"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde degişli ösüş maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Watanymyzyň goranyş ukybyny berkitmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak, Milli goşunymyzy iň täze tehniki serişdeler bilen üpjün etmek, serkerdeleriň, esgerleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada-da aýdyldy. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berildi.

«Türkmentel-2024»: tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen tanyşmaga giň mümkinçilik

14-16-njy noýabr aralygynda Aşgabatda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2024» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler. «Türkmenel – 2024» halkara sergisi we ylmy maslahatyna Türkmenistan, Russiýa, ABŞ, Finlýandiýa, Türkiýe, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ispaniýa, Gresiýa, Irlandiýa, Belgiýa, Awstriýa, Beýik Britaniýa, Liwan, Belarus, Hindistan, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Owganystan ýaly ýurtlaryň 70-e golaý kompaniýasynyň 200-e golaý wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.  

Türkmenistanyň, Özbegistanyň demir ýol edaralary bäsdeşlige ukyply tarifleri ornaşdyrmagy ylalaşdylar

Türkmenistanyň we Özbegistanyň demir ýol edaralary bäsdeşlige ukyply nyrh meýilnamalaryny ornaşdyrmagy hem-de ýük daşamalarynyň häzirki wagtda hereket edýän nyrhlaryny uzaltmagy ylalaşdylar.  “Özbegistanyň demir ýollary” paýdarlar jemgyýetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu meselä sişenbe güni Özbegistanyň Daşkent şäherinde GDA-nyň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 81-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda garaldy. 

TULM Türkiýeden Owganystana gumanitar kömek ýüklerini ugratmagy dowam edýär

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, häzirki wagtda Türkiýe Respublikasyndan Owganystana gumanitar kömek ýüklerini yzygiderli ugratmagy dowam edýär we bu ugurda daşalýan ýükleriň möçberini gün-günden artdyrýar. Jemgyýetiň, 2024-nji ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Izmir welaýatynyň Biçerowa demir ýol stansiýasyndan ugran ösümlik ýagy ýükli wagonlary ýurdumyzyň iri infrastruktura merkezleriniň biri bolan Etrek demir ýol stansiýasynyň çäginde kabul edip, gelen ýükleri türk wagonlaryndan GDA-y wagonlaryna geçirip Owganystanyň Haýraton we Turgundy stansiýalaryna tarap ugradýar.

Sanly ulgam bilen innowasion ösüşlere tarap

Maksatly ýaşamak durmuşa ynamly we çynlakaý çemeleşmekdir. Çünki öňde goýulýan her bir maksat özi bilen netijeli işlemegi, yhlasly zähmet çekmegi, okamagy, öwrenmegi, döretmegi, gurmagy, bir başa uýmagy... talap edýär. Öňde goýulýan anyk maksatlar öňki gazanylanlary göz öňünde tutup, döwre görä gadam urmak, täze sepgitlere ýetmek, bar bolan mümkinçilikleriň üstüni ýetirmek, aň-düşünje, zehin, ukyp potensialyny ulanyp, ylymda-bilimde ileri gitmek zerurlyklaryny ýüze çykarýar. Bu bolsa döwür bilen deň gadam urup, zamanamyzy, durmuşymyzy özgerdiji ençeme oňyn taslamalary durmuşa geçirmeklige howlukmaklygy talap edýär. Şolaryň hatarynda bolsa, ýurdumyzda ähli ugurlarda elektron-onlaýn ulgama geçmegini aýdyp bileris. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda bagtdan paýly günleri arka atyp barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda bagtyýarlyk zamanasynda innowasion tehnologiýalar ulgamynda aýdyň ösüşler gazanyldy we gazanylmagyny dowam edýär. Şeýle ösüşleriň hatarynda telemedisina ulgamyny, internetiň we öýjükli aragatnaşygyň 4G hilini, mekdepleriň internet ulgamyna birikdirilmegini, “emekdep” portalynyň ioşe girizilmegini, multimedia serişdeleri bilen üpjün edilmegini, agzalan ugura ýöriteleşdirilen sergileriň guralmagyny, bäsleşikleriň geçirilmegini, elektron maglumatlar ulgamyny döretmäge girişilmegini, sanly bilim ulgamyna badalga berilme

Türkmenistan Hytaýdaky üpjünçilik zynjyrlary boýunça halkara sergisine gatnaşmaga çagyryldy

Türkmen işewürleri 2024-nji ýylyň 26-30-njy noýabry aralygynda Pekinde geçiriljek Hytaýdaky üpjünçilik zynjyrlary boýunça halkara sergisine gatnaşyp bilerler. CISCE üpjünçilik zynjyrlaryna ýöriteleşdirilen dünýäniň ilkinji milli sergisidir. Çäräniň esasy üns merkezi “Bir guşak – bir ýol” başlangyjynyň çäklerindäki hyzmatlara gönükdirilendir. Ol “akylly” ulag; öňdebaryjy önümçilik; ýaşyl oba hojalygy; arassa energetika; sanly tehnologiýalar; sagdyn ýaşaýyş durmuşy ýaly esasy ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen.

