"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

2024-nji ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy giňden bellenilen şu ýylyň sentýabr aýy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasatyny, giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilen işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. 2-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk we «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen geçiren duşuşyklarynyň dowamynda birnäçe ugurlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edilýändigi bellenildi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda hemişe ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri ileri tutýar, innowasion tehnologiýalary, ykdysady taýdan netijeli çözgütleri giňden goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda döwlet we sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmakda döwrebap tehnologiýalaryň, ýokary öndürijilikli enjamlaryň işe ornaşdyryljakdygyna ynam bildirildi.

Türkmenistan bilen Türkiýe sürüjiler üçin wiza ýygymlary azaltmagy maslahatlaşdylar

Türkiýäniň Halkara awtomobil ýük daşaýjylar birleşigi (UND) bilen “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda yzygiderli geçirilýän gepleşikleriň çäklerinde, Türkmenistan we Türkiýe sürüjiler üçin wiza ýygymlaryny azaltmagy maslahatlaşdylar.  Ulag düzüminiň “Lojiyol” habarlar portalynyň sişenbe güni habar bermegine görä, bu meselä Halkara ýolçular federasiýasynyň (IRF) 15 – 18-nji oktýabrda Türkiýede geçen Bütindünýä kongresiniň çäklerinde  Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň Türkiýäniň Halkara awtomobil ýük daşaýjylar birleşiginiň (UND) wekiliýeti bilen bolan duşuşygynyň dowamynda garaldy. 

Aşgabatda “OGT 2024” Halkara maslahaty we sergisi açyldy

Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024” atly 29-njy halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady.  Bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çärelere gatnaşyjylary gutlady. Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny netijeli ara alyp maslahatlaşmakda amatly meýdança hökmünde bu maslahatyň ähmiýetini hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi. “Halkara maslahat bilen ugurdaşlykda geçirilýän sergi ony synlamaga gelýänleriň ählisini innowasiýalar, häzirki zaman işläp taýýarlamalary we täze taslamalar bilen içgin tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany nygtady. 

Türkmeniň täsin tebigat dünýäsi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmeklige hem uly üns berilýär. Syýahatçylyk Türkmenistanyň döwlet syýasatynda iň ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň durnukly syýasy, ykdysady hem-de medeni ösüşleri dünýäniň köp ýurtlaryny özüne çekýär we ýurdumyza bolan gyzyklanmalary döredýär. Behişdi tebigata eýe bolan ýurdumyzyň özboluşly ajaýyp tebigat gözellikleri dünýä halklaryny, alymlary, syýahatçylary we söwdagärleri gadym wagtlardan bäri hem özüne çekip gelipdir. Olar türkmen sährasynda ýaşaýan adamlaryň durmuşy, tebigy täsinlikleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi barada özlerinde galdyran täsirlerini beýan edipdirler. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ajaýyp günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda, ýurdumyzyň goňşy we daşary ýurtlary bilen ykdysady, ylym-bilim, lukmançylyk, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky halkara gatnaşyklary barha ösýär. Syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde örän köp işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň syýahatçylygy ösdürmekdäki iň bir gyzyklanma döredýän ugurlarynyň biri hem türkmen tebigatyna gezelençdir. Häzirki döwürde dünýäniň köp döwletleriniň kitaphanalarynda saklanýan gadymy ýazgylarynda syýahatçylaryň we alymlaryň galdyran türkmenler barada maglumatlaryny görmek we okamak bolýar. Ýurdum

Sanly bilim ulgamy – mümkinçilikleriň badalgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän bilim diplomatiýasynyň netijesinde milli bilim ulgamymyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri, ýaş nesillerimiziň kämil bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri açýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bilim ulgamyna aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyzyň ýardamlaryndan hem-de sargytlarydyr öňde goýýan wezipelerinden ruhlanyp işleýän mugallymlar ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň bilim derejesini häzirki zamanyň ylmy gazananlaryna laýyk ösdürmek maksady bilen, zehin-ukyplaryny orta goýup işleýärler. Elbetde, munuň üçin dünýä bilim ulgamynda peýdalanylýan bilim bermegiň häzirki zaman usulyýetlerinden we okatmagyň iň täze tehnologiýalaryndan peýdalanmak zerurdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň amal edýän öňdengörüjilikli syýasatynyň esasy maksady ilatymyzy ýaşaýyş derejesi boýunça ösen döwletleriň hataryna goşmakdan ybarat. Döwletiň üstünlikli öňegidişligi ylmyň we bilimiň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Sebäbi ylmyň we bilimiň her bir döwletiň ösmegi üçin egsilmez güýçdügi ikuçsuzdyr. Bu hakykaty göz öňünde tutup, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň or

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

21-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi.

"Sanly çözgüt - 2024" bäsleşiginiň saýlama tapgyry başlady

"Sanly çözgüt - 2024" innowasiýa taslamalarynyň bäsleşiginiň saýlama tapgyry başlady. Çäre "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň binasynda geçirilýär we programma üpjünçiligini, ylmy açyşlary we oýlap tapyşlary işläp düzýän zehinli ýaşlary goldamaga gönükdirilendir. Bäsleşik ýedi ugur boýunça geçirilýär: emeli aň, robotlaryň tehnikasy we awtomatizasiýa, akylly oba hojalyk tehnologiýalary, "Akylly şäher", bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk we hyzmat ediş ulgamy.

