Gadym döwürlerden bäri adamlar bagt hakda köp pikir edipdirler. Bagt guşunyň başlaryna gonmagyny arzuwlap, ençeme ertekilerdir rowaýatlar döredilipdir.
Elbetde, arzuwlar ummany «mawy asman» ýaly giň hem juda owadan. Olar bagtly ýaşamagyň syryny gözläpdirler. «Gözlän tapar» diýlişi ýaly, ýaşaýşyň altyn täji bolan, bagtly bolmagyň syrlaryna göz ýetiren dana pederlerimiz bu babatda öz nesillerine nesihatlaryny aýdyp gidipdirler. Şol paýhas ummanynda aýdylyşy ýaly, «Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen – tagt», «Tagtym – bagtym», «Suw – akan ýerine, bagt – bakan ýerine» ýaly ajaýyp pähimler şu günlerimize gelip ýetipdir.