Geçmişiň şöhratly, geljegiň aýdyň

Uzak Gündogardan gözbaş alyp, Günbatarda Ortaýer deňzine çenli uzap gidýän Beýik Ýüpek ýoly Türkmenistanyň çäginde hem birnäçe şäherleriň, galalaryň, kerwensaraýlaryň üstünden geçipdir. Bu bolsa türkmen topragynda ýerleşen şäherleriň ählitaraplaýyn gülläp ösmegine amatly şert döredipdir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen halkymyzyň baý taryhyny öwrenmäge we ýaş nesle wagyz etmäge uly ähmiýet berilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistan dürli ulag ýollarynyň sazlaşykly ösüşi bilen özüniň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky möhüm söwda merkezleriniň biri hökmündäki gadymy şöhratyny döwrebap görnüşde dikeldýär. Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýollarynyň köp ugurlary Ortaýer deňzinden tä Hytaýa çenli baryp, gadymy geçmişde we orta asyrlarda söwda gatnaşyklary we Günbatar bilen Gündogaryň medeniýetleriniň arabaglanyşygyny üpjün etdi. Beýik Ýüpek ýolunyň has köp bölegi Orta Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň üstünden hem geçipdir. Hytaýyň ýüpegi, Hindistanyň hoşboýlary we gymmat baha tebigy reňkli daşlary we ençeme başga-da harytlar bilen ýüklenen kerwenler Garagumuň içinden Merwiň we Horezmiň jülgelerinden, Murgabyň we Amyderýanyň üstünden aşypdyrlar. Kerwenleriň ugrunda baý-baý şäherler, söwda-senetçilik ilatly ýerler, kerwensaraýlar, metjitler we medreseler gülläp ösüpdir. Şol wagtlardan ga

Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» forumynda ulag-logistika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Ýakynda Seul şäherinde Günorta Koreýanyň Daşary işler ministri Ço The Ýulyň ýolbaşçylygynda 17-nji «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. Foruma Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Forumyň dowamynda ulag-logistika ulgamyndaky hem-de energiýa pudagyndaky özara gatnaşyklar, sanly özgeriş we daşky gurşaw meseleleri ýaly Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy.

«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ taksi we mikroawtobuslar üçin sürüjileri işe kabul edýär

Türkmenistanyň iri ulag kompaniýasy «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ takside we mikroawtobuslarda işlemek üçin sürüjileri işe kabul edýändigini yglan edýär. Kompaniýa Toyota Corolla, Toyota Coaster we Toyota Hiace ulaglarynda sürüji bolup işlemekligi hödürleýär. Taksi sürüjisi wezipesine dalaşgärlerden «B» we «C» derejeli sürüjilik şahadatnamasy, şeýle hem ýeňil ulagy sürmekde iş tejribesiniň bolmagy talap edilýär. Mikroawtobuslarda işlemek isleýänler üçin «D» derejeli sürüjilik şahadatnamasy we degişli sürüjilik iş tejribesiniň bolmagy zerurdyr.

"Deňiz söwda floty" ÝGPJ halkara bäsleşik yglan edýär

"Deňiz söwda floty" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gämiler üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär: Lot No.1 - “Alaja” nebit we nebit önümlerini daşaýan gämi üçin ätiýaçlyk şaýlar;

«Belet Film» mobil goşundysyny täzeledi

Türkmenistanyň öňdebaryjy onlaýn-kinoteatry bolan «Belet Film» mobil goşundysyndaky wideopleýeriň giňişleýin täzelenendigini mälim etdi. Işläp düzüjiler onuň ulanmak üçin aňsat bolmagyna uly üns bermek bilen, pleýeriň dizaýnyny we işleýşini dolulygyna gaýtadan işlediler. Pleýeriň täze görnüşinde interfeýsiň özboluşlylygyna aýratyn üns berilýär. Işläp düzüjiler wideopleýeri bir elde oňaýly ulanmak üçin dolandyryş elementleriniň ýerleşişini amatly görnüşe getirdiler, ondan artykmaç elementleri aýryp, ähli nyşanjyklary kadalaşdyrdylar.

