"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi (TULM) Azerbaýjanda resmi wekilhanasyny açar

Degişli resminama Aşgabatda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatyň çäginde gol çekilendigi habar berilýär. Azerbaýjanyň «Caspian Logistics Solutions» kompaniýanyň TULM-yň resmi hyzmatdaşy bolup, Azerbaýjanda wekilhananyň hasaba alynmagyny we işlemegini guramak üçin jogapkär bolar diýip, report.az saýtynda habar berilýär. Taraplaryň arasynda gol çekilen resminama kompaniýalaryň gyzyklanmalaryna, hyzmatlaryna wekilçilik etmek, ýük daşamagy guramak we sebitde logistika çözgütleri bermek ugrundaky hyzmatdaşlygy öz içine alýar.

Halkymyzyň abadançylygy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksadydyr

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda içeri syýasatynyň strategik maksady «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgede öz beýanyny tapýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durnukly ösüşini üpjün edýän özgertmeler maksatnamalarynyň yzygiderli hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamalaryna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň 25-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy, Oba milli maksatnamasynda bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine

Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly türgenler! Ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan — Moskwa şäherleriniň aralygynda geçirilen awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça «Ýüpek ýoly — 2022» atly halkara ýaryşda, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Tä­ze gat­na­şyk­la­ra ba­dal­ga

Mä­lim bol­şy ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de ga­dy­my ýö­rel­ge­le­ri di­kelt­mek, baý mil­li mi­ra­sy aýaw­ly sak­la­mak, ola­ry yl­my esas­da öw­ren­mek we giňden wa­gyz et­mek Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä sa­na­wy­na hal­ky­my­zyň mad­dy we mad­dy däl me­de­ni­ýe­ti­niň gör­nüş­le­ri­ni we beý­le­ki des­ga­la­ry goş­mak ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy öňe sü­rüp, bu ugur­da­ky iş­le­ri yzy­gi­der­li do­wam et­dir­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na golaýda bolan döw­let sa­pa­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­na Sa­mar­kan­da ba­ryp gör­mek çä­re­si­niň go­şul­ma­gy­ aý­ra­tyn ma­na eýe­dir. Do­gan­lyk halk­la­ryň mil­li me­de­ni­ýet­le­ri­niň we däp­le­ri­niň umu­my­ly­gy, asyr­lar aşyp gel­ýän hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy hem­me­ta­rap­la­ýyn pug­ta­lan­dyr­mak, onuň maz­mu­ny­ny baý­laş­dyr­mak üçin pug­ta bin­ýa­dy eme­le ge­tir­ýär.

Bagt guşy

Ga­dym dö­wür­ler­den bä­ri adam­lar bagt hak­da köp pi­kir edip­dir­ler. Bagt gu­şu­nyň baş­la­ry­na gon­ma­gy­ny ar­zuw­lap, en­çe­me er­te­ki­ler­dir ro­wa­ýat­la­r döredilipdir. El­bet­de, ar­zuw­lar um­ma­ny «ma­wy as­man» ýa­ly giň hem ju­da owa­dan. Olar bagt­ly ýa­şa­magyň sy­ry­ny göz­läp­dir­ler. «Göz­län ta­par» diý­li­şi ýa­ly, ýa­şaý­şyň al­tyn tä­ji bo­lan, bagt­ly bol­ma­gyň syr­la­ry­na göz ýe­ti­ren da­na pe­der­le­ri­miz bu ba­bat­da öz ne­sil­le­ri­ne ne­si­hat­la­ry­ny aý­dyp gi­dip­dir­ler. Şol paý­has um­ma­nyn­da aý­dy­ly­şy ýa­ly, «Edep bi­len bagt ta­py­lar, sa­byr bi­len – tagt», «Tag­tym – bag­tym», «Suw – akan ýe­ri­ne, bagt – ba­kan ýe­ri­ne» ýa­ly aja­ýyp pä­him­ler şu gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýe­tip­dir.

Yk­lym­la­ry bir­leş­dir­ýän güýç

Türk­me­nis­tan oňyn Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we açyk­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ry dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len, se­bit­le­ýin hem-de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy dür­li gör­nüş­ler­de ne­ti­je­li ös­dür­mek ug­run­da çy­kyş ed­ýär.  Türk­me­nis­ta­nyň ulag stra­te­gi­ýa­sy uzak­möh­let­le­ýin hä­si­ýe­te eýe­dir. Şu mak­sat bi­len, ýur­du­myz söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy hö­wes­len­dir­mek bo­ýun­ça anyk ädim­le­ri äd­ýär, iri dü­züm­le­ýin tas­la­ma­la­ryň ba­şy­ny baş­la­ýar we ama­la aşyr­ýar. Bu di­ňe bir oňyn öňe­gi­diş­lik­le­ri hem ösüş­le­ri ga­zan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­mek bi­len çäk­len­män, şol bir wag­tyň özün­de döw­rüň ýü­ze çy­kar­ýan mö­hüm me­se­le­le­ri­niň hem­me­ta­rap­la­ýyn öw­re­nil­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. 

