Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
30-njy iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, ýakyn geljek üçin ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini has-da kämilleşdirmek meseleleri girizildi. Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi, ol şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde geçirilen işler, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, esgerleriň we serkerdeleriň mynasyp gulluk etmegi üçin talabalaýyk şertleri döretmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Milli goşunyň ähli düzüm bölekleriniň işini kämilleşdirmek, harby ulgamda iň gowy dünýä tejribesini özleşdirmek hasabatda beýan edilen aýratyn mesele boldy.