Türkmenistanyň Baştutany Merkezi Aziýada ulag hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň wajyplygyny nygtady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde Merkezi Aziýa sammitiniň dowamynda sebit ýurtlarynyň arasynda ulag hyzmatdaşlygynyň ösdürilemginiň wajyplygyny nygtady. “Türkmenistan häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýe bolmalydyr, has takygy, ony Ýewraziýanyň täze geoykdysady giňişligini kemala getirmegiň esaslarynyň birine öwürmek zerurdyr diýip hasaplaýar. Ulag we logistika bu strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.