Medeni ugurda giň gerimli hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda medeniýetimizi, medeni mirasymyzy gorap saklamak hem-de milli gymmatlyklarymyzy dikeltmek boýunça ummasyz işler durmuşa geçirilýär. Şol sanda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde ýurdumyz dünýäniň birnäçe halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Has dogrusy, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çalt depginde ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmenistan döwletimiz BMG-nyň möhüm konwensiýalarynyň ýüzlerçesine goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna hemişe ygrarlydygyny görkezýär. BMG – bu döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, dünýäde ählumumy howpsuzlygy we parahatçylygy gorap saklamak hem-de üpjün etmek maksatlary bilen döredilen halkara guramasydyr. BMG-nyň ähli düzüm birlikleri biziň ýurdumyzyň hökümeti bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Olardan has ähmiýetlileriniň biri-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasy, ýagny, ÝUNESKO bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde milli medeni mirasymyzy aýawly saklamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan

Akyldar şahyryň döredijilik mirasy – milli terbiýäniň nusgalyk mekdebi

Her bir halk özüniň milli gahrymanyny ezizleýär, oňa kalbyndan hemişelik orun berýär. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem şeýle ägirtleriň biridir. Magtymguly Pyragynyň şygryýetini iň bir beýik zatlara, gymmatlyklara deňemek bilen bir hatarda, olary türkmen kalbynyň aýnasy diýip hem suratlandyrýarlar. Akyldaryň şygyrlaryny agzybirlik, päkgöwünlilik, halallyk çakylykçysy diýip atlandyrmak bilen, olary egsilmeýän derýa, ynsanlary ruhy teşnelikden gandyrýan güzere meňzedýäris. Söz ussadynyň her bir setiri watansöýüjilige, agzybirlige, bir-birege hormat-sylaga çagyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly baýram edilmegi her birimiziň göwnümizi ganatlandyrýar. Türkmen halkynyň durmuşynda ähli döwürlerde bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de Magtymguly Pyragynyň her bir setiri ýaş nesil üçin terbiýe mekdebi bolup durýar. Akyldaryň çuňňur mana eýlenen setirleri her bir türkmeniň çagalygyndan, ýaşlygyndan ýüreginde ýaşap ugraýar. Hut şonuň üçin-de 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda akyldar Pyragynyň 300 ýyllygynyň uludan bellenilmegi her birimiziň ruhumyzy galkyndyrýar. Magtymguly Pyragynyň öňe süren watanperwerlik, ynsanperwerlik, ylymlylyk, danalyk, wepadarlyk, adalatlylyk, halallyk, rehimdarlyk, il-güne sylag-hormat goýmak, edermenlik,

Durmuşyň ähli ulgamlaryny özgertmek — döwlet syýasatynyň baş maksady

Geçen hepdäniň wakalary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Bu strategiýa ýurdumyzy innowasion esasda ösdürmäge, döwlet tarapyndan ilata berilýän goldawyň ýokary derejesini üpjün etmäge, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende götermäge gönükdirilendir. 28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, hasyly kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň güýjünden netijeli peýdalanylýar. Şunuň bilen birlikde, bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Şeýle-de medeni-durmuş, jemgyýetçilik binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek üçin görülýän çäreler, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky g

Türkmenistanda täze senagat zolaklaryny döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Aşgabat şäheriniň we Mary welaýatynyň golaýynda täze senagat zolaklaryny döretmek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) müdiriýetiniň agzasy Täçmyrat Gurdow “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahatda (CIET 2024) mälim etdi. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, TSTB-niň agzalygynda 29 müň kompaniýa we hususy kärhana bar.

Türkmen telekeçileri Sianda geçiriljek sanly ykdysadyýet sergisine çagyrylýar

Türkmen telekeçileri 5–7-nji dekabrda Hytaýyň Sian şäherinde geçiriljek  5-nji Günbatar Hytaý sanly ykdysadyýet sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi duşenbe güni habar berdi. Guramaçylaryň berýän maglumatlaryna görä, Demirgazyk-Günbatar Hytaýyň sanlylaşdyrmak ulgamyndaky bu möhüm çäre ilkinji gezek geçirilip başlan wagtyndan bäri bir müňden gowrak senagat kärhanalaryny we 72 döwletiň wekiliýetlerini özüne çekdi. Ozalky geçirilen sergilere baryp görenleriň umumy sany 60 müň adamdan geçýär.