Aşgabatda 25-nji oktýabrdan №70 belgili «Awtokombinat – Gurtly» awtobus ugry üýtgedilýär

Ýolagçy akymynyň ýokarydygyny nazara almak bilen, №70 belgili «Awtokombinat – Gurtly» awtobus ugrunyň üýtgedilýändigini 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 25-den habar berýäris. №70 belgili awtobusyň täze ugry şu köçelerden geçer:

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýä edebiýatynyň göwher hazynasy

Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy Watana, onuň keremli topragyna bolan beýik söýgä, belent duýga eýlenendir. Şahyryň döredijiliginde türkmen halkynyň ykbalyna dahylly meseleler barada pikir ýöredilýär. Magtymguly Pyragynyň eserlerini okanyňda, şahyryň türkmen halkynyň ykbaly baradaky alada bilen ýaşandygyna göz ýetirýärsiň. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Şeýle hem, bu döwürde akyldar şahyryň ömri, ýaşan döwri, ölmez-ýitmez eserleri baradaky ylmy derňewleriň örüsi barha giňeýär. Magtymguly Pyragy dünýä medeniýetine goşant goşan beýik şahyr we akyldardyr. Beýik akyldar çylşyrymly döwürde ýaşap, türkmen nusgawy edebiýatynyň däplerine eýerip, milli şygryýeti belende göterdi. Onuň ynsanperwerlige ýugrulan şygryýeti ençeme asyrlap watandaşlaryny ruhy tarapdan kämilleşdirip gelipdir. Onuň şygyrlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly ähmiýete eýe bolup durýar. Şonuň üçin bitewi döwleti, agzybir halky arzuw edip, bütin ömrüni ata Watanyny taryplap, öz halkyny jebislige çagyryp ýaşan akyldara türkmen halky buýsanýar. Berkarar döwleti arzuw eden, agzybirligi wagyz eden Magtymguly Pyragy agzybirligiň bar ýerinde döwletliligiň, abadançylygyň bolýandygyny öz şygyrlary arkaly beýan edipdir. Ynsanperwerligiň belent nusgasyny görkezen Magtym

Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen Owganystan däne önümlerini eksport eder

Gazagystanyň “Prodkorporasiýa” döwlet kompaniýasy ýurtda ýokary hasylyň alynmagy bilen eksport mümkinçiliklerini artdyrmak ugurnda iş alyp barýar. Şonuň üçin gazak bugdaýyny Müsüre ibermek boýunça gepleşikler geçirildi, Owganystana ibermegiň möçberini artdyrmak, şeýle hem Eýrana mekgejöwen eksport etmek göz öňünde tutulýar Bu barada gazak metbugaty habar berýär. Gazak döwlet kompaniýasynyň ýolbaşçysy Asylhan Juwaşew gazak däne önümleriniň eksport mümkinçiliginiň 12 million tonna deňdigini belledi.

Ulaglar arkaly türkmen-özbek söwda dolanyşygy 9 aýda 867 million dolardan gowrak boldy

2024-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly özara söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 37,5 million amerikan dollary möçberinde ýokarlandy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär. Çeşmede bellenilişine görä, 2024-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 867,8 million amerikan dollaryna deň boldy. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 830,3 million amerikan dollaryna barabar bolupdy. Netijede Türkmenistan Özbegistanyň iň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň sanawynda altynjy ýerden orun aldy.

“Wagt” düşünjesi ýa-da sagat önümçiliginiň taryhyndan

Gadymy döwürlerden bäri adamlar “wagt” diýlen düşünje bilen içgin gyzyklanypdyrlar. Olar ilkibaşda ýyldyzlara we Güne seredip, wagty hasaplamaga synanyşypdyrlar. Günüň asmandaky hereketine seredipdirler, kölegeleri synlapdyrlar, gum sagatlaryny synag edipdirler. Uzak Gündogar ýurtlarynda bolsa, tütün edilip, onuň tüssesiniň belli bir wagta dowam etmegi bilen wagty ölçäpdirler. Gadymy Müsürde we Gresiýada ilkinji suw sagatlary ulanylypdyr. Olar daşdan ýasalan suw sagatlarynyň içine suwuň dolmagy ýa-da boşamagy bilen wagty ölçäpdirler. Suw sagadynyň başga bir görnüşi bolsa, suwly gabyň içine atylýan bir tarapy deşilen demir gutujykdan ybarat bolupdyr. Kiçijik deşiginden suw girip, ýuwaş-ýuwaşdan çümüp başlan demir guty belli bir wagtdan soňra suwuň düýbüne çökmegi bilen wagt ölçegini görkezipdir. Sagat önümçiliginiň kämilleşiş döwri XVI asyrdan başlanýar. 1524-nji ýylda nemes gulp ussasy Peter Henliýen taryhda ilkinji bolup, tow berilýän sagady ýasaýar. Bu sagadyň binýadynda ilkinji jübi sagatlary öndürilip başlanýar. 1550-nji ýyllarda bazarlarda ilki nemes we fransuz, soňra bolsa şwed hem-de iňlis sagat öndürijileri peýda bolýar. 1656-njy ýylda ilkinji yrgyldawaçly sagatlar öndürilip başlanýar. Sagadyň bu görnüşi hakyndaky pikiri G.Galileýiň oýlap tapandygy we çyzgysyny hem taýýarlandygy, ýöne ýasap ýetişmändigi hakyndaky çaklamalar-da bar. 1675-nji ýylda oňa tehniki kämi

