"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

«Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesi boýunça ýük daşamak işini giňeltmek meýilleşdirilýär

Hindistan we Russiýa ikitaraplaýyn söwdada Çennaý — Wladiwostok ugrunyň, «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň we Demirgazyk deňiz ýolunyň ulanylmagy arkaly ýük üpjünçiligiň ösmegine goşant goşar. Bu barada hindi eksport guramalarynyň federasiýasynyň baş we ýerine ýetiriji direktory Ajaý Sahai «TASS» agentliginiň wekillerine gürrüň berdi. Onuň pikiriçe, iki ýurduň arasyndaky söwdanyň derejesiniň mundan beýläk-de ösmegi üçin möhüm şertleriň biri hem logistika meselelerini çözmek bilen baglydyr.

Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhas we döredijilik mirasy — umumadamzat gymmatlygy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Munuň özi eserleri dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik söz ussadynyň bahasyna ýetip bolmajak pähim-paýhas, döredijilik mirasyny öwrenmäge täze itergi berýär. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi, şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, onuň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň hataryna goşulmagy türkmeniň meşhur nusgawy şahyrynyň gymmatly mirasynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň güwäsidir. Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, onuň şan-şöhratyny, halkara abraýyny artdyrmak, Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligini öwrenmek, dünýäde wagyz etmek maksadyndan ugur alyp, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň beýik şahyra bagyşlap ýazan goşgusy bilen adybir atlandyrylan şu ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýär. Bu şygaryň many-mazmuny ildeşlerimiziň watançylyk ruhuny belende götermekden, ýaşlaryň mynasyp terbiýelenmegine ýardam etmekden, halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ýurdumyzd

Elektron söwdasy türkmen işewürligine täze daşary ýurt bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berýär

Elektron söwdasy Türkmenistandaky kiçi işewürligine täze halkara bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berýär. Milli resminamalaryň birnäçesinde, şol sanda Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýetiň ösüşiniň Döwlet maksatnamasynda sanly ulgama geçmeklik ileri tutulýan ugur hasaplanylýar. Bu maksada ýetmek üçin 23-24-nji iýulda Aşgabat şäherinde Halkara söwda merkezi (ITC) täze hukuk we syýasy gurallary işläp düzmek boýunça tehniki seminarlary geçirdi.

Türkmenistanyň "Deňiz söwda floty" ýük daşalşynyň möçberini artdyrýar

2024-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynyň dowamynda Türkmenistanyň “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öz gämilerinde 1 400 000 tonna ýüküň, 3 345 konteýnerleriň, 10 546 awtoulaglaryň daşalşyny amala aşyryp, görkezijilerini geçen ýylkydan ýokarlandyrdy. Bu barada paýdarlar jemgyýetiniň web sahypasynda habar berilýär. Diagrammanyň görkezijilerine laýyklykda, 100 müň tonna artyk ýük daşaldy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Özbegistanyň tejribesini öwrenýär

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti tarapyndan gümrük taýdan resmileşdirmegiň Merkezini döretmekde tejribesini öwrenmek we serhetýaka gümrük nokatlarynyň işi bilen tanyşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine gulluk iş sapary amala aşyrdy. Saparyň birinji gününde wekiliýetimiz gümrük taýdan resmileşdirmegiň Özbegistan Respublikasynyň Gümrük komitetiniň ýanyndaky Merkezine baryp gördüler. Bu Merkez 2023-nji ýylyň awgust aýynda açylyp, bu toplum öz içine maglumatlary gaýtadan işleýän merkezini, uzakdan elektron deklarirleme nokadyny, jaň merkezini, nyşana almak we töwekgelçilikleri dolandyrmak bölümlerini alýar.  Merkeziň maglumatlar ulgamy daşary ýurt edaralarynyň, ýerli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, daşary ykdysady işine gatnaşyjylaryň we awiakompaniýalaryň maglumat ulgamlary bilen utgaşdyrylan.