Şypahanadan şypa tap

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen yn­san­per­wer sy­ýa­sat­dan göz­baş al­ýan il-ýurt bäh­bit­li iş­ler ra­ýat­la­ry­myz­da çuň­ňur ka­na­gat­lan­ma duý­gu­la­ry­ny dö­red­ýär. Şeý­le iş­le­riň ha­ta­ryn­da yn­san sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, ra­ýat­la­ryň döw­re­bap dynç al­şy­ny üp­jün et­mek, uzak ömür sür­me­gi­ni ga­zan­mak ba­bat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da ýo­la go­ýul­ýan giň müm­kin­çi­lik­ler aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Hü­när us­sat­ly­gy — kä­mil­li­giň ke­pi­li

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň şu ýy­lyň 19-njy mar­tyn­da we­zi­pä gi­riş­mek da­ba­ra­syn­da eden çy­ky­şyn­da «Mil­li bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, ýo­ka­ry yl­my müm­kin­çi­li­gi bo­lan giň göz­ýe­tim­li, mak­sa­da ok­gun­ly, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry do­lan­dyr­ma­ga ukyp­ly, ýo­ka­ry hü­när­li, taý­ýar­lyk­ly ýaş­la­ry ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça äh­li ta­gal­la­lar edi­ler. Bi­lim ber­mek­de san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar giň­den ula­ny­lyp, uzak ara­lyk­dan okat­mak we mag­lu­mat­la­ry alyş­mak iş­le­ri ama­la aşy­ry­lar» di­ýip bel­leý­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry we ýö­ri­te or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň, ylym-bi­lim eda­ra­la­ry­nyň komp­ýu­ter­ler, dün­ýä de­re­je­si­ne la­ýyk gel­ýän tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edil­me­gi ne­ti­je­sin­de bu ugur­da uly ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ul­gam­la­ry üçin ýo­ka­ry bi­lim­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak ýa­ly wa­jyp we­zi­pä­ni üs­tün­lik­li ber­jaý ed­ýär­ler. Çün­ki ylym­ly-bi­lim­li ne­sil jem­gy­ýe­tiň ösü­şi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­ýär. Hut şu be­lent mak­sat­la­ryň ne­ti­je­sin­de, hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan­da hem­me­ta­rap­la­ýyn ösen, öň­de­ba­ry­jy til­si­mat­lar­dan baş çy­kar­ýan, yl­myň dün­ýä de­re­je­sin­de ga­za­nan­la­ry­ny ba­şar­nyk­

De­mir­ýol­çu­lar maş­ga­la­sy

Toýly agany köpler tanaýan bolsa gerek. Asyl olara demirýolçular maşgalasy hem diýilýär. Ata-ba­ba­la­ry­myz aras­sa, ha­lal zäh­met çek­me­giň her bir ada­ma eş­ret ge­tir­ýän­li­gi­ni «Çek­seň zäh­met, ýa­gar reh­net» di­ýen pa­ra­sat­ly pä­him­de be­ýan edip­dir­ler. Özü­niň bü­tin öm­rü­ni Wa­ta­ny­my­za, il-gü­nü­mi­ze hyz­mat et­mä­ge ba­gyş­lap, zäh­met­den bagt ta­pan bagtyýar maş­ga­la­sy bar. Ata-babaňdan gelýän asylly käri dowam etdirip, nesliňe geçirmek, elbetde, döwletlilikden nyşandyr. Toý­ly aga 1980-nji ýyl­da Or­ta Azi­ýa de­mir ýo­lu­nyň Aş­ga­bat ra­ýat des­ga­la­ry eda­ra­sy­nyň iş­çi­si bo­lup zäh­met ýo­lu­na ga­dam bas­ýar. Ýaş­lyk joş­gu­ny bi­len ruh­lan­ýan ýaş ýi­gi­diň oku­wa bo­lan hö­we­si ony Daş­kent şä­he­rin­dä­ki De­mir ýol ulag­la­ry­nyň in­že­ner­le­ri­ni taý­ýar­la­ýan ins­ti­tu­ta alyp bar­ýar. Oku­wa uly yh­las bi­len ýa­py­şan Toý­ly 1995-nji ýyl­da bu ins­ti­tu­ty üs­tün­lik­li ta­mam­lap, in­že­ner-me­ha­nik hü­nä­ri­ni ele alyp, «Türk­men­de­mir­ýol­la­ry» mü­dir­li­gi­niň de­po bo­ýun­ça no­bat­çy­sy we­zi­pe­sin­de işe baş­la­ýar.

