"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

«Türkmentel – 2024»: Innowasion ösüşe täze garaýyşlar

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2024-nji ýylyň 14-16-njy noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde «Türkmentel – 2024» atly halkara sergisini we ylmy maslahatyny geçirýär. «Türkmentel – 2024» atly halkara sergisi we ylmy maslahatyna «SpaceX», «Samsung», «Huawei», «Amazon», «Nokia», «Eastwind», «Lenovo», «Motorola Solutions», «Bosch», «Delta Telecom», «Thales» ýaly dünýä belli kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşar.

Bäş reňkli derýa

Tebigatyň ajaýyp gözelliklerine ser salanymyzda onuň täsin gurluşyna, reňkleriň özara sazlaşygyna gözümiz düşýär. Olaryň hersiniň aýratyn owadanlygy bar. Emma käbir ýerleriň öwüşgini beýlekilerden aýratyn bir şekilde bölünip aýrylýar. Kolumbiýadaky Kano Kristales derýasy bolsa, köp reňkliligi bilen tapawutlanýar. Oňa ýerli ilat tarapyndan “Bäş reňkli derýa” ýa-da “Suwuk älemgoşar” hem diýilýär. Şol sebäpli hem ol akar suwly derýalaryň arasynda iň owadany hasaplanýar. Ýylyň käbir paslynda adaty derýadan tapawudy bolmadyk bu akaba, iýul aýynyň ahyryndan dekabra çenli aralykda ýaşyl, sary, gök, gara we gyzyl reňklere öwrülýär. Derýanyň ugrunda birnäçe şaglawuklar hem ýerleşýär. Bu derýa üç sany esasy ekoulgamyň – Amazonka derýasynyň, And daglarynyň we Gündogar Lýanos sährasynyň çatrygynda bolanlygy sebäpli ösümlik we haýwanat dünýäsine hem diýseň baýdyr. Onuň töwereginde guşlaryň 420 görnüşi, ýerde we suwda ýaşaýan jandarlaryň 10 görnüşi hem-de süýrenijileriň 43 görnüşi duş gelýär. Derýada endemik suw otlary hem bardyr. Ini 20 metr, uzynlygy 100 kilometrlik derýanyň dürli görnüşli reňkleri onuň içindäki otlaryň reňkine görä üýtgäp durýar. Ýagşyň köp ýagýan möwsüminde derýanyň suwy örän çasly akýar we bulanyk bolýar. Şol sebäpli derýanyň içindäki otlar Gün şöhlesini ýeterlik mukdarda almaýarlar. Emma ygally pasyl bilen gurak paslyň çalyşýan döwründe suwuň akymy ortaça bolýar

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda 9 aýda ulaglar arkaly söwda dolanyşyk $867,8 milliondan geçdi

2024-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygynyň möçberi 867,8 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatynda maglumat berildi. Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 780,6 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 87,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Türkmenistan “ITTC-2024” forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär

Türkmenistan 2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda ulag we üstaşyr geçelgeleri boýunça III halkara maslahaty we sergini geçirmäge taýýarlyk görýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.  “Belli” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guralýan çäre ählumumy logistika işiniň işjeň ösýän häzirki şertlerinde geçirilýär. 

Olýa — Türkmenbaşy deňiz gatnawynyň operatory kesgitleniler

Sebitiň Söwda we senagat ministrliginiň habar bermegine görä, öňdebaryjy ýük daşaýan kompaniýalar gämilerini bu ugurda ulanmaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Bu bolsa geljekde «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň üsti bilen ýük akymyny artdyrar. Täze ugruň açylmagy, Astrahan sebitindäki «Lotos» aýratyn ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkeziniň döredilmegine goldaw bermek üçin gönükdirilendir. Ol ýerde rus bazary üçin niýetlenilen türkmen harytlaryny saklamak we gaýtadan işlemek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

9-njy noýabrda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, berkarar Watanymyzda her ýyl ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine uly goşant goşýar we halkymyzyň özboluşly tebigatymyza bolan buýsanjyny artdyrýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

8-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.

Ýurdumyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi

10-njy noýabrda ýurdumyzda türkmen topragynyň sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginiň kenary esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.

Ulag pudagynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 119,1 göterime deň boldy

Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 119,1 göterime deň boldy. Ýanwar — oktýabr aýlarynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 103,3 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,3 göterime barabar boldy. Geçen on aýda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 102,8 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 154,5 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 114 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 114,6 göterime deň boldy.

