýasynyñ, Gazagystanyñ, Türkmenistanyñ, soñra bolsa Eýran Yslam Respublikasynyñ çäklerinden geçýär" - diýip, ilçi belledi.

Stambulda Türkiýe Respublikasynyň Halkara awtomobil gatnawlary assosasiýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly M.Öwezow Türkiýe Respublikasynyň Halkara awtomobil gatnawlary assosasiýasynyň (UND) ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Şeýle hem duşuşyga Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň wekilleri hem gatnaşdy. Duşuşykda taraplar ulag we logistikany ösdürmek üçin täze innowasion çemeleşmeleri we sanly çözgütleri, tehnologiýalary ulanmak üçin täze mümkinçilikleri kesgitlemek, durnuklylygyny üpjün etmek, ulag infrastrukturasynyň hyzmatyny ösdürmek üçin ulag pudagynda halkara goldawyny giňeltmek we Türkmenistan bilen UND-iň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmekligi ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti ikinji Halkara Hazar Sanly Forumyna çagyrylýar

Türkmenistanyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Dagystanda geçiriljek ikinji Halkara Hazar Sanly Forumyna çagyrylýar. Bu halkara forumyna Hazarýaka sebitiniň ähli döwletleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Çärä gatnaşyjylaryň ulag-logistika, ekologiýa we syýahatçylygyň ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmegi ara alyp maslahatlaşjakdygy bellenildi.

Azerbaýjan Türkmenistana ýük awtoulaglary iberer

Azerbaýjanda öndürilen “Iveco” kysymly ýük awtoulaglary Russiýa, Gruziýa, Eýrana we Türkmenistana eksport ediler. “Report”-yň habar bermegine görä, “Az-Tex-Import” ÇJJ-iň esaslandyryjysy, Sumgaýit himiýa senagat parkynyň wekili Samir Ibadullaýew bu barada belläp geçýär. Samir Ibadullaýewiň aýtmagyna görä, ýylyň dowamynda 100 birlik ýeňil, orta we uly tonnaly ýük awtoulaglarynyň öndüriljek kärhanasynda gurluşyk işleri tamamlanýar.

Aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleri sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň wajyp ugurlary barada söhbetdeşlik geçirdiler

Ýurdumyzyň ösüşiniň berk binýady bolup hyzmat edýän sanly ykdysadyýeti yzygiderli kämilleşdirmek we bu işlere ýaşlary çekmek döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän il bähbitli, ýurt ähmiýetli syýasatynyň biri bolup durýar. Ýaşlaryň täze, has kämil tehnologiýalardan we öňdebaryjy tilsimatlardan başarjaň peýdalanmagyna şertler döredýän sanly ulgamy ösdürmäge uly üns berilýär.

Ylym-bilim ulgamy — döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň binýady

Ylym-bilim ulgamyny, hususan-da, häzirki innowasiýalar we ösüş eýýamynda döwletiň öňünde durýan meseleleriň oňyn çözülmegini üpjün etmek wezipesi duran giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaşlary taýýarlamak işini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyz röwşen geljegi nazarlaýan özgertmeleriň çuňňur ylmy binýadynyň kemala getirilmegi üçin ylym ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şu maksatlar bilen, milli ylym-bilim ulgamynyň hukuk esaslary pugtalandyrylyp, bu ugurlaryň düzümleýin döwrebaplaşdyrylmagy boýunça möhüm çözgütler kabul edildi. Iri halkara guramalar, ylmy merkezler bilen ýokary tehnologiýalar ulgamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde we beýleki ugurdaş düzümlerde ylmy barlaglaryň üstünlikli geçirilmegi, bu babatdaky işleriň giň gerime eýe bolmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň özara baglanyşykly bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň hemmetaraplaýyn goldanylmagy, öz mümkinçiliklerini doly açyp görkezmekleri üçin yzygiderli çäreler görülýär.

Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna täze hyzmat hödürlenýär

«Türkmendemirýollary» döwlet kärhanasy gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna «USSA» mobil goşundysy arkaly ussa hyzmatlaryny hödürleýär. Bu mobil goşundy Android hem-de iOS ykjam telefonlarynyň ähli platformalarynda elýeterli bolup döwrebap hyzmatyň täze usuly. Habarlaşmak üçin:+99360120069, +99360120059.   E-mail:ussa@sanly.tm

Aragatnaşykçylaryň “Altyn Asyr” futbol topary nobatdaky halkara üstünligini gazandy