Alys­lar­dan uzan ýol­lar

Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň köp şa­ha­la­ry we üz­nük­siz ta­ry­hy Türk­me­nis­ta­nyň ga­dy­my ta­ry­hy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» at­ly ki­ta­byn­da bu ýo­luň ýurdumyzyň çä­gin­den ge­çen eý­ýam­la­ry, onuň ýa­ka­syn­da­ky ker­wen­sa­raý­lar­dyr du­ral­ga­lar, söw­da-hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry ba­ra­da gym­mat­ly mag­lu­mat­la­ry be­ýan ed­ýär. Ki­tap­da nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň göz­ba­şy bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň­ki II asyr­dan baş­la­nyp­dyr. Dün­ýä­niň şol döwrüň me­de­ni-yk­dy­sa­dy ojak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ga­dy­my Hy­ta­ýyň mer­ke­zi we­la­ýat­la­ryn­dan göz­baş alyp gaý­dan bu ýol Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň üs­ti bi­len Or­ta­ýer deň­zi­niň gün­do­gar ke­na­ry­nyň ýurt­la­ry­na, soň­ra yk­dy­sa­dy we me­de­ni şä­her ha­sap­la­nan Ri­me ba­ryp ýe­tip­dir. Bu ba­ra­da hor­mat­ly

Ok­gun­ly ösüş­le­riň be­ýa­ny

Her bir döw­le­tiň ösü­şi­ni-öz­ge­ri­şi­ni ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler, ýe­til­ýän be­lent sep­git­ler, ra­ýat­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy kes­git­le­ýär. Kä­mil jem­gy­ýet­de ge­çi­len men­zil­ler­de ga­zy­ny­lan üs­tün­lik­ler gel­jek­de has-da tu­tum­ly iş­le­re ba­dal­ga bol­ýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap» at­ly ki­ta­by­nyň 14-nji to­mu­nyň türk­men, iň­lis we rus dil­le­rin­de çap­dan çyk­ma­gy döw­rüň kä­mil şah­sy­ýe­ti­niň tap­gyr­la­ýyn mak­sat­na­ma­la­ry­nyň be­ýa­ny­dyr. Ne­şir­de türk­men döw­le­ti­niň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň äh­li ugur­la­ry­ny şöh­le­len­dir­ýän 2020-nji ýy­lyň has mö­hüm ma­te­ri­al­la­ry­dyr ma­ka­la­la­ry ýyg­na­lyp, olar­da ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, dur­muş, ylym-bi­lim, me­de­ni­ýet ul­gam­la­ryn­da ama­la aşy­ryl­ýan düýp­li öz­gert­me­ler be­ýa­ny­ny tap­ýar. Tä­ze ne­şir giň maz­mu­na eýe. On­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» at­ly ki­ta­by­nyň, şeý­le-de 2020-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len «Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty we onuň hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­dä­ki äh­mi­ýe­ti» at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­tyň ähmiýeti şöh­le­len­

Ra­ýat awia­si­ýa­synyň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­

Berkarar döwletiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döwründe hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­li pu­dak­la­ryn­da hem-de içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sat­da giň ge­rim­li iş­ler do­wam ed­ýär. Ta­ryh üçin uzak bol­ma­dyk döw­rüň için­de halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, ho­wa ulag­la­ry pu­da­gyn­da hem uly ösüş­ler, be­ýik öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Abadan durmuş — bagtyýar geljek

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä gi­ňiş­li­gin­dä­ki at-ab­ra­ýy barha artýar. Ge­og­ra­fik taý­dan örän amat­ly zo­lak­da ýer­leş­ýän ýur­du­my­zyň ulag-üs­ta­şyr müm­kin­çi­lik­le­ri dün­ýä­niň goň­şy we alys döw­let­le­ri­niň ün­sü­ni bar­ha özü­ne çek­ýär. Ýur­du­myz­da sy­ýa­hat­çy­ly­gyň, ja­han­keş­de­li­giň bar­ha art­ma­gy, ra­ýat­la­ry­my­zyň daşary ýurt okuw mek­dep­le­ri­nde okamaklary, sy­ýa­hat­çy­lyk, ge­ze­lenç­ler, gul­luk sa­par­la­ry bi­len daşary ýurt­la­ra gat­naw­la­ry­nyň art­ma­gy ýur­du­my­zyň Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň iş­gär­le­ri­niň, hü­när­men­le­ri­niň öň­le­rin­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri­niň bar­ha art­ma­gy­na esas dö­red­ýär.

