"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Dünýä belli alymlaryň durmuşyndan

“Nobel” baýragynyň eýesi, italýan radiotehnigi we telekeçisi Gulelmo Markoni 21 ýaşyndaka “simsiz telegrafy” oýlap tapýar. Eýýäm 22 ýaşynda bu açyşyna tassyknama alyp, “Markoni K” atly läheň paýdarlar jemgyýetini esaslandyrýar. ***

XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna

Hormatly Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalary! Gadyrly türgenler! Sizi 2024-nji ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size Olimpiýa oýunlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmegi hem-de eziz Diýarymyzyň halkara sport abraýyny täze, belent derejelere götermegi tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

19-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Hususan-da, milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň şu ýylyň 13-nji iýulynda geçirilen altynjy maslahatynyň jemleri barada habar berildi. Maslahatda Türkmenistanyň Býujet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine, bedenterbiýe we sport, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar, sportda dopinge garşy göreşmek, tohumçylyk bilen baglanyşykly Kanunlara we başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizmek boýunça kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçynyň maglumaty diňlenildi.

Gazagystan-Türkmenistan-Owganystan ugry boýunça ýükleri daşamagyň şertlerine garaldy

2024-nji ýylyň 19-njy iýulynda Aktau şäherinde (Gazagystan) geçirilýän ilkinji «Demirgazyk–Günorta» söwda-logistika forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşugyň barşynda ulag ulgamynda üç döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklrini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar geljekde Pakistana çykmagy nazara alamak bilen, Gazagystan - Türkmenistan - Owganystan ugry boýunça ýükleri daşamagyň şertlerine garadylar. Şol bir wagtyň özünde, agzalan üçtaraplaýyn duşuşykda türkmen-owgan serhedinden Hyrat şäherine (Owganystan) çenli uzajak demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine türkmen, owgan we gazak taraplarynyň gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garaldy.

Azerbaýjanyň täze gämisi ilkinji ýüküni Türkmenistanyň portuna getirdi

«Azerbaýjanyň Hazar ýük daşaýyş kompaniýasynyň» (ASCO) sargydy esasynda Baku gämi-gurluşyk zadowynda gurlan hem-de 2-nji iýulda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ulanylyşa berlen «Zangilan» tankeri ilkinji ýüküni Türkmenistanyň Alaja deňiz portuna getirdi. «Zangilan» tankeri ilkinji ýüzüşe Azerbaýjanyň Sangaçal deňiz portundan başlap, ol ýerden ýüklenen çig nebiti 17-nji iýulda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Hazar şäherçesiniň golaýyndaky Alaja deňiz portuna getirdi.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi sanly ulgamyň täze gazananlary barada söhbetdeşlik gurnady

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlarynyň arasynda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanyp, elektron okuw sapaklaryny ösdürmekde we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan işler barada söhbetdeşlik gurnaldy. Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginiň edara binasynda gurnalan tegelek stoluň başynda aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleri: «Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak we edara-kärhanalara yzygiderli täze sanly hyzmatlary ornaşdyrmak ýurdumyzda hünärmenler we innowasiýalar üpjünçiligine gönüden-göni bagly bolup durýar» diýip belläp geçdiler.

Sanly bilim ulgamy innowasion ösüşleriň badalgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän bilim diplomatiýasynyň netijesinde milli bilim ulgamymyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri, ýaş nesillerimiziň kämil bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri açýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bilim ulgamyna aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyzyň ýardamlaryndan hem-de sargytlarydyr öňde goýýan wezipelerinden ruhlanyp işleýän mugallymlar ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň bilim derejesini häzirki zamanyň ylmy gazananlaryna laýyk ösdürmek maksady bilen, zehin-ukyplaryny orta goýup işleýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň amal edýän öňdengörüjilikli syýasatynyň esasy maksady ilatymyzy ýaşaýyş derejesi boýunça ösen döwletleriň hataryna goşmakdan ybarat. Döwletiň üstünlikli öňegidişligi ylmyň we bilimiň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Sebäbi ylmyň we bilimiň her bir döwletiň ösmegi üçin egsilmez güýçdügi ikuçsuzdyr. Bu hakykaty göz öňünde tutup, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdeplerine sanly bilimi ornaşdyrmak ugrunda giň möçberli işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpsanly çagalar baglary, o

Jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän edara-kärhanalar üçin “Merkezi elektron ulgam” taslamasy işlenip taýýarlanylandy

