Azerbaýjan Türkmenistana awtoulag eksport etmegi meýilleşdirýär

18 Iýul 2024
234

Azerbaýjan Türkmenistana awtoulag eksportyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Report» habar berýär.

Çeşmäniň bellemegine görä, şu ýyl Azerbaýjanyň Sumgaýyt sebitinde «IVECO» kysymly ýeňil we ýük awtoulaglarynyň önümçiligine niýetlenilen zawodyň işe başlamagyna garaşylýar. Ýylda 100 awtoulag öndürmäge ukyply zawodyň önümlerini Türkmenistana hem eksport etmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de zawodda öndürilen awtoulaglar Russiýa, Gruziýa we Eýran ýaly ýurtlara hem eksport ediler.

Beýleki habarlar