Hormatly Prezidentimiz Awazada täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

1-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň kenarynda täze döwrebap “Rowaç” kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu toplum «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş-şypahana düzüminiň üstüni ýetirdi. Soňky ýyllarda türkmen topragynyň bu ajaýyp künjegi tanalmaz derejede özgerdi. Deňiz kenarynda ak mermerli kaşaň myhmanhanalar, kottej şäherçeleri, ýaht-klublar, çagalar sagaldyş merkezleri, sport desgalary guruldy, dynç alyş seýilgähleri we ýaşyl zolaklar, emeli derýa döredildi. Bularyň hemmesi, şol sanda ulag we inženerçilik-tehniki düzümleriň desgalary-da öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de gurluşyk, binagärlik we bezeg ulgamlaryndaky özboluşly çözgütleri peýdalanmak arkaly, täzeçil çemeleşmeleriň esasynda bina edildi.

Türkmenistanyň «Elektron hökümet hakynda» Kanuny güýje girdi

Türkmenistanda 29-njy iýulda «Elektron hökümet hakynda» Kanun güýje girdi. Kanun «Türkmenistan» gazetinde türkmen, «Нейтральный Туркменистан» gazetinde rus dillerinde çap edildi. Täze Kanun 5 bapdan we 28 maddadan ybaratdyr. Kanun elektron hökümetiň işiniň tertibini kesgitleýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlaglary

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa we ähli tatar halkyna Bütindünýä tatar kongresiniň döredilmeginiň 30 ýyllygy hem-de onuň VIII gurultaýynyň öz işine üstünlikli başlamagy mynasybetli gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Bütindünýä tatar kongresiniň tatar halkynyň baý medeniýetini gorap saklamakda we ösdürmekde, dünýäniň ähli künjeklerinde ýaşaýan tatar halkynyň wekillerini ýakynlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belläp, häzirki VIII gurultaýyň hem tatar halkynyň medeni däpleriniň goralyp saklanylmagyna we ösdürilmegine aýratyn goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanynda Sanly tehnologiýalar gullugy dörediler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 29-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Halkara tejribä laýyklykda, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanynda Sanly tehnologiýalar gullugyny döretmek baradaky teklibi hödürledi.  “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Kanuna laýyklykda, bu ulgamda ygtyýarly döwlet edarasy hem-de onuň wezipeleri Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär. Onuň esasy wezipeleri bu ulgamda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny amala aşyrmakdan, Döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamakdan we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmakdan, elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezleriniň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny ýerine ýetirmekden, merkezleriň ygtyýarly şahslarynyň elektron sanly gollarynyň açyk açarlarynyň sertifikatlarynyň ýeke-täk döwlet sanawyny ýöretmekden, şahsyýeti anyklaýyş ID kart ulgamyny döretmek bilen bagly işlere gatnaşmakdan we beýlekilerden ybaratdyr.

Ýurdumyzda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty geçiriler

Şu ýylyň 15-16-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara forumy geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada 29-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimize Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi. Ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz iri halkara guramalar bilen özara gatnaşyklaryň çäklerinde ulag diplomatiýasy we bu ugurda sebitleýin, ählumumy derejede kabul edilen resminamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatdaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda maksatnamalaýyn işleri amala aşyrýar.

Derýa ulaglary arkaly şu ýylyň 6 aýynda 378 müň tonnadan gowrak ýük daşaldy

«Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti boýunça Türkmenistanyň halk hojalygy üçin zerur bolan ýükleri daşamak, gämileri we läbiksorujylary abatlamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Şu ýylyň başyndan bäri ýük daşaýjy gämiler we suw üsti ponton geçelgesi arkaly 378 müň 100 tonna halk hojalygyna degişli ýükler daşaldy. Munuň özi kärhana boýunça alty aýyň dowamynda diňe ýük daşamak boýunça 1 million 346 müň 700 manatlyk iş edilendigini aňladýar ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär. Häzirki wagtda «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Amyderýada Mukry – Türkmenabat ugry boýunça gurluşyk işleri üçin zerur bolan inert materiallaryny, Garagum derýasynda hem Topurkak – Zeýit ugry boýunça bugdaý daşamak işleri amala aşyrylýar.

Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasynda ulag arkaly söwda-haryt dolanyşygy artýar

Şu ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda-haryt dolanyşygynyň oňyn özgerýändigini görmek bolýar. Bu babatda statistik maglumatlara laýyklykda, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 19,3% ýokarlanyp, söwdanyň umumy möçberi 112,5 million ABŞ dollaryna deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwründe bolsa ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygynyň netijesi 94,3 million ABŞ dollaryna ýetipdi.