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän edara-kärhanalar üçin “Merkezi elektron ulgam” taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny we tapgyrlaýyn birnäçe programmalar işe girizilendigini aýtdy. Bu taslamanyň işe girizilmegi bilen, paýtagtymyzdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, binalaryň, öýleriň, raýatlaryň hasabat sanawynyň döwrebap usullarda ýöredilmegi ýola goýuldy. Şeýle-de ilata jemagat hyzmatlaryny hödürleýän edara-kärhanalaryň öz hyzmatlarynyň hasabatyny elektron görnüşde ýöretmäge mümkinçilik döretdi diýip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow belledi.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bütindünýä emeli aň konferensiýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçen Bütindünýä emeli aň konferensiýasyna we Emeli aňyň global dolandyrylyşy boýunça ýokary derejeli ýygnaga gatnaşdy. Bütindünýä emeli aň konferensiýasyna we Emeli aňyň global dolandyrylyşy boýunça ýokary derejeli ýygnaga gatnaşmak üçin Türkmenistanyň iki ýokary okuw mekdebiniň — Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary, şeýle-de, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri Hytaýyň iň uly senagat we söwda merkezleriniň biri bolan Şanhaý şäherinde boldular.

Turkish Airlines tomsuň ahyryna çenli Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň biletlerini arzanladýar

Turkish Airlines awiakompaniýasy 31-nji awgusta çenli Aşgabat-Stambul-Aşgabat ugry boýunça awiabiletleriniň bahalaryny arzanlatdy. Arzanlaşygyň çäklerinde ekonom klasyň biletleriniň bahasy ABŞ-nyň 525 dollaryndan, biznes klasyň biletleriniň bahasy ABŞ-nyň 1250 dollaryndan başlanar.

Türkmeniň milli saz sungatynda yz galdyran orta asyr sazandalary

Ata-babalarymyzyň ganyna siňen saz sungaty öz gözbaşyny taryhyň gadymy köklerinden alyp gaýdýar. Gadymy türkmen topragymyz diňe bir dag ýerinde dagy, düz ýerinde düzi, çöl ýerinde çöli bolan tebigy gözelligi bilen däl-de, eýsem, dünýä meşhur zehinli alymlary, är ýigitleri berendigi bilen hem tapawutlanýar. Her bir milletiň özboluşly däp-dessurlarynyň, olaryň millet hökmünde emele gelmeginiň çylşyrymly prossesleriniň bolup geçişi ýaly, türkmen milleti hem özüne mahsus birnäçe alamatlary bilen dünýä ýüzünde bilen tapawutlanyp. Şolaryň biri hem saz sungatydyr. Saz sungatyň güýjüni hiç bir güýç bilen deňäp bolmasa gerek, çünki ol adamyň ýüreginde ornaşan iň uly ruhy baýlyk. Müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy ýoly başdan geçiren türkmen halkynyň özboluşly saz sungaty bar. Şol sanda saza ussatlyk bilen erk edip bilýän ussat sazandalaryň hem bolandygyna taryh şaýat. Geliň, olar barada käbir maglumatlara ser salalyň. VI-VII asyrlarda asly Merwde doglan Barbut Merwezi hem şolaryň biridir. Onuň başgaça Pahlabat adynyň hem bardygy barada maglumatlar saklanyp galypdyr. Pahlabat diýmek bolsa, “pahlaw”, ýagny “batyr” diýmegi aňladypdyr. Käbir çeşmelerde bolsa, onuň ady Barbat diýip tutulýar. Ol orta gündogar ýurtlarynda özüniň ezber sazandalygy bilen, zehini bilen uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Bu ussat sazandany şol döwrüň beýik döwletleriniň şalary özüniň köşk sazandasy etme

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat

Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Serdar Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-niň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

17-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. ÝUNISEF-niň wekili wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýola goýlan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, soňky ýyllarda ençeme bilelikdäki möhüm taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigini nygtady.

