"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

30-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň, RF-niň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş hakyndaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunuň bilen birlikde, Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Türkmenistan — ÝUNESKO: milli we bütindünýä mirasyny goramak ugrunda

Dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant goşan türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak, hemmetaraplaýyn öwrenmek we dünýä ýaýmak Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu abraýly guramanyň doly hukukly agzasy bolup durýar. ÝUNESKO bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Onuň çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilen we häzirki wagtda hereket edýän bilelikdäki taslamalar bar. Ikitaraplaýyn dialoga ulgamlaýyn häsiýet bermek maksady bilen, ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary hereket edýär. Soňky ýyllarda bu gurama bilen däp bolan hyzmatdaşlyk mazmun taýdan baýlaşdyrylyp, hil taýdan täze derejä çykaryldy. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň we Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawlaryna girizilen hödürnamalaryň sanynyň artmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Aşgabatda kiberhowpsuzlyk boýunça türkmen-hytaý geňeşmeleri geçirildi

2024-nji ýylyň 28-29-njy oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda kiberhowpsuzlyk boýunça geňeşmeler geçirildi. Duşyşyga gatnaşanlar bilelikdäki işleriň netijelerine, şeýle-de Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda halkara maglumat howpsuzlygy ulgamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine garadylar.

“Demirýollary” AGPJ wagon abatlaýyş zawodyny gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda demir ýol wagonlaryny abatlaýyş zawodynyň taslamasyny düzmek, şol sanda daş töweregini abatlamak we ony dolulygyna gurmak boýunça №DÝ/AGPJ-045 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär Bäsleşige gatnaşmak üçin:

Türkmenistan bilen Özbegistan üstaşyr ýük daşamalardaky salgytlara gaýtadan seredýär

29-njy oktýabrda Buhara şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň ulag-logistika ulgamlarynyň wekililleriniň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistanyň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygynyň orunbasary W.Hojanepesow, özbek tarapyna bolsa Özbegistanyň Ulag ministrliginiň ýanyndaky Ulag we logika meselelerini öwrenmek merkeziniň direktory B.Holmatow ýolbaşçylyk etdi.

Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine döredijilik we hyzmatdaşlyk ýoly bilen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistany bedew bady bilen ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça netijeli çäreleri amala aşyrýar, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. 21-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wezipeleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnamak işlerine berk gözegçilik etmek, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ýygymyny başlamaga gowy taýýarlyk görmek babatda aýratyn tabşyryklar berildi.

“Türkmenawtoulaglary” agentligi bäsleşik yglan edýär

“Türkmenawtoulaglary” agentligi awtoulag serişdeleriniň hereketlendiriji we herekete geçiriji ýaglaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlere teklip edilýär:

Aşgabat halkara ulag geçelegeleri boýunça meseleleriň maslahatlaşylýan merkezi bolar

Aşgabat şäheri 2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) binasynda geçiriljek “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024” atly maslahatda we sergide halkara ulag geçelgeleriniň möhüm meseleleri maslahatlaşylýan merkezi bolar.  TSSE-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, netijeli ulag-üstaşyr geçelgeleriň we infrastrukturalaryň, şol sanda ýokary tizlikli awtomobil ýollaryň, demir ýol menzilleriniň, halkara deňiz portlarynyň we howa menzilleriniň mümkinçiliklerini ösdürmek meseleleri maslahatlaşmalaryň esasy wezipesi bolar. Pandemiýadan soňky döwürde ulag-logistika pudagyny dikeltmäge, ulag-aragatnaşyk düzümleri sanlylaşdyrmaga, durnukly ulagyň ekologiýa ugurlaryna, “ýaşyl” infrastrukturalary ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň eýeleýän ornuna we bu ulgamda ylym-bilimiň ähmiýetine aýratyn üns berler. 

«Sanly çözgüt – 2024» bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär

Kompýuter ylymlary we tehnologiýanyň innowasiýa usullary bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan geçirilýän «Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär. Bäsleşik yglan edilen gününden bäri, ýurdumyzyň talyp we okuwçy ýaşlary, şeýle hem tehnologiki özgertmeler bilen gyzyklanýan höwesjeňleri 300-den gowrak sanly taslamalary gelip gowuşdy.

BOMKA Merkezi Aziýanyň serhet, gümrük we migrasiýa gullugynyň metbugat sekretarlary üçin seminar geçirdi

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen deň hatarda Taşkentde Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak Maksatnamasy (BOMKA 10) tarapyndan guralan serhet, gümrük we migrasiýa gullugynyň metbugat sekretarlary üçin niýetlenen seminar-hakatona gatnaşdy. Bu barada Maksatnamanyň saýtynda habar berilýär. Ol Merkezi Aziýanyň ähli bäş ýurdunyň metbugat gulluklaryny birleşdiren ilkinji çäresi boldy. Seminar sebit derejesinde metbugat gulluklarynyň arasynda jemgyýetçilik aragatnaşyklary ulgamy boýunça öňdebaryjy tejribe alyşmak üçin meýdança öwrülip, degişli pudaklaýyn edaralara öz aragatnaşyk strategiýalaryny we çemeleşmelerini gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Belarusyň «Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenbaşy şäheri bilen Minsk şäheriniň arasyndaky uçuşlaryň sanyny artdyrýar. Kompaniýanyň Metbugat gullugynyň habaryna görä, 23-nji noýabrdan «Belawiýanyň» uçary Minsk — Türkmenbaşy ugrunda hepdede iki gezek, ýagny sişenbe we şenbe günlerinde uçuşlary amala aşyrar. Iş tertibine görä, şenbe güni uçar Minskden sagat 9:30-da uçup, ýerli wagt bilen 15:35-de Türkmenbaşy şäherine geler.