«Turkish Airlines»-yň Aşgabatdaky satuw ofisinde howa gatnawynda daşamak bolmaýan zatlar barada gürrüň berdiler

«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Aşgabatda ýerleşýän satuw ofisinde ýolagçy howa gatnawy mahalynda goşlary we zatlary uçarda, şeýle hem ýanyň bilen daşamagyň düzgünleri barada gürrüň berdiler. Awiakompaniýanyň wekilleri howa gatnawlarynyň halkara düzgünlerine laýyklykda, käbir zatlary uçarda we el goşuň hökmünde ýanyňda daşamagyň gadagan edilýändigini düşündirdiler. Uçarda we el goşuň hökmünde daşamak gadagan edilen zatlaryň hatarynda şulary bellemek bolar:

“Täjik demir ýollary” GDA ýurtlaryndan ýükleri daşamak üçin uly arzanladyşlar hödürleýär

“Täjik demir ýollary” Döwlet bitewi kärhanasy GDA ýurtlaryndan demir ýol arkaly gatnawlar üçin uly arzanladyşlary hödürleýär. Bu barada Respublikanyň Ulag ministrliginiň metbugat merkezine salgylanyp, Täjigistanyň milli habarlar gullugy «Ховар» habar berýär. «Duşanbe – Kulýab» ýolagçy otlusynda 60%, şeýle hem Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň demir ýollarynyň ýolbaşçylary bilen baglaşylan şertnama laýyklykda öňünden petek satyn alýan ýolagçylara 45%-e çenli arzanladyş göz öňünde tutulýar.

Täjigistan hytaý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda elektrik ulaglarynyň önümçiligini ýola goýmagy maksat edinýär

Täjigistanyň hökümeti daşary ýurtly taraplar bilen hyzmatdaşlygyň çäginde elektrik ulaglarynyň önümçiligini ýola goýmak isleýär. Bu barada Täjigistanyň senagat we täze tehnologiýalar ministri Şerali Kabir metbugat ýygnagynda habar berdi. Şerali Kabiriň sözlerine görä, elektrik ulaglaryny öndürmek üçin tehnologiýalary geçirmek işi üçin hytaý kompaniýalarynyň üçüsi bilen işjeň gepleşikler alnyp barylýar. «Hyzmatdaş saýlan badymyza biz önümçilik işine başlarys» — diýip, ministr belledi.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bäsleşik yglan edýär

SATYN ALMALAR HAKYNDA ÝÖRITE BILDIRIŞ Ýurdy: Türkmenistan

“Türkmenistan” awiakompaniýasy ýurduň çägindäki dürli ugurlara uçuşlaryň tertibini täzeledi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap Türkmenistanyň çägindäki dürli ugurlara uçuşlaryň tertibini täzeledi. Meýilnamada görkezilişi ýaly, Aşgabatdan Türkmenbaşy, Daşoguz, Türkmenabat, Mary we Kerki ýaly şäherlere gündelik uçuşlar ýola goýuldy.

«Türkmenawtoulaglary» agentligi 6 aýda ýolagçy gatnatmak boýunça meýilnamasyny 105,2% ýerine ýetirdi

Ýolagçy gatnatmak boýunça şu ýylyň birinji ýarymynyň görkezijileri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň netijeli işiniň beýanydyr. Agentlik 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda 122 million 362 müň 300 ýolagçyny gatnadyp, öňde goýlan meýilnamany 105,2% ýerine ýetirdi. Ýeri gelende ýatlasak, bu ugurda 2023-nji ýylyň netijesi 118 million 533 müň 600 ýolagçy bolupdy. Görşümiz ýaly, netijeler 3 million 828 müň 700 ýolagçynyň artyk gatnadylandygyny mälim edýär. Bu bolsa 103,2% netijäniň gazanylandygynyň nyşanydyr.

Türkmenistanyň demir ýollaryň uzynlygy 5173,4 kilometre ýetýär

Demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem döwlet Baştutanymyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde goýýan wezipeleriniň hataryndadyr. Uzak aralyklara ýük daşamalarda esasy orny eýeleýän demir ýol pudagynyň ösdürilmegi ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaş ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýän Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Bu pudaga hojalygy ýöretmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak, dolandyryşyň häzirki zaman ýörelgelerini ornaşdyrmak, serişdeler binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak we hereket edýän düzümleri netijeli ulanmak, ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmek, işgärleriň iş şertleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly işiň dürli ugurlaryny öz içine alýan ýokary talaplar bildirilýär.