2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde dünýäde smartfonlaryň öndürilişi 6% artdy

Halkara gözleg kompaniýasy IDC-iň deslapky hasabatyna görä, 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde dünýäde smartfonyň öndürilişi 285,4 million birlige ýa-da geçen ýyl bilen deňeşdirilende 6,5% artdy. Bu eýýam yzygiderli dört çärýek satuwda gazanylan ösüşidir. Çärýegiň jemleri boýunça bazaryň öňdeligini Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy eýeledi, ýagny geçen ýyl bilen deňeşdirilende 0,7% artyp, – 53,9 million smartfona ýetdi.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň mümkinçilikleri Arkadag şäherinde geçirilen tegelek stolda giňişleýin beýanyny tapdy

Döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginiň binasynda «Sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň innowasion ýollary» atly tegelek stol geçirildi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berildi. Onuň çäginde aragatnaşyk pudagynda zähmet çekýän hünärmenler hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary ýurdumyzyň pudaklarynda we edara-kärhanalarynda täze maglumat hyzmatlarynyň we ulgamlarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy bilen bagly amal edilýän ädimleriň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

Azerbaýjan Türkmenistana awtoulag eksport etmegi meýilleşdirýär

Azerbaýjan Türkmenistana awtoulag eksportyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Report» habar berýär. Çeşmäniň bellemegine görä, şu ýyl Azerbaýjanyň Sumgaýyt sebitinde «IVECO» kysymly ýeňil we ýük awtoulaglarynyň önümçiligine niýetlenilen zawodyň işe başlamagyna garaşylýar. Ýylda 100 awtoulag öndürmäge ukyply zawodyň önümlerini Türkmenistana hem eksport etmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de zawodda öndürilen awtoulaglar Russiýa, Gruziýa we Eýran ýaly ýurtlara hem eksport ediler.

"Halkbank" sanly hyzmatlaryny ornaşdyrdy

Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky täze «Sanly karz» ulgamyny işläp düzdi we ornaşdyrdy. Innowasiýa hyzmaty raýatlaryň karz almakda sanly ulgamy ulanmak arkaly artykmaçlyklary döretmek ýaly internet arkaly uzakdaky müşderi hyzmatyny üpjün edýär. Sarp ediji karz üçin ýüz tutmagynyň dowamynda ýörite ykjam programmany ulanyp, bu işi doly onlaýn ýagdaýda amala aşyrylýar.

Hytaýdan gelýän üstaşyr otlusy Türkmenistanyň üstünden Eýrana geçer

Eýranyň Hytaýdaky ilçisi Hytaýyň üstaşyr otlusynyň Gazagystanyň we Türkmenistanyň serhetlerinden geçensoň, «Inçeburun» barlag-geçiş nokadyndan Eýrana geçjekdigini aýtdy. Eýranyň Hytaýdaky ilçisi Mohsen Bahtiýar, Eýranyň ilçihanasynyň Hytaýyň harytlaryny Günbatar Aziýa we Ýewropa daşamakdaky üstaşyr mümkinçiliklerini güýçlendirmek ugrundaky tagallalarynyň dowamy hökmünde Sian şäherinden Tährana ugrandygyny aýtdy.

Deňizde ýük daşama nyrhlarynyň ýokarlanmagynyň sebäpleri

Aprel aýynyň ahyry bilen iýun aýynyň başy aralygynda deňiz ugurlary boýunça ýük daşamagyň derejesi 74% ýokarlandy. «Drewry» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri we üpjünçilik zynjyrynyň geňeşçiler bölüminiň başlygy Filip Damas nyrhlaryň düýpgöter ýokarlanmagyna sebäp bolan esasy faktorlara ünsi çekdi. Esasy gämi gatnaw zolaklarynda, esasan hem, Gyzyl deňizde ýüze çykan bökdençlikler gämileriň ep-esli saklanmagyna we ugurlaryň täzeden üýtgedilmegine sebäp boldy. Munuň özi alternatiw portlarda dyknyşyklaryň döremegine sebäp boldy, gijikmeleri has-da artdyrdy we çykdajylary ýokarlandyrdy.

Dünýäde täze uçarlara bolan isleg artar

2024-2043-nji ýyllarda täze ýolagçy we ýük uçarlaryna bolan isleg 42,430 müň uçara deň bolar. Bu barada “Airbus” aerokosmos korporasiýasynyň 2023-nji ýyldaky global bazar çaklamasynda beýan edilýär. Uçarlara bolan islegde öňdebayrjy ýurtlar dünýäniň iň köp ilatly iki ýurdy bolan Hindistan we Hytaý bolar diýlip çaklanylýar. Öňümizdäki 20 ýylda global awiakompaniýalar takmynan 18 müň 460 köne uçarytäze, has tygşytly uçar bilen çalşar.