«Turkish Airlines» 2025-nji ýylyň ýazyna çenli Aşgabat bilen Stambulyň arasyndaky howa gatnawlarynyň nyrhnamalaryny täzeledi

Türkiýäniň «Turkish Airlines» milli awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň aprel aýyna çenli döwür üçin Aşgabat — Stambul — Aşgabat gatnaw ugry boýunça awiapetekleriň täzelenen bahalarynyň sanawyny hödürledi. Täze nyrhnama laýyklykda, ekonom-klass derejesinde Aşgabatdan Stambula gitmegiň we gaýdyp gelmegiň bahasy 500 dollardan başlaýar. Munuň tersine, has takygy, Stambuldan Aşgabada gelmegiň we gaýdyp gitmegiň bahasy 720 ABŞ dollaryndan başlaýar.

Himiýa senagatynyň ösüşi üstünliklere beslenýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrýan Garaşsyz Türkmenistan dünýäde durnukly ösüşe, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna oňyn goşant goşýar hem-de energetika, ulag, ekologiýa, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda we beýleki ugurlarda başlangyçlary öňe sürýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz beýik ösüşler bilen öňe barýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň gurluşyk, nebit-gaz, himiýa senagaty ýokary derejede ösdürilýär. Bu bolsa himiýadan we tebigy bilimlerden habarly kämil hünärmenleri talap edýär. Şonuň üçin hem himiýa ylmyny öwrenmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň bilim edaralary, orta mekdepleri, ýokary okuw mekdepleri döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar. Bu ugurda ýakynda kabul edilen “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” uly ähmiýete eýe bolup, munuň özi bilimli ýaşlary ösdürip ýetişdirmekde oňyn netijeleri berýär. Zawod-fabriklerde, himiýa ylmy bilen bagly kärhanalaryň hemmesinde, şol sanda hassahanalarda hem tejribehanalar ýerleşýär. Olarda iş alyp barmak üçin himiýa ugrundan hünärmenleriň, laborantlaryň köp gerek bolýandygy öz-özünden düşnüklidir. Himiýa degişli başlangy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň ulag we logistika forumy geçiriler

2024-nji ýylyň 7-8-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly forum geçiriler. «Grand Hyatt Abu-Dabi Pearl» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu foruma Türkmenistanyň baýlyk bazasynyň ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikler barada pikir alyşmak maksady bilen, Türkmenistandan wekilçilikli topar gatnaşar. Iki günläp dowam etjek forum aýratyn ugurlar boýunça bölümlere bölünip geçiriler. Energetika, himiýa senagaty, ulag we logistika, gurluşyk hem-de önümçilik ýaly möhüm taslamalar gözden geçiriljek forum maliýe-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat, söwda, oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak, ulag-aragatnaşyk we beýleki ugurlary öz içine alar.

Tokio şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyň ýapon dilindäki neşriniň tanyşdyrylyş dabarasyny gurady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  Çärä Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Medeniýet we jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk bölüminiň müdiriniň orunbasary Sakamoto Hideki, Ýaponiýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem Bilim, medeniýet, sport we tehnologiýa ministrlikleriniň, Ýaponiýanyň merkezi döwlet-jemgyýetçilik teleradiokompaniýasynyň we ýapon jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Aşgabatda türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler

2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler. Bu barada ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport meseleleri boýunça wise- premýer Baýramgül Orazdurdyýewa Ministrler Kabinetiniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde maglumat berdi. Forumyň gün tertibine ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilige işjeň ornaşdyrmak, halkara ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen bagly meseleler giriziler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

«Sanly Bilim» atly sanly ulgamyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ýokary okuw mekdepleriniň we orta hünär okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda milli bilim ulgamynyň sanlaşdyrylmagy boýunça maslahat geçirildi. Ministrligiň web-saýtynyň maglumatyna görä, maslahatda «Sanly Bilim» atly sanly ulgamyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Bu ulgam bilim edaralarynyň maglumatlaryny we hyzmatlaryny bitewi ekosistema integrirlemek maksadyny göz öňünde tutýar hem-de maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmak we bilim işleriniň netijeliligini artdyrmak üçin niýetlenendir.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Mejlise türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Mejlisiň başynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berdi.

Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi

26-njy oktýabrda paýtagtymyzda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi. Bu forum türkmen halkynyň milli baýlygy bolan meşhur alabaýlaryň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen möhüm wakadyr. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýrylmaz bölegidir. Şunda halk seçgiçiliginiň usullarynyň we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň peýdalanylmagyna ähmiýet berilýär. Dünýäniň dürli künjeklerinden ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlar üçin assosiasiýanyň çäginde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guralýan forumlara hem-de köp sanly çärelere gatnaşmak, ozaly bilen, şöhratly alabaýlaryň taryhy watanynda bolup görmäge, türkmen hünärmenleri bilen, şol sanda bu täsin tohumyň genofondyny saklamak boýunça tejribe alyşmaga ajaýyp mümkinçilikdir. Alabaýlara aýratyn gadyr goýýanlaryň şeýle duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýär, täze bilelikdäki taslamalar bilen baýlaşdyrýar, itşynaslyk ugrunda işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga şert döredýär. Şunuň bilen birlikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) hem-de beýleki iri guramalar, şol sanda bu ugurda iş alyp barýan daşary ýurt assosiasiýalary, ýuridik talap