«Amanullah Transport and Logistics» kompaniýasy halkara logistika hyzmatlarynyň bitewi toplumyny ýerine ýetirýär

«Amanullah Transport and Logistics» halkara ulag-logistika kompaniýasy 20 ýyldan gowrak wagt bäri dünýä bazarynda üstünlikli iş alyp barmak bilen, ýükleri hat-da dünýäniň iň çetki ýerlerine hem ygtybarly eltip bermegi üpjün edýär. Kompaniýanyň işiniň geografiýasy BAE, Hytaý, Hindistan, Merkezi Aziýa ýurtlary (Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan), Zakawkaziýe (Gruziýa, Ermenistan, Azerbaýjan), şeýle-de Russiýa, Germaniýa, Türkiýe ýaly we beýleki köp sanly ýurtlary öz içine alýar.

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Hytaý Halk Respublikasynyň Baş Gümrük müdirliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrük edaralarynyň hünärmenleri hem gatnaşdylar. Gullugyň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygynyň dowamynda Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň arasynda gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda kabul edilen Ähtnamadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde alnyp barylýan birnäçe meselelere seredildi.

Aşgabat ITTC-2024 Halkara maslahatyny we sergisini kabul etmäge taýýarlanýar

Aşgabatda Ulag we üstaşyr geçelegeleri boýunça III Halkara maslahaty we sergisi (ITTC-2024) geçiriler. Şu ýyl çäräniň durnukly ulagy ösdürmekde we pudagyň sanly transformasiýasyna ýardam etmekde möhüm ädim boljakdygyna garaşylýar. Belli E.S. kompaniýasy bilen bilelikde Ulag we kommunikasiýa agentligi tarapyndan guralan ITTC-2024 ählumumy logistika we ekologiýa durnuklylygy boýunça ösýän başlangyçlaryň merkezi boljagyna ynanylýar.

2024-nji ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu hakykat ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçen aýda geçirilen syýasy geňeşmeleriň, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki köp sanly duşuşyklaryň, işewürlik gepleşikleriniň, sergileriň, maslahatlaryň, medeni çäreleriň mysalynda-da öz beýanyny tapdy. 1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa we Kawkaz sebiti boýunça ýörite wekili Işikawa Masaki bilen duşuşyk geçirildi. Onda dürli ulgamlarda, sebit we halkara düzümleriň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň ähmiýeti nygtaldy.

Abu-Dabide Türkmenistanyň söwda, maýa goýum, işewürlik mümkinçilikleri boýunça forum başlandy

Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide “Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri” atly forum öz işine başlady. Ol döwlet we işewür düzümleriň wekillerini bir ýere jemledi. Forumyň esasy maksady Türkmenistanda işleýän kompaniýalaryň ýeten sepgitlerini görkezmek we ýurduň mümkinçiliklerini açmaga gyzyklanma bildirýän täze işewür düzümleri çekmek üçin amatly meýdança döretmekden ybaratdyr. Foruma gatnaşyjylar döwlet edaralarynyň, şeýle hem hususy pudagyň wekilleri bilen gatnaşyklary ýola goýup bilerler.

Bişkek 2025-nji ýylda türki dünýäsiniň sanly paýtagty bolar

Bişkek 2025-nji ýylda türki dünýäsiniň sanly paýtagty bolar. Bu barada Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparowyň Bişkekde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) XI Sammitiniň mejlisindäki çykyşynyň dowamynda belli boldy. Gyrgyzystanyň prezidentiniň belleýşi ýaly, respublika TDG-niň çäklerinde sanly integrasiýa işini çaltlaşdyrmaga çalyşýar.

Gazagystandan we Hytaýdan awtoulag arkaly ýük daşamalaryna bolan sargytlar birnäçe esse artdy

ATI.SU saýtynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň III çärýeginde Russiýa daşary ýurtlardan ýük daşamak üçin berlen sargytlaryň sany ýyllyk möçberde 68% göterim ýokarlandy. Bu ösüşe esasy itergi berenleriň biri Gazagystan boldy: Gazagystandan Russiýa ýük daşamak üçin berlen sargytlaryň sany «birnäçe esse» artdy (takyk sanlar barada habar berilmeýär). Artan isleg köp derejede Hytaý bilen söwda aragatnaşyklary bilen baglydyr: ýükleriň belli bir bölegi (ýörite tehnika, awtoulaglar, ilat tarapyndan sarp edýän harytlar) häzirki wagtda töleg meseleleri sebäpli Russiýa Federasiýasyna Gazagystanyň üstünden ugradylýar. Ýük daşamak isleginiň ýokarlanmagy bu ugurda tarif nyrhlarynyň ýyllyk möçberde 45% göterime çenli artmagyna sebäp boldy.