Dil bilmek biziň medeni derejämiziň görkezijisidir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän  derejede bilim almaklary üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Olaryň içinde daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek esasy ugurlaryň biridir. Dil biziň medeni derejämiziň görkezijisidir. Dil bilmek ýaş nesliň köp taraply ösmegine, dünýä-garaýşynyň giňelmegine, pikirlenmek ukyplarynyň kämilleşmegine ýardam edýär. Döwletleriň arasyndaky syýasy, medeni, söwda gatnaşyklarynyň has kämilleşen häzirki döwründe halkara dilleriň orny hasda giňelýär. Şol bir wagtda, ylmyň, tehnikanyň, ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiniň batly gadamlar bilen ösdürilmegi häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýanyň we önümçiligiň  biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşygynyň bir bitewilige öwrülendigine şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly hem öňden görüjilikli syýasaty netijesinde dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Diňe bir öz ene dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy we ähmiýetliligi bilen çözülýär. Üç dilliligi ösdürmek taglymaty öňe sürülip, degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän mekde

Aşgabatda metropoliten gurmagy teklip edildi

Ukrainanyň “CAI Interbudmontaž” kompaniýasy Aşgabadyň metropoliteniniň gurluşyk taslamasyny tanyşdyrdy. Ol geljekde türkmen paýtagtyny Arkadag “akylly” şäheri, Gökdepe we Änew şäherleri bilen baglanyşdyryp biler. Bu baradaky başlangyjy kompaniýanyň dolandyryjy direktory Wladimir Petruk “CIET 2024” maslahatynda mälim etdi. “News Central Asia” neşiriniň duşenbe güni habar bermegine görä, bu başlangyjy we onuň tehnologiýa bölegini işläp taýýarlamak işine Ýaponiýanyň “Sumitomo” kompaniýasy, Ýaponiýanyň Metro birleşigi hem-de seýsmiki zolakda guruljak metronyň inženerçilik mümkinçiliklerine baha beren Germaniýanyň “K2” konsalting topary çekildi.

Türkmenistanyň gatnaşmagynda Bişkek şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdaky XI sammiti geçiriler

6-njy noýabrda Gyrgyz Resbublikasynyň Bişkek şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) nobatdaky XI sammiti geçiriler. Sammite gurama agza döwletleriň ýolbaşçylary, şeýle-de oňa Türkmenistan we Wengriýa synçy ýurtlaryň ýolbaşçylary gatnaşar.  Sammitiň gün tertibindäki meseleler «Türki dünýäni güýçlendirmek: Ykdysady integrasiýa, durnukly ösüş, sanly gelejek we hemmeler üçin howpsuzlyk» şygary esasynda ara alnyp maslahatlaşylar. Sammite gatnaşyjylar, TDG agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, sanly tehnologiýalara geçmek we sebitdäki howpsuzlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Nesil terbiýesinde milli ýörelgeler

Halkyň ýaşaýyş-durmuşy bilen deň derejede ösýän edep-terbiýe kämilleşýär, arkama-arka dowam edýän ýörelgelere öwrülýär. Ýaş neslini eý gören ata-babalarymyz nesillere asylly däpleri, halallyk ýoluny hem-de edep-terbiýäni miras galdyrypdyr. Asyllylyk, halallyk, Watana wepalylyk, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeleri ýaşlaryň aňyna guýmak döwrümiziň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Ýaşlaryň maşgalada, köpçülik ýerlerinde özüni alyp baryşlary ýaşulularyň nazaryndan sypmandyr. Olar durmuş tejribelerini dilewar, märekesöýer, şahandaz, guýmagursak zehinli adamlar tarapyndan döredilen halky eserlere siňdirip, perzentleriniň aňyna guýmagyň hötdesinden gelipdirler. Ýiti aňyň, dury akyl-paýhasyň, ýatkeşligiň eýesi bolan pederlerimiz özleriniň döreden eserlerini hakydalarynda aýawly saklap, nesilden-nesle geçirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty bilen dolandyrylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne-de ýetiripdirler. Türkmenlerde nesil terbiýesine uly üns berlipdir. Ýaş nesli halal, dogruçyl, zähmetsöýer adamlar edip ýetişdirmek hakda aladalanylypdyr. Çaga ilkinji terbiýäni maşgalada alýar. Ýaşlaryň ruhy-ahlak terbiýesinde maşgalanyň orny uludyr. Agzybir, halal zähmet çekýän maşgalada kämil şahsyýetler kemala gelýär. Türkmen maşgalasynda terbiýe diňe öwüt-ündew bilen däl, eýsem, görüm-görelde bilen berilýär. Şonuň üçin terbi