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri AFK-nyň Çempionlar ligasy - 2-niň saýlama tapgyrynyň çäginde myhmançylykda Hindistanyň “Ist Bengal” toparyndan 3:2 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda ilkinji bolup hasaby ýer eýeleri açdy. 7-nji minutda “Ist Bengal” D.Lalhlandanganyň geçiren goly bilen öňe saýlandylar. Ýöne olaryň bu üstünligi uzak çekmedi. “Altyn Asyr” 18-nji minutda Myrat Annaýewiň geçiren goly bilen hasaby deňledi. 28-nji minutda Selim Nurmyradow “Altyn Asyry” ilkinji gezek hasapda öňe çykardy. Şeýlelikde, duşuşygyň birinji ýarymy türkmen toparynyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Çäksiz mümkinçilikleriň badalgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek ugrunda yzygiderli maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda sanlylaşdyrmak işi durmuş-ykdysady ösüş babatda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy esasynda amala aşyrylýar. Bu ösüşiň durnukly oňyn depginini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, degişli şertleriň üýtgemegine uýgunlaşmagy, daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azalmagyny üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzy doly sanlylaşdyrmak üçin öňdebaryjy tejribäni hem-de kämil işleri öwrenmek we özleşdirmek zerurdyr, diňe taýýar çözgütlere däl-de, eýsem, öz ylmy tehnologik kuwwatymyza esaslanan sanly nusganyň döredilmegini ugur edinmelidir. Bu ugurda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” aýratyn ähmiýete eýedir. Bu resminamada kesgitlenen çäreleriň amala aşyrylmagy maglumat-bilim gurşawyny döretmäge hem-de ähli tapgyrlardaky okuwy elektron serişdeleri bilen üpjün etmäge, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny artdyrmaga, halkara ülňülerine laýyk derejesinde ugurdaş usulyýetleri kämilleşdirmäge ýardam etmelidir.

Türkmenistan halkara ýük daşamalarynda ýeňillik ýola goýdy

Halkara ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistan täze hyzmaty ýola goýdy. Indi Halkara ýol ulagynyň (HÝU) ulgamyny ýa-da TIR-EPD ulgamyny ulanýan ýük ulaglary üçin “Ýaşyl geçelgeler” doly güýjünde işleýär.  Munuň özi, indi sürüjileriň serhetde uzak nobata durmajakdygyny aňladýar. Sürüjiler ýörite zolaklar boýunça gümrük barlagyndan geçerler.

Türkiýede halkara howa menzili açyldy

Türkiýäniň günortasyndaky Mersin sebitinde ýylda 9 million ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen täze Çukurowa halkara howa menzili açyldy. Bu barada Anadoly habarlar agentligi habar berýär. Howa menziliniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Türkiýe Respublikanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň belleýşi ýaly täze howa menzili Türkiýäniň sebit we dünýä üçin howa derwezesi bolar. Bu howa menzili Çukurowa sebitinde söwda, syýahatçylyk we oba hojalygy önümçiliginiň ösmegine goşant goşar we takmynan 3 müň adamy iş orny bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Agzybir ilde ösüş bar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şanly wakalary taryhyň gatlaryndan mynasyp orun alyp, ýurdumyzyň ynamly gadamlar bilen ösüşiň täze belentliklerine çykýandygyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýär. Pederlerimiziň döwletlilik ýörelgelerinden ugur alnyp, il sylagly ýaşulularyň, dilleri senaly enelerimiziň, milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjylarynyň, röwşen geljegimiz bolan ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilýän Halk Maslahaty halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, birek-birege hormat-sarpasynyň ýokarydygynyň nyşanydyr. Jemgyýetçilik-syýasy, ruhy ýokary göteriliş ýagdaýynda geçýän Halk Maslahaty halkymyzyň “Geňeşli don gysga bolmaz”, “Geňeşli salamat bolar” diýen nakyllaryndan ugur alýar. Bir supranyň başynda jemlenip, maslahat etmek, birek-birege sala salmak il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleleriň agzybirlik bilen çözülmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Döwlet-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan ýaşuly nesliň işi, durmuşy ýaş nesil üçin halallygyň, watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň mekdebidir. Ýokary wekilçilikli edara hökmünde Halk Maslahaty agzybirligi, abadançylygy, Garaşsyz döwletiň ykdysady, syýasy kuwwatyny artdyrmakda ägirt uly güýçdür. Ol güýç ýaşuly nesliň göreldesiniň, tejribesiniň ýaşlara geçmegi bilen, Garaşsyzlygyň 33 ýyllygynyň belle

Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi

Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, adamlaryň saglygyny goramak, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek, raýatlaryň zähmet rugsady döwründe rahat dynç almaklary üçin şertleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatda ileri tutulýan wezipelerdir. Bu syýasatyň özeninde Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi durýar.

Türkmenistan — BMG: parahatçylygyň we döredijilikli ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly we işjeň agzasy hökmünde onuň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşmagyny dowam etdirip gelýär. Parahatçylykly ýaşamagyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň, deňhukukly dialogyň ähmiýetini öňe sürýän Türkmenistan halkara giňişlikde hemişe netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. 2025-nji ýylda Bitaraplygyň 30 ýyllygyny dabaraly bellemäge, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň geljek ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlyk görüp, Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklaryny dowam etdirer. Döwletiň anyk ädimleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň köpçülige ýetirjek ileri tutýan garaýyşlarynda-da öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna işjeň taýýarlyk görýär. Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sini resmi taýdan kabul eden we olary durmuş-ykdysady ösüşiň milli meýilnamalaryna, strategiýalaryna uýgunlaşdyran ýurt hökmünde Türkmenistan jemgyýetçilik durmuşynyň ähli möhüm ugurlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmäge çagyrýar.