Milli terbiýede görelde mekdebi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň ýaşlary milli ruhda, sagdyn bedenli, ösen aň-düşünjeli nesiller edip terbiýelemek, olary dogry ýola gönükdirmek babatda nusgalyk ýol-ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Şöhratly taryhymyzdan mälim bolşy ýaly, türkmen halky ylma, bilime, döredijilikli zähmete sarpa goýup, adamzadyň maddy we ruhy gymmatlyklaryna özüniň mynasyp goşandyny goşup gelen, dünýä medeniýetinde öçmejek yz galdyran halkdyr. Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen, merdana halkymyzyň bu asylly ýörelgesi häzirki döwürde döwlet derejesinde mynasyp dowam etdirilýär. Ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde ata-babalarymyzdan miras galan asylly däpler, milli ýörelgeler häzirki döwrüň iň öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp, bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Türkmen halkymyzda “Akyl ýaşda däl, başda” diýen parasatly söz bar. Munuň özi milli terbiýäni has ir başlamalydygyny aňladýar. Ýaş çagalarymyzy, nesillerimizi başdan terbiýeli edip ýetişdirmek, olaryň aňyna diňe oňat häsiýetleri siňdirmek biziň borjumyzdyr. Çaganyň ýaşlygyndan ukyp-başarnygyna görä, ömri bilen ömürdeş boljak hünäri saýlamagynda ata-enäniň, mugallymyň tutýan orny uludyr. Höwesli, irginsiz, yzygiderli zähmet çekmek, işlemek arkaly hünär eýesi bolunýar. Käri, hünäri birkemsiz ele almakda halypanyň, ussadyň goldawy, öwüt-nesihaty, bilimi aýratyn

Federal gümrük gullugy gözegçilik işlerini awtomatlaşdyrmak üçin 33 geçelgäni goşmaça enjamlar bilen üpjün eder

2030-njy ýyla çenli Federal gümrük gullugy gözegçilik işlerini awtomatlaşdyrmak üçin 33 geçelgäni tehniki enjamlar bilen goşmaça üpjün eder. Bu barada Halkara gümrük forumynda Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary Denis Tereşenko gürrüň berdi. Hususan-da, ol ýerlerde agram-gabara ölçeýji toplumlary, radiasiýa gözegçilik ulgamlaryny, wagtlaýyn şlagbaumlary, awtobarlag we ýük ulaglaryny mejbury saklamak ulgamlaryny gurnamak göz öňünde tutulýar.

“Nvidia” tehnologiýa öndürijisi – dünýäniň iň gymmatly brendi

Düýbi Kaliforniýada ýerleşýän çip öndürijisi “Nvidia” kompaniýasy bazar bahasy boýunça “Apple” kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmatly kompaniýasyna öwrüldi. “Nasdaq” biržasynda “Nvidia” kompaniýasynyň paýnamalary sişenbe güni 2,84 göterim ýokarlap, her paýnama 139,91 dollara çenli ýokarlandy.

Täsin agaçlar

Ýylyň her paslynda dürli miwedir gök önümleriň bolşy ýaly, tebigy we howa şertlerine görä, Ýer ýüzüniň dürli ýerlerinde dürli hili jandarlar we ösümlikler bar. Olaryň käbirini hemişe diýen ýaly görýän bolsak, käbiri barada asla eşiden hem däldiris. Sebäbi dünýädäki ösümlikleriň we jandarlaryň görnüşi sanardan has kän. Şu sanymyzda köpümize mälim bolmadyk ösümlikleriň käbiri barada maglumat bermegi makul bildik. “Çörek agajy” – bu ösümlige latynça “artocarpus incisa non seminifera” diýilýär. Onuň ata Watany Ýuwaş ummanynyň kenarlaryndaky tropik sebitler hasaplanýar. Goşa-goşadan düwýän miweleriniň diametri 10-17,5 santimetr aralygynda, agramy bolsa 1,5 kilogram bolýar. Onuň ýapraklarynyň ululygy 25-50 santimetre barabar. Agajyň boýy 20 metre çenli bolup, ýylyň ähli paslynda miwe getirýär.