Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy Watana, onuň keremli topragyna bolan beýik söýgä, belent duýga eýlenendir. Şahyryň döredijiliginde türkmen halkynyň ykbalyna dahylly meseleler barada pikir ýöredilýär. Magtymguly Pyragynyň eserlerini okanyňda, şahyryň türkmen halkynyň ykbaly baradaky alada bilen ýaşandygyna göz ýetirýärsiň. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Şeýle hem, bu döwürde akyldar şahyryň ömri, ýaşan döwri, ölmez-ýitmez eserleri baradaky ylmy derňewleriň örüsi barha giňeýär.
Magtymguly Pyragy dünýä medeniýetine goşant goşan beýik şahyr we akyldardyr. Beýik akyldar çylşyrymly döwürde ýaşap, türkmen nusgawy edebiýatynyň däplerine eýerip, milli şygryýeti belende göterdi. Onuň ynsanperwerlige ýugrulan şygryýeti ençeme asyrlap watandaşlaryny ruhy tarapdan kämilleşdirip gelipdir. Onuň şygyrlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly ähmiýete eýe bolup durýar. Şonuň üçin bitewi döwleti, agzybir halky arzuw edip, bütin ömrüni ata Watanyny taryplap, öz halkyny jebislige çagyryp ýaşan akyldara türkmen halky buýsanýar. Berkarar döwleti arzuw eden, agzybirligi wagyz eden Magtymguly Pyragy agzybirligiň bar ýerinde döwletliligiň, abadançylygyň bolýandygyny öz şygyrlary arkaly beýan edipdir. Ynsanperwerligiň belent nusgasyny görkezen Magtymguly Pyragy öz ýiti akyly, parasatlylygy bilen döreden şygyrlaryny baky ýadygär galdyrypdyr. Beýik akyldaryň arzuw eden döwri biziň häzirki döwrümizdir.