Türkiýäniň uniwersiteti Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin hünärmen taýýarlar

Türk aeronawtika birleşigi uniwersiteti Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga öz goşandyny goşar. Bu barada  Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň rektory Prof. Dr. Rahmi Er türk metbugatyna beren beýanatynda belläp geçdi. Daşary ýurtdan ýokary okuw mekdebi üçin uly gyzyklanmanyň bardygyny bellän rektor Rahmi Er “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň gyzyklanmasy bilen uçarman zerurlygyny kanagatlandyrmak maksady bilen şertnama gol çekilendigini belledi.

Türkmenistanda iki sany täze gury ýük gäminiň gurluşygyna girişildi

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde halkara talaplara doly laýyk gelýän iki sany täze gury ýük gämileriniň gurluşygyna girişildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Täze guruljak gämileriň dünýä standartlaryna laýyklykda, halkara ýüzüşleri amala aşyrmaklaryny ýola goýmak maksady bilen, Klasifikassion jemgyýetleriň halkara assosiasiýasy tarapyndan kabul edilmegi üçin resmileşdiriş işleri hem alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

5-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, strategik häsiýete eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmenistan ulag diplomatiýasynyň we üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerini giňeldýär

Ulag-kommunikasiýalar toplumy islendik döwletiň ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegidir. Onuň ösüş depgini köp babatda tutuş ýurduň ösüşini kesgitleýär. Ähli ugurlar boýunça öz wagtynda, ýokary hilli hyzmat etmek wezipesi öňünde goýlan ýük we ýolagçy daşamak hyzmaty, öz gezeginde, ulag ulgamynyň aýrylmaz düzüm bölegini emele getirýär. Bu ugruň Ministrler Kabinetiniň mejlislerindäki ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri bolmagy hem tötänleýin däldir. Türkmenistanyň iň döwrebap üstaşyr ulag, logistika düzümini tiz wagtda kemala getirmek nukdaýnazaryndan, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary we anyk ädimleri diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebitiň ösüşine hem kuwwatly itergi berdi. Geografik taýdan örän amatly çäkde — Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän halkara ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, Türkmenistan ägirt uly üstaşyr mümkinçiliklere eýedir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak babatda anyk işleri durmuşa geçirýär.

TULM Hytaýdan konteýner daşamagy amala aşyrýar

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ (TULM) Hytaý Halk Respublikasyndan Türkmenistana we yzyna konteýner daşamagy yzygiderli guraýar. Konteýner otlylaryny guramak boýunça Türkmenistanyň milli operatory bolmak bilen, bu kompaniýa Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň konteýner terminalynyň hem operatorydyr. Ýükleri daşamak üçin girdejili çözgütleriň zerurlygy baradaky ýük daşaýjylaryň we iberijileriň beren pikirlerini göz öňünde tutup, “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan we Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan ugurlarynda konteýner otlylarynyň tertibini başarnykly we örän amatly bahada düzdi. “Türkmenistanyň Ulag-logistika Merkezi” AGPJ Hytaýdan import edilýän harytlary Türkmenistana daşamak üçin edýän hyzmatlarynyň, iberijiler bilen alyjylaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar üçin möhüm tarap bolan konteýner satyn alynmagyny talap etmeýändigini bellemelidiris şeýle hem hyzmatlaryň ýokary hilini we ygtybarlylygyny üpjün edýär.

Türkmenistan — parahatçylygyň we abadançylygyň mekany

Geçen hepde ýurdumyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýän wakalara baý boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, halkymyzyň abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirýän giň möçberli işleri ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna gönükdirilendir. 29-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, beýleki degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy, käbir guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy

3-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy hem-de dikuçarda “akylly” şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleri, önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady. Ir bilen Milli Liderimiz dikuçarda täze şähere nobatdaky iş saparyny amala aşyrmak maksady bilen, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

2024-nji ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

3-nji iýulda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda guralan köp sanly iş duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, forumlar Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde geçirilen bu çäreler daşary syýasat strategiýamyzyň möhüm ugry bolup, dostlukly döwletler bilen ynanyşmak, özara düşünişmek däplerine esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Iýul aýynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň howandarlygynda Kataryň Doha şäherinde geçirilen Owganystan boýunça ýörite wekilleriň üçünji duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar Owganystanyň häzirki syýasy, ykdysady, ynsanperwer ýagdaýy, ýurduň hususy pudagynyň mümkinçiliklerini giňeltmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, häzirki döwrüň beýleki wehimlerine garşy göreşmek barada pikir alyşdylar.