Dil öwrenmek derwaýys mesele

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň syýasy, ykdysady hem-de medeni ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de bu ugurda geçirilýän özgertmeler barha rowaçlanýar. Şeýle hem, ýuirdumyzda hereket edýän “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda örän ähmiýetlidir. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak, dil öwrenýänleriň dil we medeni bilimleriniň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de netijeli okuw işini ele almagyny üpjün edýän innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa ornaşdyrmak - bu Konsepsiýanyň esasy maksadyny düzýär. Ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap we ýokary hilli bilim bermekde, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde milli we dünýä tejribeleri öwrenilip, okatmagyň we terbiýelemegiň innowasion usullary, kämil serişdeleri milli bilim ulgamyna yzygiderli ornaşdyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly: “Biziň esasy wezipäm

Milli terbiýe – görelde mekdebi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň ýaşlary milli ruhda, sagdyn bedenli, ösen aň-düşünjeli nesiller edip terbiýelemek, olary dogry ýola gönükdirmek babatda nusgalyk ýol-ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Şöhratly taryhymyzdan mälim bolşy ýaly, türkmen halky ylma, bilime, döredijilikli zähmete sarpa goýup, adamzadyň maddy we ruhy gymmatlyklaryna özüniň mynasyp goşandyny goşup gelen, dünýä medeniýetinde öçmejek yz galdyran halkdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary bilen, merdana halkymyzyň bu asylly ýörelgesi häzirki döwürde döwlet derejesinde mynasyp dowam etdirilýär. Ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde ata-babalarymyz-dan miras galan asylly däpler, milli ýörelgeler häzirki döwrüň iň öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp, bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Zähmet adamy bagta ýetirýär. Her bir ynsan ýaşlykdan haýsydyr bir kesp-käri saýlaýar. Bilşimiz ýaly, islendik hünäre ýaşlykdan başlanylsa, hem-ä çalt öwrenmäge, hem-de ökde, ussat hünärmen bolup ýetişmäge ýardam berýär. Ýaş nahalyň berk we göni, owadan, gelşikli, saýaly, miweli bag bolup ýetişmegi üçin ekilen gününden başlap, oňa ideg etmeli. Şonuň üçin hem ýaşlara ene-atalar we mugallymlar oňat görelde görkezmeli, milli terbiýäniň ýörelgelerinden peýdalanmaly. Milli terbiýede görelde mekdebi esasy orunda durýar. Bu ilkinji nobatda ýaşlaryň görýän zad

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

18-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe ugurdaş kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.

Parahatçylyk döredijilikli syýasat we halkyň tutanýerli zähmeti — üstünlikleriň gözbaşy

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary öz beýanyny tapdy. Şol syýasatyň baş maksady ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmakdan, parahatçylyk döredijilik ýoluna ygrarlylykdan, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyzyň 14-nji oktýabrda geçiren iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmegiň, maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin zerur möçberde ot-iým taýýarlamagyň, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamagyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Hormatly Prezidentimiz güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinleri bilen içerki bazarlarymyzy doly üpjün etmek babatda zerur çäreleriň görülmegini tabşyrdy. Şeýle-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň hilini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny, baky Bitaraplyk derejämize ygrarlylykda alyp barýan hoşniýetli içeri we daşary syýasatymyzy, bedew bady bilen ynamly öňe barýan döwletli Diýarymyzyň taryhy özgerişlerini, bagtyýar halkymyzyň abadan ýaşaýşyny, şöhratly taryhymyzy, gözel tebigatymyzy, milli ýol-ýörelgelerimizi kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmak, olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmek hem-de höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, bäsleşige höwes bildiren daşary ýurt raýatlary hem gatnaşyp bilerler. Bu bäsleşigiň ýeňijileri bellenilen ugurlar boýunça kesgitleniler. Şeýle-de onuň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigi yglan edildi.

Balkan welaýatynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy açylar

Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny işe girizmäge taýýarlyk işleri görülýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat meseleleri boýunça orunbasary Baýmyrat Annamämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde mälim etdi. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, B.Annamämmedow şeýle hem Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek möhüm çäreler barada hasabat berdi.

Ulag pudagynyň işi halkara derejede kämilleşdiriler

Geçen hepde anna güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrmak, elektrikleşdirmek, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de hünärmenleri taýýarlamak işleri göz öňünde tutulyp, bu ugurda zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.